Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jurnalist

Depeler

1 minut alar

«Il aglak bolsa, doňuz depä çykar» diýilýär. Türkmen bu nakyly ata-baba aýdyp gelýär. Ol köne döwürlerde beýleki halklara görä beýle bir aglak – azlyk bolmany üçin şeýle nakyl döretdimikä? Belkem, şeýledir. Taryhda azlyk belasyna duçar bolup, ýitip giden halklaram az däl. Emma azlygyň hiç hili kär etmedik halklary hem ýok däl. Muny häzirki wagtda dünýäni aldym-berdime salýan kapitalizmiň hereketlendirijisi bolup oturanlaryň halkyýet hökmünde juda azlykdygyny hemmämiz hem bilýäris. Garaz, meniň pikirimçe, il aglak bolmaly däldir hem welin, ýöne iň esasy zat, il – sowatsyz bolmaly dälmikä öýdýärin. Sebäbi diňe gazykdan ýöretme ynsanlaryň sany köpeldigiçe doňuzlaryň hor-hory artyp ugraýan bolmaly. Bu ýagdaýy tersinden alyp görseň hem ýene üýtgeýän zat ýok. Eger sowatsyzlyga göz-görtele ýol berilýän bolsa, adamlara islendik zadyň hakykaty – ylymy öwredilmän, diňe çaga aldan ýaly gyrajygy, bir uçjagazy görkezilip oňulýan bolsa, diýmek, şol ýeriň  «depesi» hökman doňuzlaryň agalygyndadyr. Galyberse, «Doňuzdan tokly dogmaz» diýlişi ýaly depeleriň ählisiniň depelik häsiýetini ýitirip, «fermalara» öwrüljegini, öwrülýändigini ýatladyp oturasy iş ýok bolsa gerek.

42 |