Terjimeçi
Diri ölüler / hekaýa
6 minut alar
DIRI ÖLÜLER
Guşlaryň agaç ýapraklarynyň astyna gizlenen, adamlaryň kölege ýerlere bendi bolan, asfalt ýoldan howur göterilip ýakyp-ýandyryp barýan yssy bir gündi. Durkumy göwni çökgünlik eýeläpdi. Ýüregimde bir sanjy bardy. Göýä döşümdäki gapyrgalarym döwlüp ýüregime sünjülýän ýalydy. Daşary örän yssydy, aslynda gidere bir ýerim, söhbetdeş bolara bir adamym ýokdy. Adatça zyýarata gidip, kämahal esli wagt oturyp pikirlenýän gonamçylygym bardy. Ýene-de şoňa gitmeli diýen pikire geldim.
Gonamçylygyň içinde san-sajaksyz adamyň bolmagyna garamazdan eşidilýän ýekeje ses guşlaryň sesidir. Adamy rahatlandyryjy bu ses göýäki çuňňur bir mana eýe bolup bir zatlar aňlatmaga synanyşýan ýalydyr. Daşarydaky adamlaryň sesleri, gulagy kamata getirýän ulaglaryň sesleri, kafelerde ýaňlanýan aýdymlaryň birahat ediji sesleri... Barçasy gonamçylyga gireniňde sem bolýar. Misli ortada başga bir dünýä geçelge bar ýaly, adamda bir dünýäden özge dünýä geçen ýaly duýgy döreýär. Adatça bärsi sessiz, ümsümlik bolýar, ölüleriň ýaşaýan dünýäsine diriler känbir gelmeýär. Kim bilýär, ähtimal ölülerden gorkýandyklary üçin, ýa-da ölümden gorkýandyklary üçindir.
Üstümdäki köne eşiklerimi çykaryp, arassa, ütükli eşiklerimi geýindim. Öňden gelýän attardan alan hoşboý ysly müşkymy sepinip öýden çykmazdan ozal ýene bir sapar aýna garadym, nämede bolsa, öli bolsalarda müňlerçe adam bilen görüşmelidim...
Öýden çykyp ýola düşdüm. Kiçi köçelerden geçip esasy ýola çykdym. Uly ýola çykamsoň goh-galmagal al-asmana galyp başlady. Ulaglardan eşidilýän batly aýdym sesleri, kafelerden çykýan aýdym sesleri bilen goşulyp, adamlaryň we matorlaryň sesini basypdy. Uly ýolda çalt-çalt ýöreýän adamlaryň alňasawuk ýüzlerine garadym. Herkim bir ýere çaltyrak ýetjek bolup alňasaýardy. Adamlar şonça mähelläň içinde hem gürleşmekden saklanmaýardy, biri-birine aýdýan sözüni eşitdirmek üçin belent ses bilen gürleýärdiler. Saklanyp, adamlary geň galyp synladym. Bir giden adamyň arasynda bolamsoň kelläm agyrdy. Duran ýerimde adamlara seredip gipnoz bolan ýalydym. Alňasap ýöreýän adamlaryň birnäçesi maňa gelip kaklyşansoň özüme gelip ýoluma dowam etdim.
Adamlar tarapyndan diňlenýändiris öýdýän ýaşlar (edil ýeterlik galmagal ýok ýaly) her üç ýüz metrde bir topar gurap, saz gurallary bilen aýdym aýdýardylar. Bu ýaşlary diňlemek isleýänler ýanlarynda halka döredip durýardylar. Diňlemek islemeýänler bolsa az-owlak säginip öz ýollaryna rowana bolýardylar.
Gonamçylyk öýümden gaty bir uzagam däldi, emma howa yssy bolansoň awtobusly gitmekçi boldum. Duralga bardym. Bir topar adam duralgaň kölege tarapynda üýşüp awtobusa garaşýardy. Olaryň arasynda bogulanymdan günüň astynda derlänimi gowy görüp garaşmaga başladym. Az salymdan soňra awtobus geldi, ýöne awtobusyň içine seredip, seretmänkam ýüregim gysdy, kellämdäki agyry maňa duýduryş berdi. Awtobusyň içi hyryn-dykyn doludy. Gapy açylyp-açylmanka adamlar, garynjalar hinine girenlerinde biri-birini ezip, ýenjip girişleri ýaly awtobusa münmäge synanyşdylar. Bu ýürek gysdyryjy manzary görmedik kişi bolup ýoluma dowam etdim. Az goh-galmagally kiçi köçeleriň kölegelerinde gonamçylyga tarap barýaryn. Giren köçämdäki jaýlar hususydy, birnäçesi terk edilendi. Ýaşuly bir adam gözüme kaklyşdy. Gapysynyň öňündäki saýa namazlygyny ýazyp namaz okaýardy. Uzyn ýeňli ak köýnek, onuň astyndan çal reňkli nah matadan dikilen juda giň futbolka geýipdir. Bili bukulyp, saç-sakaly agarypdyr. Bir ädim äderede mejaly ýok ýaly görünýärdi, emma oňa garamazdan, kynlyk bilen bolsa hem namazyny uly üns bilen, hyjuwly okaýardy.
Ahyry gonamçylyga bardym. Wagtlaýynçada bolsa, kelle agyrymdan dynyp, rahat, ses-sedasyz ýerde, zyýansyz adamlar bilen hal-ýagdaý soraşmakçydym. Kakamyň çagalygymda aýdan sözi ýadyma düşdi:
"Ölülerden hiç mahal zyýan ýetmez oglum, iň ynamly ýer gonamçylykdyr"
Çyndanam bu dogrudy. Adam muňa, adamlardan zyýan çekensoň düşünýär. Sag aýagym bilen gonamçylyga girip barýarkam pessaýja ses bilen:
"Esalamu-aleýkum eý ehlel kubur" diýip salam berdim.
Heniz ilkinji ädimimde eýýam başga bir dünýä düşenimi, ýaňyjada kellämi edil syçan kimin gemirýän sesleriň bir salymda ýom-ýok bolandygyny duýdum. Ilki bilen gonamçylyga birlaý göz gezdirdim, garaşyşym ýaly hiç-hili janly jemende ýokdy.
Gözi ýolda ýatan ölüleriň ýakynlaryna garaşýandygyny duýan ýaly boldum, ýöne töwerekde diňe men bardym. Ölenleriň dirileri unutmadyk bir wagtda, dirileriň ölenleri ýatlamazlygy nähili gynandyryjy ýagdaý. Öz-özüme adamkärçilik şulmy diýdim. Ýaşamakmy bu? Aslynda biz ölüdik, ölenler bolsa ýaşaýardy.
Gabyrlaryň arasyndan geçip barýarkam göz öňümde aradan çykan ýakynlarymyň ýüz keşbi janlanýardy. Gowy adamlar bolup ýaşandyklaryny bilýärdim ýöne şu wagt oýlanyp göremsoň aslynda gowy däl has gowy adamlar eken diýýärin. Öňki adamlar göz öňüme gelýär, sesleri gulaklarymda ýaňlanýardy. Bakyşlary kirpiklerimden geçip göz öňümde janlanýardy. Bir hyýal ýaly göz öňümde durýardylar. Ähtimal ölmek arkaly iň dogry ýoly saýlandyrlar. Bary-bir ne olar bu hapa döwürde ýaşap bilerdiler, ne-de bu döwür olaryň päkligine döz gelip bilerdi.
Gabyrlaryň arasynda ýöreýärkäm hemişeki endigime görä gabyr daşlaryny okap başladym. Ilkinji synlan gabyr daşym maňa ölümiň ýaş saýlamaýandygyny görkezdi. Gabyr Mert atly bir çaganyňkydy. Dogulan senesi 06.07.2007-di, aradan çykan wagty bolsa 22.01.2010-di. Üç ýaşynam doldurman bakiýete uçan bir perişde. Ene-atasynam tanaman jennete göç eden perişde. Kiçijik gabyrynyň üstüne goýulan iki sany gül bilen agaja daňylan şar ýüregimi dilim-dilim etmäge ýetipdi. Kim bilýär, ähtimal ejesi oglum oýnasyn diýip goýandyr.
Edil gapdalymdaky uly bir gabra gözüm kaklyşdy, bärde Nedim atly biri ýatyrdy. 01.01.1940-nji ýylda dogulyp, 10.02.2015-nji ýylda aradan çykypdyr. Belli boluşy ýaly öňki adamlardandy... Gabry haýbatly durýardy, edil ruhynyň haýbaty gabrynda şöhlelenýän ýalydy. Ömüriniň dowamynda näçeden näçe dostlary bolandyr. Bir giden ýatlamalary: näçe şatlykly, näçe gamly günleri bolandyr. Nähili kynçylyklar çekip, näçe-de kösençlikler görendir. Bir topar adam yzyndan haýyrly dogalar okandyr. Esasy zadam şul dälmi eýsem? Dünýeden öteňde yzyňda birnäçe gowy dost, haýyr dogasyny etjek birnäçe adam galdyrmak... Öleniňden soňra seni ýatlajak adamlaryň bolmagy, ýatlanlarynda ýylgyryp, seni göresleriniň gelmegi...
Pikirlenip durkam aýak seslerini eşitdim. Ikindi namazyna golaý birini jaýlajak bolýarlar öýdýän. Jemagat maňa ýakynlaşýardy. Jemagata goşuldym. Aradan çykan erkek adamdy. Gabyrynyň töweregi gül desselerinden doludy. Jynazada müňlerçe adam bardy, merhum at-abraýly adam bolan bolmaly. Ýanymda pyşyrdap gürleşýän bir topar adamdan merhumyň meşhur telekeçi we ozal deputat bolandygyny eşitdim. Habarçylar kameralary bilen surata alýardy. Adamlaryň köpüsi gara penjek geýip, gara äýnek dakynypdylar. Jynaza gelen bu müňlerçe adamyň näçesi ýürekden, Allahyň razylygyny gazanmak üçin geldika? Namaz okalanynda ymamyň soragyna "Halal bolsun" diýen bu jemagatyň içinden näçesi ýürekden aýtdyka? Merhum gömülmek üçin taýýarlanýarka, topar-topar bolup garaşýan adamlar öz aralarynda futbol, syýasat, ekenomiýa ýaly dünýewi temalarda gürleşýärdiler. Merhum gabra goýulyp üstüne toprak atylansoň, öz-özüm pikirlenip başladym. Merhum örän baý telekeçi, ondan ozal deputat bolupdyr. Çäksiz mal-mülki bardy. Syýasy güýji, haýbaty bardy ýöne olaryň hiç-haýsy Ezraýylyň elinden halas edip bilmedi, gysgasy olaryň hiç-haýsynyň ahyrýetine peýdasy bolmady, sebäbi barçasyny bu dünýäde galdyrypdy. Ýaşyýyşynda jomart boldumyka, pulyny haýyrly işlere sarp etdimika? Syýasy güýjini gowy amallara ulandymyka? Kim bilýär, belki gowy adam bolandyr, belki zalym bolandyr, ýöne ýekeje hakykat bu dünýäniň onuň üçinem wagtlaýynçadygydy.
Merhum gömülensoň ol bir giden mähelle, az salymda, çalt ädimler bilen ýitirim bolup başlady. Gabryň ýanynda diňe doga okap duran ymam bilen gözi ýaşly bir zenan galdy. Beýleki adamlar hiç zat bolmadyk ýaly çalt-çalt ýöräp ulaglaryna münüp gitdiler. Ýaňyjada diňe bu ýerde görünmek üçin gelen adamlar ne merhuma gynanypdy ne-de merhumyň ýakynlaryna sabyr diläpdi. Ymamam dogasyny okap bolup gitdi. Aglap oturan zenanam ýene-de biraz wagt aglansoň özüne garaşýan ulaga münüp gitdi. Aradan çykan adam ýeke galypdy. Öz özüme ine bu dünýä şeýle ýer diýdim. Hany bu adamyň dost-ýarlary, yzynda ylgap ony beýgelden adamlar nirede, hany maşgalasy...
Bu dünýäde adamlar diňe sizden gelýän peýdany söýýär, ölen adamdan hiç kime peýda ýokdugyny juda gowy bilýärler.
Ahmet Furkan DEMIR
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI