MS biofizika
Damja 3 – Ýol we ýoldaş
3 minut alar
Salawmaleýkim, ýene men geldim. Ara gaty köp wagt salanymy bilýärin. Sizden ötünç soraýaryn. Beýle köp wagt görünmezligimiň elbetde bir sebäbi bar. Siziň öňüňize bahanasyz çykmak biderejik bahanaly çykmakdan has aýyp bolardy, şeýle dälmi? Şunça wagtlap gözden ýitenimiň esasy sebäbi ýolda bolanlygym.
Ýadyňyza düşýän bolsa ýokary çykmak üçin iki sany zadyň esasydygyny bilipdim – süýjemek we ýylamak. Ikisi hem içki dünýäm bilen baglanşykly meseleler bolmagyna garamazdan, olar meniň daşky dünýämi hem örän üýtgetdi. Çyndanam ýuwaş-ýuwaş ýokary galyp başladym. Galyp başladygymça ýene bir zada göz ýetirdim. Meniň ýaly ýolagçy az däl eken. Ýeke däl ekenim okeanyň düýbinde. Menden başga-da bilesigeliji kän eken. Belkem olar ýagtynyň yşgynda-da däldir. Menem başda ýagtynyň yşgynda bolup niýet etmedim ahyry. Bir balygyň öçügsi ýagtysyna gören zatjagazlarymyň yşgyna düşüpdim. Her ýolda göreniňe ýoldaşdyr öýtmelem däl eken garaz. Herkimiň niýeti dürli-dürli bolaýýan eken. Onda-da her ýola düşýän adamynyň iň bolmanda özüne görä niýeti bolýar-da, edil niýetsiz maksatsyz gezip ýöreniňdenä gowudyr. Beýdibem gezdik wagtynda.
Niýetlerem diňe görnüşine görä üýtgäýenok eken. Hyjuwyňa görä-de tapawut edýän eken. Her damjanyň niýetiniň depgini deň bolmaýan eken. Galyp başladygymça “Ýagty-ýagty” diýip ýören damjalara hem duşdum. Ilki bada men bularça ymtylyp bilermikäm diýip özüme göwnüm ýetenokdy. Ýöne hemmesi ýokary gelmäne gaýrat edip bilmediler. Saman ody ýaly parlap sönenler kän boldy. (Okeanyň astynda saman oduny nirden bilýäň diýmäň, eşidipdim özä bir ýerlerde.) Niýet diýilýän zadam gaty bir dilde bolanok eken garaz. Her adamyň niýetine bolan wepasyny wagt görkezýän eken.
Ýolda ýene bir düşünen zadym - herkimiň ýolam, niýetem, hyjuwam özüne bolýar. Herkimiň ýüki öz egninde. Her goýun öz aýagyndan asylýar diýen ýaly. Elbetde birek-birekden görelde alyp ruhlanmak diýilen zadyň täsiri uly. Ýöne soňunda ýolda ýeke galmalam bolsa yza gaýtmaly däl. Ýalňyzlyk ýoldan dänmek üçin bahana bolmaly däl. Ahyrynda herkim öz ömür sahypasyna öz hekaýasyny ýazýar. Gowy ýa erbet eden etmişleriňe eýe çykyp bilmek gerek. Haçana çenli şärik gözläp gezjek. Gowy zat etsegä paýlaşasymyzam gelmezle. Diňe öz edenimizi görers. Erbet zat bolsa göni özümize şärik gözläp ugraýarys. Hatda käbirimiz şärigem gözläp baramzok, tutuşlygyna özgäniň üstüne ataýýarys. Ýöne akylam, erkem, kararam özümiziňki bolsa jogapkär bolmagam ýene bizden başgasynyň borjy däl.
Galyberdigimizçe ummanlar arasy akyma gabat geldik. Bu akymlar gyzyp gelýän suwlary ýokary göterýän ekenler. Has dogrusy bu akymlary gyzyp gelýän damjalar emele getirýän ekenler. Ýolda herhili jandarlara gabat geldik. Belkem hersi barada aýratyn gürrüň bersem oňa başga bir bölüm aýyrmaly boljak.
Akymlar gaty kän wagt alýan eken. Ýokary galmak üçin örän berk sabyr gerek boljak. Ýolagçylaryň pähimlilerinden eşidişime görä ummanyň ýagty bölegine çykmak ýüzlerçe ýyl alyp bilýän eken. Diňe ekenler bilen gürrüň berýänim üçinem sizden ötünç soraýaryn. Menem siz bilen bile öwrenýärin ahyry bu zatlary. Her öwrenenimem gelip aýdyp berýärin. Ummanyň ýagty ýüzüne hem ýetsem o ýerde-de gören eşdenlerimi aýdyp bererin nesip bolsa. Bu gezega ýoldaşlarym barada umumy aýdyp geçmek bilen boldum. Size içimi dökmek isledim. Bu gezek wakalary däl-de wakalardan çykaran netijelerimi gürrüň berdim. Sebäbi bu gezek gürrüň berenlerimiň hemmesi kişiler bilen baglanşykly. Kişiler bolsa biz agzap wagt sarp ederden ujypsyz. Bize olardan çykarylmaly sapaklar gerek. Ýene bir gezek görüşýänçäk...