Terjimeçi
Biwepa/ ylmy-fantastiki, satiriki hekaýa
4 minut alar
BIWEPA
22-nji asyr
Zenan howada hereket edýän kürsä oturdy, bir aýagyny beýlekisiniň üstüne atyp çilim otlandy. Aýagynyň gymyldysyna görä kürsi hereketlenýärdi.
–Şunuň bilen maňa biwepalyk edeniňe ynanamok. Iň bolmanda… Näme diýeýin… Ýigrenýän seni.
–Janym, ilki köşeş sen. Hemem çilim çekmeli däl, sen. Neme… Çilimiň näderejede özüňe zyýanlydygyny bilýäň-ä.
Zenan kejirlik edip çilimden uludan dem alyp sordy. Tüsse öňinçä gulaklaryndan, soňra gözlerinden çykdy. Göýä maňa bir zat bolsa muň ýeke-täk günäkäri sen diýmekçi bolýan ýalydy.
–Beýdeniňe henizem ynanyp bilemok. Bu… bu bir degişme bolmaly.
– Çaga ýaly bolma.
–Hany aýt, saňa gowy aýal bolup bilmedimmi? Düşekde seň göwnüňi awlap bilemokmy? Aýt, bilesim gelýär.
Adam näme diýjegini bilenokdy. Bir robotyň bu derejede gabanjaň bolup biljekdigini umuman hyýalyna hem getirmändi. Bolmasam "Mehaniki Adamlar Şereketine" sargyt edeninde robot aýalynyň gabanjaňlyk duýgusynyň ýokary bolmagyny islänem özüdi. Gabanjaň bolmasa hakyka meňzemezdi. Ärini başga aýallardan gabanmaýan zenandanam bir zenan bolarmy?
Şeýle bolsa-da… Şonda-da edil muň ýaly bolmaly hä däldi. Dogry eden gabahatlygy kiçi-girim hem däl… Yzynada garaman gidäýse? Terk edäýse näme bolar? Beýtmäge hak-hukugy bir barmyka? "M.A.Ş" bilen baglaşan uzyndan uzyn şertnamasynyň bir çüňkünde bu ýagdaýyň göz öňünde tutulan, kiçijik harplar bilen ýazylan bir maddaň bardygyny ýatlaýardy. Ýok, bular ýaly bir zadyň bolmagyna umuman ýol berip bilmez. Başga bir robot aýal almaga puly hem ýok ahbetin. Ol puly jemlemek üçin alty ýyl kösenipdi. Üstesine başga bir robot aýal islemeýärdem. Aýalyny söýýärdi. Hawa, şu wagt muňa hasda aýdyň göz ýetiripdi. Aýalyna aşykdy. Eden bir ýalňyşlygy bu hakykaty üýtgedip bilmez-a.Zenan çilimi ýere oklap topukly aýakgaby bilen üstünden basdy.
Adam:
–Haýyş edýän, janym– diýip ýalbaryp başlady– Rugsat ber, düşündireýin!
–Düşündirjekmi? Goýaýda, degişme. Nämäni düşündirjek?
Çyndanam nämäni düşündirjekdikä? Düşündirer ýaly zat galmady, ahbetin. Onsuzam barça närse bes-bellidi. Özüne erk edip bilmedi. Aýalyna biwepalyk etdi. Üstesine kim bilen? Aýalynyň üstüni basan wagtyny göz öňüne getireninde üstünden gaýnan suw guýlan dek boldy. Baryp-ýatan masgaraçylykdy, bu.
Dyz çöküp:
–Haýyş– diýdi– Näme diýseňem hakyň bar. Uly günä etdim. Ony şu wagtyň özünde öýden zyňaryn. Bular ýaly ýagdaý indi gaýtalanmaz.
–Zyňanyň bilen hiç zat üýtgemez. Üstesine ol biçäräň hiç hili günäsi ýok. Bu işde ýekeje günäkär bar, olam sen.
– Bolýar, kabul edýän. Ýeke-täk günäkär men. Seňki dogry. Hany, gelsene, muny oturyp iki medeniýetli adam ýaly gürleşäýeli.
–Men bu otagda ýeke medeniýetli adam görýän. Belki-de hakyky adam däldirin, ýöne medeniýetli adam ýaly hereket edýän. Bulam meni medeniýetli adam hasabyna geçirýär. A sen näme? Yzyňa öwrülde maňa biwepalyk eden zadyňa seret! Muň niresinde medeniýet bar? Men garşymda medeniýetli bir adam däl-de, nebsine buýrup bilmeýän ilki durmuş adamysyny görýän. Bol, öwrülip seret diýdim.
Bialaç öwrülip seretdi. Aýalynyň ümlän zady şol ýerde durdy. Aýaklary iki galyň turbadan ybaratdy. Döşi tep-tekizdi. Kellesine gülkünç kepka geýdirilendi. Ýüzünde hiç hili duýgy alamatlary ýokdy. Şeýlebir köne modeldi welin, hereketleninde çykarýan seslerini gapdalky otagdanam eşidip bolýardy. Wah, bu adamam şonuň üçin tutuldy-da.
– Maňa oň nämedigini aýt.
–Oň nämedigini özüň bilýäň-a
–Men senden eşitmek isleýän. Maňa oň nämedigini aýt.
Ýekeje sözem aýdyp bilmän başyny egdi. Ýüzüni ot alýardy. Dynuwsyz der basýardy. Göýä kellesi geçen asyrda ulanylan ojagyň içine dykylanýalydy.
–Bol, aýt diýdim! Maňa näme bilen biwepalyk edeniňi batly ses bilen aýt,!
Adam dokdaklaryny hereketlendirmäge synanyşdy, bolmady. Dodaklary edil biri-birine ýelimlenen ýalydy.
–Hawa, garaşýan. Aýtsaň belki seni bagyşlaryn.
Ýok aýdyp biljek däldi. Muny belent ses bilen aýtmagy mümkin däldi.
Zenan gaharly ýerinden galdy.
– Bolýar oň ýaly bolsa. Saňa şol zat bilen bagt dileýän. Hoş!
Daşky gapyny bat bilen açdy, çykdy, gitdi. Birnäçe wagt ýapyk gapa seretdi. Yzyna dolanar. Hawa, beýdip gitmeli-hä däl. Azsalymdan yzyna geler. Köpem däl, bary ýogy birnäçe minutdan soň.
Ýarym sagat geçdi, aýaly dolanmajagyny aňlap yzyna öwrülip seretdi. Elektrik sübsesem oňa manysyz gözleri bilen garaýardy. Hiç zady bilmeýän ýalydy. Soňra birden buýruk berilmese hem herekete geçip öýi süpürip başlady. Öýüň öňki hanymynyň ýere taşlan çilimini hem gözünden sypdyrmady. Köne model bolsa-da, hiç kim oňa öz işini ünsli etmeýär diýip bilmez.
Kadri KEREM
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI