Biz nädereje adalatly?!
2 minut alar
Adalatyñ nämedigini bilmeýän ýok bolsa gerek. "Adalatsyzlyk" diyip zeyrenip görmedigem az-azdyr diýip oýlaýan. Ýöne näme üçindir biz adalatyñ doly manysyna düşünmeýän yaly.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde "Adalat" - "Birine ýa-da bir zada bolan dogry, hakyky garaýyş, hakykat"/ "Adalatsyzlyk - "Adalata garşy bolmaklyk, hakykata dogry gelmezlik" diýip düşündiriş berlipdir. Bu düşündirişi giňeldip, biz Adalatsyzlyga "Bir kişiniñ mynasyp bolan zadyny, hakyna, paýyna düşýän zadyny bermezlik ýa-da oña garşy laýyk däl hereketleri etmek..." umuman şular ýaly düşündirişleri berip bileris.
Hemme zat adamyñ özünden başlaýa(özüne söýgüsi bolmadyk adam başgany hem söýüp bilmez ýa-da özüni sylamaýan başgalary hem sylamaz...) diýilýän bir hakykat bar. Adalatsyzlyk diýip başgalardan, jemgyýetden zeýrenip ýörmän, adalat meselesinde hem özümize syn edip göreliň. Biz özümize garşy adalatlymy? Adalatly bolsak näderejede adalatly? Käbir soraglara jogap berip göreliñ. Gözümize haram zatlary seretdiryäsmi? Aslynda gözümiz halal zatlara seretmek üçin berildi. Beýnimizi erbet pikirlere, boş ham-hyýallara ulanýasmy? Aslynda ol hem haýyrly zatlar, ýagşylyk, ylym-bilim we ş.m. üçin ulansyn diýlip berlen. Dilimizi erbet, hapa-paýyş sözler, gybat ýa-da peýdasyz warsaky gürrüňler üçin ulanýasmy? Aslynda dil hem gowy, haýyrly sözler üçin berlen. Umuman biz özümizi haýyrly işler üçin, hakykat üçin ulanýasmy? Ýa-da özümizi peýdasyz zatlara harjaýasmy? Soraglary köpeldip oturmagyň hajaty ýok. Asylam bu zatlary ählimiz bilýäs, ýone bilsegem hakykat bilen ýaşamakdan özümizi alyp gaçýas we şeýdip ýene-de özümize garşy adalatsyz çemeleşmäge dowam edýäs. Geliň, özümize garşy adalatly bolmakdan gaçmalyň. Herkim özüne garşy adalatly bolsa, başgalaryna hem adalatsyzlyk edip bilmez.