Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

BÖKEJEŇ ÄDIK

5 minut alar

Häzir esasan ertekili, dessanly kitaplarda ökjeli we jaýty burunly ädikleri şekillendirýän suratkeşleriň beýle ädikleri kimleriň geýendigini, bu ädikleriň nämä niýetlenendigini bilmeýän bolmaklary gaty ähtimal diýen netijä gelýärsiň. Çünki käte bu ädikleri uzak ýola pyýada barýan adamlaryň aýaklaryna “geýdirenlerinde” olar beýle beýik ökjeler bilen pyýadalap menzil aşyp bolmajakdygy barada pikir etmeýän bolarly (meselem, “Altyn horazjyk” multfiliminde Dodon patyşanyň pyýada leşgeri şeýle ädiklerde ýörişe ugraýar).

Aslynda ädik diýen aýak gabynyň özi eýer, üzeňňi ýaly esbaplar bilen bir hatarda atçylyk pudagy bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr. Gadymy Müsür, gadymy Babyl (Wawilon), gadymy Gresiýadyr Rim taryhlarynda entek ädigem duş gelenok, olarda aýakgaba ökje goýmak hem bilinmändir. Wagtynyň köpüsini at üstüne geçiren orta aziýaly çarwalaryň aýaklaryny atlaryň böwrüne sürtülip zeperlenmekden goramak üçin injigi we baldyry ýapyp duran uzyn gonçly deri aýakgaplary, ýagny ädikleri oýlap tapandyklary taryhçy çeşmelerde ýazylýar. Eýer, üzeňňi ýaly at esbaplary bilelikde ädik, şol sanda bökejeň ädik hem Orta Aziýadan Ýakyn Gündogara, soňra bolsa bütin dünýä ýaýrapdyr. “Kablyk” diýen (“ökjelik” manysyndaky) arap kökli türki söz “kabluk” görnüşinde rus diline hem geçipdir.  

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty tarapyndan taýýarlanylyp, 2016-njy ýylda çapdan çykan “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň” I jildinde bökejeň ädik hakynda şeýle maglumat berilýär: “BÖKEJEŇ [bököjöň] I, sypat, könelişen söz. Beýik ökjeli (aýakgap hakynda). Bökejeň ädik bek basar (Nakyl)”.  

Eýsem-de bolsa, bökejeň ädik pederlerimize näme üçin gerek bolduka? Bökejeň ädik bilen işlemek (ýer sürmek, goýun bakmak...) beýlede dursun, hatda düz ýerde ýöremegem amatly bolmandyr. Bökejeň ädikliniň dyzlaryny biraz epip, bökjekläp-towsaklap ýöremeli bolandygy üçin oňa şeýle at berlipdir. Beýle ädigiň bek basýandygy barada aýdylanda bolsa, bu ýerde onuň adama ynamlylyk, dogumlylyk, aýgytlylyk berýändigi göz öňünde tutulypdyr. Çünki bökejen ädik esasan atly söweşde geýmek üçin niýetlenipdir.

Bökejen ädik atly urşyjyny söweş meýdanynda garaşylmadyk ýagdaýlarda şikes almakdan gorapdyr we zerur bolan çylşyrymly tilsimleri ynamly ýerine ýetirmäge mümkinçilik beripdir. At sakga duranda, garşydaky ata çakyşanda ýa-da ýaralanyp öň aýaklarynyň üstüne ýykylanda tekiz dabanly aýakgap ökjesi bilen bilelikde üzeňňiniň içine tyrpyp girip, atlynyň maýyp bolmagyna ýa-da şol ýerde üzeňňä çolaşyp galmagyna getirerdi. Gerekli wagtynda aýagyny üzeňňiden çalt çykaryp bilmeginiň zerurdygy üçin üzeňňini çakdanaşa dar ýasamagam bolmaýardy. Aýagyň üzeňňiniň içine tyrpyp girmezligi üçin öňi burunly, şypbyk şekilinde ýasalýan ýörite üzeňňilerem bolupdyr, emma olar diňe çagalara we aýallara niýetlenipdir, olara galyň aýakgaply aýak sygmandyr.

Atly esgeriň bökejeň ädigi diňe onuň aýagyny üzeňňä sokulmakdan goraman, eýsem ýaý, tüpeň atmak, naýza zyňmak, gylyç salmak üçin üzeňňä galanda  bar agramyny dabanynyň orta gürpüne salyp, ygtybarly durmagyny üpjün edipdir.

Duşmanyň çenän ýaýdyr tüpeňiniň öňünden gapdala sowulmak, ýalandan  ölen bolup gapdala agmak, ýerdäki ýaraglary gapyp almak ýaly tilsimler edilende üzeňňini ýokary dartýan aýagyň ondan sypyp gaýtmazlygy, üzeňňä ilişmegi üçin bökejeň ädigiň burny gaňrak ýaly towly edilipdir.

At üstünde şeýle ýaramly bökejeň ädik atdan düşüp pyýada söweşmekde  ebeteýsiz bolupdyr. Görogly begiň: “Duşman bilen pyýadalap ýakalaşyp ýörmäýin-le!” diýip, derrew atyna atlanýandygy şonuň üçin. Ýa-da ýene bir taryhy mysal. Soltan Asp-Arslan ýesir düşen duşman serkerdesiniň gyjytyna çydaman, onuň bilen başa-baş darkaşa girişýär. Şonda bökejen ädiginiň burny çadyryň gazyk ýüpüne çolaşan soltan ýere ýüzin ýykylýar, mundan peýdalanan duşman oňa ölüm ýarasyny salýar.  

Şeýle-de bolsa, köplenç malyň sagry derisinden tikilýän haýbatly we haşamly bökejen ädikler toý-märekede, myhmançylykda hem geýlipdir, şalaryň nökerleri we gullukçylary, han-begler hem bökejeň ädikli gezipdirler.

Türki nebereden gelip çykan sefewi nesilşalygyndan bolup,  1581-1629-nji ýyllarda Eýrany dolandyran, şahyrlygy we dilewarlygy bilenem taryha giren şa Аbbаsyň (“Hiç kim şa Abbas dek suhanwer bolmaz” – Magtymguly) esasan türki taýpalardan düzülen atly goşuny tamam bökejeň ädikli eken. Osmanly döwletine garşy ýaran gözleýän Abbas I 1599-nji ýylda Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Norwegiýanyň we Russiýanyň hökümdarlaryna öz ilçilerini iberipdir. Gündogaryň göz gamaşdyryjy şahana lybaslary ol ýerlerde uly täsir döredipdir. Hususanam gaty syratly, göze gelüwli bökejeň ädikler ýewropa han-beglerine merdanalygyň, sypahylygyň  alamaty bolup görnüpdir we olar tizden nysaga öwrülipdir. Ýewropanyň şol wagtky lüýk-batgalyk we äňňi-tüňňi köçelerinde beýle ädikli ýöremek mümkin bolmasa-da, diňe dal bedewleriň üstünde säpjäp gezýän begzadalar ony geýmegi özlerine mertebe bilipdirler. Fransuz koroly Lýudowik XIV bökejeň ädigiň hakyky muşdagy bolup, ol beýle ädigiň gyzyl reňklisinden tutuş sergisini edinipdir. Gyzyl reňk bir tarapdan merdi-merdanalaygy, jeňbazlygy aňlatsa, beýleki tarapdan baýlyk-döwletiň nyşany bolupdyr (ädiklere urulýan parlak gyzyl boýag diýseň gymmat bahaly bolan). Korolyň ädikleriniň ökjesi dagam köplenç söweş sahnalary bilen nepis bezelipdir. Hökümdaryň bary-ýogy 163 santimetr boýuna belent ökjeleriň hasabyna 10 santimetr boý goşulypdyr. Şu ýerde girdenek Weli Hyrtmanyň bökejeň ädik geýip, “Biziň boýumyzam birneme parh etdi-how!” diýip hoş bolşy ýadyňa düşýär (“Görogly”, “Öwez öýlenen” şahasy). Eýsem-de bolsa, iňlis koroly Karl II-niň 1661-nji ýyldaky täç geýdirme dabarasynda çekilen suratynda ol fransuz nysagyndaky örän beýik ökjeli gyzyl bökejeň ädikli şekillendiripdir, ýogsam bolmanda onuň pälwansypat boýy şonsuzam 185 santimetre barabardy.

Fransuzlar bökejeň ädige kem-käs “kämilleşdirme” hem girizipdirler. Olar atly urşujylar üçin burny ýokara däl-de, eýsem etege jaýtarýan ädikleri oýlap tapypdyrlar. Netijede, urşyjy üzeňňä dabanynyň ortasyny goýup däl-de, oňa ädiginiň ujuny ýokardan ildirip, gaty ynamly oturypdyr. Emma beýle ädiklerde diňe tekiz ýerde, onda-da dyzyňy ýokary galdyryp zordan ýöräp bolýandygyna görä, olar kän ýaýramandyr.

Şol döwürlerde at münüp ýarag dakynmagy, erkek lybasyny we bökejen ädigi geýmegi nysak edinen begzada zenanlaryňam köp bolandygyna bize gelip ýeten suratlar hem şaýatlyk edýär.

Aydyňlaşma (Просвещение) döwrüniň başlanmagy bilen ýewropaly begzadalar lagly-merjen bezegleri,  haşamly ýaraglary dakynmakdan, al-elwan lybaslary, zynatly aýakgaplary geýmekden el çekip, sypaýy, işewür geýnüwe geçipdirler. Şeýlelikde, ol ýerlerde XVIII asyryň ortalarynda beýik ökjeli ädikler hem gözden ýitipdir.

Olar XIX asyryň ortalarynda täzeden peýda bolýarlar, emma indi olaryň atçylyga, söweşe, umuman erkekleriň dünýäsine hiç hili dahyly ýokdy. Beýik ökjeli, uzyn we gysga gonçly ädikler häzirem örän ýörgünli. Häzir olar – zenanlaryň gyş lybasynyň aýrylmaz zynaty, zenan gözelliginiň ajaýyp hemrasy. 


 

1 |