Teswirler (7)

Ýüklenýär...
User Avatar

MS biofizika

Damja 1 - Tümlük

3 minut alar

 Salam eziz diňleýiji ýa-da okyjy. Men damja. Ýöne siziň bilýän damjalaryňyzdan däl. “Damja bilen damjaň arasynda näme tapawut bolsun?” diýýän bolup bilersiňiz. Hawa şeýle seredeniňde kän bir tapawudam ýok ýaly. Ýöne men edil şuwagt siziň görüp eşdip biljek ýeriňizde däl. Men ummanyň müňlerçe metr aşagynda. Bäri şeýle bir çuň welin bärde hiçhili ýagtylygam ýok.

 Tümlügiň iň goýy gatlagynda gezip ýörün. “Eger hemme ýer tümlük bolsa, onda tümlükdedigiňi nirden bilýäň?” diýip bilersiňiz. Aslynda siziň aýdýanyňyz dogry, men entäge çenli hakyky şöhle görmedim. Hiç şöhle görmedik tümlükdedigini näbilsin. Ilki şöhleden habardar bolmaly ahyry. Menem şöhläň nämedigini bilmeýäkäm örän bagtlydym. Özüme tümlükde gezip ýörendirin öýdemokdym. Aslynda habarsyz gezip ýörseň erbedem däl. Ýöne bir gün bir balygyň maňlaýyndan uzyn bolup sallanyp duran bir ýagtylyk göräýmeýänmi? Oň ýagtysyna ýokardan owunjak bölek-bölek zatlaryň ýagyp gelýänini gördüm. Maglumat diýilen zat bir bela bolar eken. Ýanyna golaýlaşdym welin asyl o balyk ýyrtyjy ekenä. Tümüň içinde awyny tapmak üçin ýasama ýagty emele getirýän eken. “Bar gören şöhläň şo bolsa oň ýasamadygyny nirden bilýäň?” diýibem bilersiňiz. Size-de zat gürrüň berer ýaly däl. Ýöne ýalňyş tapjak bolup otyrsyňyz. Azajyk sabyr etseňiz aýdyp berjek ahyry.

 Çala bir täze zat öwreniberseň bilesigelijiligiň joşuberýä. Ol akja zatlaň ýagýanyny ozalam eşidýädik welin hiç haçan ýagtyda görmändim. Bu zatlaram gaty ünsümi çekdi. Hamana diýersiň biri bärdäki tümlükdäki ýaşaýyjylaryň iýmitlerini ugradýan ýalydy. Herkim şol ýagýan zatdan iýmitlenýärdi. Menem “nämekä bu zat? Nirden gelýäkä? Kim ugradýaka? “ diýen soraglaryň duzagyna düşdim. Soraşdyrybersem bir köp gezen gören damjany maslahat berdiler. Ol bir gezek ummanyň ýokary gatlagyna çykyp, hakyky şöhläni görüp gaty gorkupdyr. Soňam hiç haçan gaýdyp o gatlaga çykyp görmändir.

 Menem sorap, idäp tapdym bu damjany. Ýanyna bardym. Ýaman köp gürleýän ekenaý. Soragymy soraýançam ep-esli zat gürrüň berdi. Aý ýokary pylan zat edip gitdim-de pylan zat edip gaýtdym. Ýolda pylan pyssygan zatlar gördüm. Iňsoňy töwerekde o ýerlere gidip gören ýokda. Näme diýse diňläp oturmaly. Ýöne ýene gidibem görmän gürleýänlere garaňda ýagşy bu. Öňem näçe damja gidip geldim diýip herhili biderek gürrüňler toslap herkimi aldap goýberipdir. Menem şu ynamly diýensoňlar şuňa geldim. Ahyry bir dynç beren pursadyny tutup soragymy soradym:

- Ýaşuly, sen bu akja-akja zatlaň nirden gelýäninä gören dälsiň hä? Herkim bir zat diýýäle o barada. Biri diýýä garryja mama sepeleýämiş diýýä. Ýene biri ýokardaky balyklar urşanda teňňeleri dökülip şol ýagýamyş diýýär. Seňem pikiriňi alaýsak.

 - Inim aslynda ha meniň hem başda ýokary çykma maksadym şoldy. Şojagaz zatlaň nämedigni biljek boldum menem. Ýokary çykyberdigimçe elhenç-elhenç balyklara sataşdym. Biraz salymdan suwam ýagtylyp başlady. Hakyky şöhläni görüp başlapdym. Ýagtyldygyça jandarlar has elhençleşýän ýaly göründi. Akja zatlaram entägem ýagyp gidip otyr. Ondan ýokary gitmäne gaýratym çatmady. Ýöne edil şo ýerde hä garryja mama-da görmedim balyk teňňesem.

 Alan jogabym bu töwerekden çöpläp biljek maglumatlammyň iň ygtybarlysydy. Ýöne onda-da meni doly kanagatlandyrmady. Bu meniň doýumsyzlygym bolsa gerek. Özüm gidip görmesem boljak däl öýdýän. Hany onda şu wagtlykça sagboluň. Höwesim gaçman gidäýsem onam gürrüň berern.

 

Her hepde bir bölüme garaşyp bilersiňiz :)

28 |