Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

MS biofizika

Damja 5 – Umman gary

3 minut alar

 Üýşüp ýokary galmana dowam etdik. Indi hasam ýagtylypdy töwerek. Her hili balyklar, akulalar, meduzalar gördük. Diýseň gyzykly geçdi. Ýene biraz ýüzüberdik welin suwuň ýüzüne ýakyn ägirt giň ýaşyllyk gördük. 

-Baýbowww bularyň owadandygyny – haýranlygymy gizlejek bolup durmadym. Bilgirjämiz haýran galanymy görüp ýene bat alyp gürläp başlady.

-Bulara fitoplankton diýilýär. Öňler birnäçesi bilen duşuşypdym gaty mylaýym jandarlar. Ýagty bilenem aralary gowy bularyň haçan görseň suwuň ýüzüne golaý.

 Bu sözler meniň ünsümi çekipdi. Kim ýagta has golaý bolsa hökman olar bilen gürleşmelidim. Howlugym fitoplanktonlaryň ýanyna gitdik. Hal-ahwal soraşanymyzam şol, göni ýagty barada sorap başladym. Olam aýyplaşyp durmady. Bilesigelijiligimi göreninden gürrüň berip başlady. 

-Biziň näme üçin şeýdip ýaşyl öwüsýänimizi bilýäňizmi? – meniňä bermäne jogabym ýokdy, bilemokdym, ýöne ara kän wagt salman özi dowam etdi – Biz fotosintez ýerine ýetirýäris. Ýagny biz ýagtylykdan iýmitlenýäris. Biz muny etmesek ýaşap bilemzok. Biz ýagtylyga mätäç. Şonuň üçinem suwuň ýokary tarapynda ýaşaýarys. Ýokary tarapda ýaşamagymyzyň ýene bir sebäbi hem bärde azodyň känligi. Umman tolkun atanynda, balyklar bat alyp suwuň ýüzüne çykyp bökeninde howadaky azot minerallary, kömürturşy gazlary suwda çözülýär. Bizem şondan iýmitlenip üstüne-de ýagtyny goşup kislorod ýasaýarys. 

-Diýmek ýagty sizi iýmitlendirýärdä? – men hiç haçan ýagtynyň iýmit bolup biljegi barada pikir etmändim. Meni bilesigelijiligim arkaly hereketlendiripdi ýöne başga jandarlary göni iýmitlendirmek arkaly hereketlendiräýýän eken. Içimi okap oturan ýaly dowam etdi.

-Eýsem näme, ýagty diňe bizi iýmitlendirenok ahyry. Ol hemmämizi iýmitlendirýär. Hanha hool läheňi görýäňizmi? Nähili uly şeýle dälmi? Ana şol biziň ýagty ulanyp çykarýan kislorodymyzdan dem alýar. Şol bolmasa ol hatda hereket hem edip bilmeýär. – aýdýan zatlaryny diýseň buýsanç bilen aýdýardy. Ýagty bilen ýakyn aragatnaşykda bolanlar köp iş bitirýän ekenler.

-Onsoňam biziň kän bir ömrümiz ýok. Birnäçe günden artyk ýaşap hem bilemzok. Ýa zooplanktonlar iýýär, ýa-da öz ajalymyza ýok bolup gidiberýäris. Ýüzüňizi sallap gynanyp oturmaň. Dogrusy bir bada bu hakykat maňa-da gaty agyr degdi. Ýöne indi kän bir oýa batyp duramok. Men az ýaşaýan, ýöne peýdaly ýaşaýan, haýyrly ýaşaýan. Nähili ýaşasaň şeýle-de ölersiň diýileni. Fitoplanktonlar ölenlerinde-de peýdasyz gidiberenoklar. 

-O nähili? Ölümden soňam peýdaňyzy ýetirip bilýäňizmi?

-Hawala, dagy näme. Muny aýtmak birhiljegem bolsa tebigatyň düzgüni şeýleräk işleýärdä näme edeýin. Hanha hälki läheňi görýäňizmi? Ana şol häzir hajatyny suwa goýberer. Ýöne alada etmäň biziň oň bilen işimiz ýok. Ýöne ölen fitoplanktonlaň işi bar. Olar şol hajata ýelmeşip aşak çökmek bilen bolýarlar. Üstesine-de diňe bir özleri ýelmeşmän epesli kömürturşy gazyny hem bilelikde ýelmeşdirip aşak tarap alyp gidýärler. 

-Onsoň onuň haýyrly tarapy nirede? – diýip soradym, saklanyp bilmedim, nejasatdanam bir haýyr bolarmy diýip pikir edipdim.

-Deňiziň üstünde howada köp mukdarda kömürturşyň bolmagy zyýanly. Bu sebäpli howalar gyzyp bilýär. Deňizlerde sazlaşyk bozulýar. Ummanyň düýbine çökermesek deňizleriň turşylygy artýar.

-Elwan balyjagyň öýsüz galmagynda kömürturşyň täsiri bar ekendä diýmek. Diýmek siz şunça wagtlap olara kömek edipsiňizdä. Wi onda okeanyň düýbine çökýän akja zatlaram şolar bolýada?

-Edil özi, şol umman garlary bizden emele gelýär. – indi çyndanam dünýäm ýagtylypdy.

13 |