Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Dil guralmy? Hünärmi?

2 minut alar

Dil näme? Ony näme hadysa hökmünde göz öňüne getirip bolar? Eger-de çagalar ene- atalarynyň dilini ulanýan bolsalar, nesilden-nesile geçirseler, dil biologik hadysa bolardy. Sebäbi diliň özi bütin adamzadyň ömri bilen baglanşyklydyr.Ýöne oýlanyp görsek, çagalar ene-atalarynyň dilini miras almaýarlar,olar daş töweregindäki adamlaryň dilinde gürläp başlaýarlar. Dil adamyň duýuş synalarynyň biri bolsa-da ol adamyň aňy bilen özara baglanşyklydyr, sebäbi aňladylýan düşünjeleri diňe söz bilen düşündirip bolýar.”Söz akylyň şaýadydyr”. Akylsyz kişi akylsyz sözlär, akylly kişi akylly sözlär. Akyl nämäni buýursa dil şony diýer. Dil haçan ýüze çykdy? Ilkidurmuş adamlar öz aýtmak isleýän zatlaryny üm bilen biri-birine düşündiripdirler. Ilkidurmuş gatnaşyklary dargandan soň bolsa jemgyýetiň arasynda ýokary we aşaky gatlaklar peýda bolup her gatlagyň özbaşdak dili peýda bolupdyr. Öň taýpa bolup ýaşan adamlar dürli ýerlere ýaýrapdyr we diliň hem ulanyş ýaýrawynyň giňemegine getiripdir. Dil guralmy? hünärmi? Dil bilmek bu üstünlige barýan ýoluň ugrundaky gapylaryň açarydyr.Dil ilkinji nobatda guraldyr, ol hünär hem bolup biler. Islendik adam öz meşgullanýan käriniň dilini bilmegi zerurdyr, mysal üçin inžener öz ugrundan iňlisçe bilse, ýa-da bolmasa žurnalist öz makalasyny birnäçe dilde ýazmagy başarsa bu uly üstinlikdir onuň guralydyr. Diliň lingwistiki aýratynlyklaryny, onuň grammatikasyny ýörite filosoflar öwrenýär. Olara dili öwrenmek hünärdir.Şonuň üçin dil bilýän diýip diňe mugallym, filosof ýa-da terjimeçi bolmagyň zerurçylygy ýok, esasy zat öz hünäriň dilini bilmeli. Iň köp dil bilýän adam iň baý adam. Biziň ýaşaýan häzirki gurşawymyzda iň köp dil bilýän adam iň baý adam hasplanylýar.Muňa kiçiräjiik mysal getireliň; Öň bir ispan adam amerikada hazynan gözlegine düşipdir onuň ýerleşýän ýerini diňe şol ýeriň ýerli adamy aborigen bilýän eken, emma onuň diline düşünmeýänligi sebäpli terjimeçi alp gitmeli bolýar. Baryp “şol hazynaň nirededigini aýtmagyny soraýar”, terjimeçi oňa aýtýar. Ol jogap berýär “men ol hazynanyň ýerini näme üçin aýtmaly size” Ispan onuň barmagyny çapýar: “eger hazynan ýerleşýän ýerini aýtmasa onuň kellesini aljakdyny, öldürjekdigini” aýtýar, terjimeçi bolşy ýaly oňa aýtýar. Ol hazynan nirede ýerleşýänini aýtýar, ýöne terjimeçi ol adama şeýle diýär “meni öldürip bilersiň hazynan ýerini size aýtjak däl”. Ispan aborigeni öldirýär, netijede terjimeçi hazynan nirede ýerleşýänini bilýän ýekeje adam bolup galdy we hazynany özi alýar. Ine dil bilmegiň gudraty.
116 |
|