Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Derman / hekaýa

3 minut alar

 

Ilkinji kitaby neşir edildi.

Otlanlaryny hasaba almaňda 20 ýylyň zähmeti.

Owal-a ýazmak – dert.

Okalmagy ondanam beter.

Indem munça ýyllyk yhlasy wysal bolansoň, egsilmekden geçen, derdi goşalandy: “okalarmy, okalmazmy...”.

Beýleki tarapdanam begenjinden ýaňa içini it ýyrtýar.

Daşyndan jinnekçe syr bermezlige çalyşýar. 

Irräkden endik edilen “öz şatlygyňy özüň zäherlemek” edähetini aýagaldygyna “işledýär” (çünki, nijema gördi: bagtly adam akmak görünýär). 

Şeýdibem ýüzüni, şobir “şortumşuk režimde” saklamaga dyrjaşyp, şunça jan çekýär.

Emma, barybir, gursagynda giden heýjaneleklik.

Awtora neşirýatdan mugt berilýäniň ýekeje ekzemplýardygam bir ketje – kitap dükanyndan pulunyň ýetenini aldy. Birini gaýdyşyn dostuna “serpaý” ýapdy.

Daşyndan-a biparh, içindenem sadylla.

Sabyrsyzlyk bilen reaksiýasyna garaşýar.

Sebäbi ol oňa müjüllikden belet – ýaňybir “ýörjen-ýörjenem” däl, “emedek-emedek” ýazyp ugranda, birinji okyjysam, syrdaşam, bulam-bujar, “eýes-ä habar ýaly, habaram sypat ýaly”, öwrenje tekstleriniň diri, dilli “lakmus kagyzam” şol boldy.

Onsoň şo düşünmän, kim düşünsin-aý?!

Üstesine-de ikisem indi, tüýs “düşünmek” ýaşynda – kyrka golaýlap gelýä – adamyň haýwanjyk halda doglup, ynsan bolup ölmäge tarap dowam edýän ömürlik ýolunda, ýaňyja dähedem-dessemläp başlan, çigbeýni gögele däl.

Dosty, heniz çaphanaň ysam gitmedik lowurdawuk kitaby aldy. Gatynam açman, göýä, oň näçe kile çykjagyny ölçerýän dek saldarlap gördi-de, diýdi:

-Onnoň dos, muňa näçe berýäler?...

Dymdy.

Üç ýa dört sekunt.

Soň ýuwdunyp, bogazyna tegek bolan nämedir bir zady ýuwutdy-da, jogap berdi:

-Äý, öň-ä muň üçin üýtgeşik zat berlenokdy. Indem şu ikarada üýtgemäge ýetişäýen däldir-laý...

 

***

 

Adam pahyryňky hemişe-de hantamaçylyk bilen.

Kitabynyň ýene birini kitaphon tanşyna sowgat berdi.

“Dagy nä?

Kim okamasa-da şol-a okar.

Okabam, iň bolmanda halamasa, halamandygyn-a aýdar, gysganmaz” diýen körje umydam kellesinde köwsar.

...Tanşyndan esli wagt habar-hatyr bolmady.

Dogrusy, saý-sebäp bilen gabatlaşýalaram, gürleşýälerem.

Ýöne, kitaby hakda ol-a agzanok, bu-da soranok.

Bir gezegem şol tanşy çaklaňrak “gel-bäri” etdi-de, myhmançylyga bardy. Saçak ýazylan otagyň diwary durşuna kitaply tekje – arasynda oňkam ýalpyldaýar. 

Biygtyýar şoňa ýakynrak oturdy. Töweregindäkileň gürrüňe gümralygyndan peýdalanyp eline aldy.

Şo täzejeligine dur eken...

...janawer (gowy saklanypdyr).

Waraklajak bolsa, bitişik sahypalary açylmady.

Beýnide-de däl. 

Ýürege ýakynrak bir ýerde.

...ynjyly, lapykeç hümmüldi emele geldi: “Okyjyda nä günä?”.

 

***

 

Şondan bäş-alty ýyl soň iş ýerinden çykyp barýardy.

Nobatçy esger, stoluň başynda ýapyrylyp, kitap okaýar.

Dünýeden bihabar – alnyndaka boýyn çümüpdir.

Özüniň şeýdip, öňündäki setirlerden özge barça barlygy undup, soňuna çykmaga takatsyzlykdan ýaňa hopugyplar okaýan çagalygy, jahyllygy ýadyna düşdi.

“Ýeke özi hezil edip otyr-aý!” diýip, gözi gitdi.

...özi indi, nämäni, näçe şeýdip, setir deňzinde lagar düşen läheň deý gark bolup okaýyn diýse-de, başaranok (ýaşaldygysaýy, ruh, ölemen hyýalbentden barypýatan buhgaltere öwrülýän bolmaly).

Ýöne her niçigem bolsa, entegem kitap görse durumy ýok. 

Esgere ýakynlanda, gelşiksiz bolsa-da, gözüni gyşardyp, haýsy kitaby okaýandygyny saýgarmaga synanyşdy.

Okala-okala, elden-ele geçe-geçe daşky sahaby soýlup, tüýdülip gidipdir. Sahypalaram ilkibaşky çaphana tikiminden sökülip, pytrapdyr. Ahyrynam, başbitin weýran bolmaz ýaly, kendir ýüp bilen birki ýerinden tagaşyksyzdan howul-hara ýörmelipdir – kitap janawere dözer ýaly däl – gözgyny görnüşine nebsiň-janyň agyrýar.

“Muny edäýişlerin-aý!” diýip, kitabyň peçan halyna gatyrganyp, ýeke dem sägindi-de, esgeriň üstaşyr çiňerildi.

Dessine-de tanyş setirlere gözi düşüp, ýüregi jigledi.

...Jyňkyny çykarman, geçip gaýtdy.

Süňňünde-de şeýlebir ýeňillik.

Teni tenem däl – bugaryp barýan demjagaz.

Kellede refren.

169 |