Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

İşçi

Boş motiwasiýalar aslynda boş däl bolup biler(mi?)

2 minut alar

Soňky döwür sosial platformalarda motiwasiýa wideolary köpeldi (ýa-da meniň öňümden köp çykýar);

– Kelläňi işlet

– Hereket et, risk al

– Aýlykly işde işlemeklik samsyklyk

– Maýa goýum goý …..

Aýdylan zatlar teoriýada gaty dogry we manyly emma bularyň näçe göterimini praktikada durmuşa geçirip bolýarka?

Meselem sen gullukçy maşgalada dogulyp ulaldyň. Azyndan seniň 3 arkaň aýlykly işde işledi we edara işinden daşary bir zatlar (bergi, mal gara) toplajak boldy. Kän bir söwda bilen meşgullanmadylar. Köplenç söwdada satyjy däl-de alyjy boldular. Seni hem şeýle ýetişdirdiler ýa-da sen şol hojalykda görüp ýetişdiň. Indi seni gowja ýokary okuw jaýynda okatmaly, işe salmaly we öýermeli. Bu ýumuşlary ýerine ýetireninden soň seniň ene ataň “Bizä öz borjumyzy ýerine ýetirdik!” diýip gyra çekilip oturdylar.

“Eý waý?! Indi men hem siz ýaly aýlykly işde işläp, gazananjama kanagat edip ýaşabermelimi? Mundan ha durmuş bolmaz, bir zatlara etmeli” diýýärsiň. Sebäbi hojalygyň girdeýji - çykdaýjylaryna seretseň hasabyň çykanok. Hojalykdakylar seniň edara işinde işlemegiňi isläp senden hususy telekeçiligiň gazanjyny gazanmagyňy isleýärler. Onsoň eliňe telefonyňy alyp sosial platformalarda gezip ýören wagtyň ýaňky wideolar köp öňüňe çykyp başlaýar. (Risk al, risk al, risk al)

Ohow 45 sekuntlyk wideoda elinde çilim, elinde bet telefonly oglanjyklar ýöne “Risk al” diýip dur. Bolýa risk aljak welin nädip? Soňky wideosyna seredýäň welin “Kelläňi işlet!” diýýär ondan soň “Hereket et!”. Eýwaý. Meniň näme kelläm işlänokmy?

“Bir zatlar etmeli!” sesi gije gündiz seni birahat edip başlaýar. Soň bir seretsem hojalykda hemme kişiniň kellesinde şol pikir aýlanyp duran ekenä. “Dawaý üýşip bir zatlar edeliň” diýdim bir gezek welin ýaňky “Nädip?” diýilýän soragy menden soradylar. Indi men şu ýerde bilmän motiwasiýa berýänçi bolaýdymmy?

“Kellämizi işletmeli, risk almaly!”

Kaka seniň bilen men esasy uly mala düşünýäsä şeýlemi? Dawaý mal bazara çykaly! Gelinbaý saňa-da tikin maşyn alsak tanyş bilişleriň köýnegini tikseň soň işgär zenanlaryňkyny! Uýajygym senem nahara biş düşe seretseň şeýdip şeýdip ýolda barýarka bolar giderdä hä? Dawaý dawaý haýdalyň adamlar. Şeýtmesek bu hojalykda özgerişlik bolmazmyka diýýän menä!

Kim bilýär mundan 5–10 ýyldan soň men hem motiwasiýa wideolar düşürip başlaryn. Edil elimde çilim bilen wiskijik bolmaz welin gowja eşijeklerä geýerin ýöne meniň düşürjek motiwasiýa wideomda özümiň nädip baýandygymy jikme jikme jik gürrüň berermikäm diýýän (Puly tapyp üýtgemesem nesip bolsa)…

20 |