Taryhçy
Bir ýylda meniň gazananlarym
14 minut alar
Hemme kişem ömrüniň her pursatynda, näçe ýaşasa ýaşasyn durmuşdan ders almaga, bir zatlar öwrenmäge dowam edýär. Hemme kişi üçinem üýtgeşik, bir zadyň başlangyjy bolan, täsin ýyly bolandyr. Menem şu ýyl barada, şu ýylda gazanan, ýitiren, başdan geçiren zatlaryma bir ser salmak isledim. Indi muny her ýyl dowamly ýerine ýetirmek isleýärin, siziň hem etmegiňizi maslahat berýärin. Soň haçanam bolsa, göwnüňiziň islän pursady şol ýazan zadyňyza seredersiňiz, we nähili öňe gidendigiňizi, kämilleşendigiňizi derňäp, geçen ýyla (ýyllara) görä näme tapawudyňyzyň bardygyny anyklap bilersiňiz, meniň pikirimçe bu syn, bize üýtgeşik bir gözýetim gazandyrar.
Meniň üçin-ä şu ýyl, öwrenmek babatyndaky açlygy kanagatlandyrmak ýolunda gowy başlangyç ýyl boldy diýsem bolar. Şu ýyla 10 üstünden baha bermeli bolsa, 7 berip bilerin. Gaty kän zatlary (edil öňki gözýetimime garanyňda) öwrendim, gaty kän üýtgeşik, tolgundyryjy pursatlary başdan geçirdim. Örän köp, dürli-dürli tapawutly garaýyşlary öwrendim we şaýat boldum, we bularyň hemmesem üýtgeşik bir dünýägaraýyş gazandyrdy. Agy-garany gowy saýgarandygymy pikir edýärin, edil öňki (5 ýyl mundan ozalky) şahsyýetime garanyňda, dag ýaly (hatda ondanam uly) üýtgeşmäniň bolandygyny görýärin.
Men tapawutly dünýägaraýyşlary, pikirleri, düşünjeleri gowy görýärin, sebäbi bular adama bir zad-a tapawutly bir penjireden, göz bilen seretmegi öwredýär. Şansyma şu ýyl bu pikirlere köp duş gelendirin. Bularyň arasynda göwnüňe ýarajak, peýdaly ýa-da karar berip bilmejek garaýyşlaram, gaty ýalňyş, nädogry ýa-da galp (iň azyndan maňa görä), dereksiz, adama gahar donuny geýdirýän garaýyşlar hem bar. Meselem, gaharyňy öz göreşýän ýoluny ýalňyş bilýän, aýallaryň hakyny (feministler) goraýjy hökmünde çykyş edýänleriň jahyl tarapy, çyndanam adamyň gaharyny getirýärler welin, ýöreýän ýoluna gynanýaň.
Erkek kişiler (aglabasy) gynansakda edil şu döwürde basgylanýan – depelenýän tarap boldy gaty köp halatda. Muny inkär etmek gerek däl, bu gaty äşgär zat. Bir tarapdanam gowy zat bu, ýagny aýallar (jahyllary hem bar bolsa) sesini çykaryp bilmegi, çekinmän bir zatlary aýdyp bilmegi başarýarlar. Emma gynansakda aýallaryň köpüsi (feminizmi, aýal haklaryny-hukuklaryny, jemgyýetdäki ornuny goldaýanlaryň) goldaýan, öňe sürýän zadyny bilmän, düşünmän pikirini beýan edýändigi üçin, gaýta bu işi hasam kynlaşdyrýarlar, duşmançylyk döredýärler. Sebäbi bular deňlik däl-de, beýiklik isleýärler. Adaty zat, sebäbi her bir zadyň (pikiriň, filosofiýaň, diniň, ideologiýanyň) jahyly bardyr we hökman çykarlar. Meselem musulmanlaryň jahyllary ynsanlary dinden sowadýan bolsa, bir pikire ýalňyş düşünip ýalňyş karar berenler bar bolsa, bulam şeýle, hökman hemme zadyňam bir çüýrügi tapylýar.
Şuňa meňzeş meselelerde goşulýan taraplarymam bolýar. Mysal üçin, "aldatmaýan (ikilik etmeýän) erkek ýokdur" sözlemi. Elbetde hemme kişi beýle bolmasa-da, bu sözleme 80% dogrulyk paýy (belki mundanam köpräk) berip bilerin. Sebäbi şeýle zat bar, aýallar öz saýlajak ýoldaşlaryny geljege nazar edip saýlaýar, ýa-da bir gatnaşyga başlajak bolsalar, geljege nazar salyp (işi, sosial statusy, gazanjy, abraýy, hojalygy dolandyryp bilmegi) saýlaýarlar, köp ýagdaýda bu şeýledir. Emma erkekleriň aglabasy beýle däldir, sebäbi bu erkegiň tebigaty däldir, erkekler her gün örän köp mukdarda sperma döredýärler, şol sebäpli başga kişiler bilen wagt geçirip bilerler. Hatda muny has ulaldaýyn, erkekleriň aglabasy, öz ýaryny (aýalyny, söýgülsini) söýse hem, başga kişiler bilen birlikde bolup bilerler. Bu söýgi bilen baglanyşykly zat däl, hany bu gelşikli bolmadyk hereketi "erkegiň iň ejiz tarapyda" diýip ýapmaga synanyşýan kişiler bardyr-a, gynansakda aslynda bu şeýleräk. Şuwagt ýüzleý düşündirýärin, sebäbi tema meniň gazananlarym barada bolany üçin gysgaça agzap geçýärin.
Çaga wagtym, ýetginjek wagtym gaty jahyldym, hiç zat bilmeýärdim, soraglamaýardym, duşan zatlarymy çintgemeýärdim. Emma bilesigeliji çagadym. 8-11-nji synplarda "Hywa" ýa-da "Hywa hanlygy" sözlerine köp duş gelýärdim, şol sebäpli onuň nämedigini bilmek isleýärdim, öwrenmek isleýärdim. Taryh bilen aramyň gowy däldigi üçin, Türkmenleri çapawulçy, agzala, öz-özleri bilen urşup ýören, bir zat başarmadyk millet hökmünde görýärdim. Emma şuwagt welin, şeýle diýenleri Watan dönügi hasaplap biljek derejä geldim. Beýbä, adam nebela üýtgeýär eken. Soňra şol wagtlar 2 teňňelik akylym we bilimim bilen, mugallymlar bilen jedelleşen bolýardym (sebäbi ol görgülilerem zat bilenok).
Düzeden (ýa-da düzetmäge synanyşýan) kemçiliklerim hem bar. Meselem, diňe mundan 1 ýyl ozal, hiç bir tapawutly düşünjä, has dogrusy, özümiň ýalňyş hasaplan garaýyşlaryma çydap bilemokdym, şony ýalňyş hasaplaýandygym üçin (wajyp bolsa-da bolmasa-da) göni baryp aýtýardym, ýazýardym. Indi beýle däl, biraz köşeşmegi, olaryň tarapyndanam pikir edip görmegi, dürli taraplardan seredip görmegi öwrendim we indi ýalňyş hasaplasam hem, hatda doly ýalňyş, nädogry bolsa hem ýazmaýaryn, gerek däl, şeýle-de ýazaýaňda-da peýdasy ýok. Sebäbi şeýle zat bar, hiç bir adamam tankydy halamaýar. Biz birini tankytlasak, ony goranyşa geçmäge mejbur edýäris. Biz birini tankytlasak, ýa gorkup, çekinip, utanyp doly ýagdaýda yza çekiler, ýa-da goranyşa geçip saňa hüjüm eder, tankyda tankyt bilen jogap berer, eger iki adam hem goranyşa geçse, onda şol ýerde söhbetdeşlik diýlen zat galmaýar.
Mundan daşary, ýazan zadyňa düşünjek, ondan ders almaga synanyşjak bolýanlar hem ýok, sebäbi örän köp kişi özüniň sowatlylygyndan göwni şat, hiç zat bilmese hem. Indi diňe gaty wajyp hasaplan, ýa-da kellesi aljak kişileriň bardygyny pikir eden ýerlerimde käbir zatlary düşündirmäge synanyşýaryn, şonda hem diňe düşünjämi belli edýärin. Mysal üçin, "şeýleräk bolaýmasyn", "meniň pikirimçe şeýle", "bu beýle boldy, şeýle boldy" diýip düşündirýäň, emma şonda-da kabul etmejek, "saňa näme?", "akyl berme" ýaly goranyşa geçýän ýa-da şol pozisiýany saýlaýan adamlar (esasanar ýaşlar) örän köp.
Özüm, dogrymy aýtsam indi tapawutly, ters düşünjeleri kabul etmegi, derrew ýalňyşyny ýüzüne ýemlemek ýerine, pespälli bolmagy, aýdylan zatlary seljermegi başaryp bilýärin. Görýän welin, munyň peýdasam uly. Biri bir zat diýen halatynda, gös-göni onuň aýdýan zady barada pozitiw ýa-da negatiw zat diýmeýärin, köp halatda. Ýagny ýalňyşdygyny, ýalňyş ýerleriniň bardygyny bilýärsiň, hatda göze dürtülip dur. Emma sen bilýäň, göni aýtsaň kabul etmeýär. Şol sebäpli oňa aýdan zatlaryny aýdyňlaşdyrmagy üçin dürli-dürli soraglar berýäň, aýdan zadyna düşünmegi üçin bir pursat berýäň. Meselem, bir kişi "A gowudyr" diýse, näme üçin "A-nyň" gowudygyny soraýarsyň, "B-niň" näme üçin saňa laýyk gelmeýändigini, nähili kem taraplarynyň bardygyny soraýarsyň, mahlasy, Sokratiki usuly ulanýarsyň. Sebäbi kişi aýdýan zadyna doly düşünenok, bu belli. Hatda sähel söhbetdeş bolaňda aýdan zady barada hiç hili bir zatlar gözleşdirmändigini, kän zat okamandygyny, bu barada oturyp kelle döwüp, pikirlenmändigini derrew aňýarsyň. Şeýlebir pikirini öňe sürende özüne ynamly, hondanbärsi bolup gürleýär welin, şeýlebir öňe sürýän zadynyň dogrydygyna ynanýar welin, bu barada hiç zat okamandygy, hiç zat barlamandygy üçin sen ters zatlar aýdyp ugraýaň welin, ol pikiriniň döwlüp başlandygyny görüp, goranyşa (haýbata, gödeklige) geçip başlaýar. Sebäbi pikiriniň ýalňyş bolup biljekdigini hiç hili pikir edenok. Oňa örän berk ýapyşýar.
Bu ýyl, esasanam din meselesinde örän köp zad-a akyl ýetiren, bu meselede dürli-dürli garaýyşlara, örän köp zatlara gabat gelen ýylym boldy. Öňem din barada, ynançlar barada gyzyklanman bardy, emma bu ýyl has köp zad-a duş geldim. Çagakam hem bu barada (dini meseleler barada) köp gyzyklanardym. Illeriň gürrüňlerini, aýdyp beren zatlaryny diňlärdim, pygamberleriň durmuşlaryny, Ybraýym pygamberiň butlary çagşadyşyny, jynlaryň aýratynlyklaryny, ruhlar diýdi, göze görünmeýän barlyklar diýdi, ýa-da gudrat diýlip paýlaşylan asmanda göz görnüp duran, syçana öwrülen gyz (muny bilmeýän ýokdur) diýdi, şolar ýaly zatlary eştýärdim, we bilesigelijilik bilen birlikde, bu zatlar aňyma hem ýeterlik derejede zyýan-zeper beripdi. We eşden-gören zatlarymy gürrüň bermegi hem gowy görýärdim, bir zat eştsem ony dost-ýarlarymyň ýanynda derrew gürrüň bererdim, olaram diňlärlerdi sebäbi çyndanam gyzykly gürrüň bererdim. Şol wagtlaram kelläme ilişen käbir soraglar bardy, meselem nädip Taňry, öz-özünden bar boldy? Bir zat bar bolsa, ony biri ýaradandyr ýa-da bir täsir, bir sebäp bardyr (bolmaly diýip pikir edýädik), emma Taňrynyň barlygy, mydama barlygy, geçmişde-de, biz, dünýä, älem hem döremänkä barlygy düýpli pikirlendiripdi. Pikir edýäň, Taňry öňler hem bardy, ondan öňem bardy, näçe yza gitseň git, şonda-da bardy, nädip bardy? Nädip sebäpsiz ýere, nädip mydamalyk bar bolup bilerdi? Bu soragy kimden soranym doly ýadyma düşmese hem, "bu zatlary pikir etmeli däl, pikir etmegem günä" ýaly jogap alandygymy bilýärin. Soň bu soragyň 2000 ýyllyk meseledigini, filosofiýanyň "din filosofiýasyna" degişli "Taňry meselesi" babatyndaky jedelleşilýän – çekeleşilýän meseleleriň diňe biridigini, bu meselä heniz hem idili jogap tapylmandygyny, bu meseleleriň düýbünden çylşyrymly zatdygyny öwrenip galdym. Hatda 2000 ýyllyk hem däl, adamlar özüni bilip (gözýetim taýdan) başlandan bäri, şuňa meňzeş soraglary berendigi, mahlasy, töweregindäki zatlary çintgäp görendigi mese mälim. We çintgemek hem, bir tarapdan filosofiýadyr. Diýmek, filosofiýa adamzadyň ilkinji döwürlerinden bäri bardy.
Meselem Taňry nädip mydama bar? Bu soraga köp halatda "Taňry sebäpsizdir" diýlip jogap berilýär, bolar welin, sen bu Taňrynyň öz (ynanýan) Taňryňdygyny nirden bilýäň? Dünýäde birtopar Taňry (düşünjesi) bar we seňkiniň dogry bolup çykmak ähtimallygy bar bolsa, hemme Taňryň hem dogry bolup bilmek ähtimallygy deň. Belki Wişnu, belki Zews? Ikinjiden, bir zat sebäpsiz bar bolup bilýän bolsa, munyň älemiň özi däldigini nädip bilýäň, belki älem Taňrydyr? Şuwagt bu keltejik bir filosofiýa. Eger bu soraglary ömründe hiç eştmedik we bilmedik adama sorasaňyz, aljak bary jogabyňyz geň galmak, zyr-zebir bolup ýazgarmak, günäkärlemek, ýa-da "nädip beýtdiň?" ýaly tolgunyşyk bolar. Adaty zat, ýaňy aýdyp geçdim, öňe sürýän (goldaýan) pikirini ömri boýunça soraglamandyr welin, bu barada 5 minut hem durup pikirlenmändir welin, bu zatlary ilkinji eşden mahaly (ters zat eşdende) onda bir "şok" täsiri döredýär.
Mahlasy, bu barada gepi uzaldyp ýörmäýin. Men şuwagt hem musulman, we käbir kişilere görä "has" musulman, emma bir tapawut bar, men bilip kabul edýärin. Şuny unutmaly däldir, "bilip ynanýan musulman" bilen "bilmän ynanýan musulmanyň" arasynda dag ýaly tapawut bardyr. Ikisi ýer bilen asman ýalydyr. Muňa täzelikde göz ýetirdim. Bilen musulman, okandygy üçin bilýändir, okaýandyr, we okaýandygy üçinem (köp halatda) ýazgaryp, günäkärläp, aýdylanlary kesä çekip, "ad hominem" usuly ulanyp şahsyýetiňe ýüzlenip ýörmez. Eger dinini we gaýrydinleri bilibem, ýene gödekligine dowam edýän bolsa, onda bu häsiýet bilen baglanyşykly zatdyr. Emma bilmeýän onuň göni tersidir. Bular arassa jahyl kişidirler, hiç zat okamazlar, ömürlerinde bir gezegem bolsa kitabyň gatyny açmazlar, muňa garamazdan hemme zady bilýändiklerine ynanarlar, çyndanam şeýle, hemme zady diýýärin. We adamlary diňlemezler, diňe öz gürlemeli gezegine garaşarlar, sebäbi onuň öwrenjek zady ýokdur ýagny, özüne görä hemme zady bilýändir sebäbi. Adamlary sylamazlar, tapawutly düşünje görseler derrew hüjüm etmäge, basgylamaga başlarlar, ýazgararlar, "Alla akyly kemleri hem ýaradypdyr", "o dünýäde düşünersiň" we ş.m sözleri diýip, ýaňsylan bolarlar, göýä özleri bir zat okap bir zat aýdýandyrlar. "Bu ýewreýleriň pikiri" diýip, seni derrew duşman sypatyna salarlar, emma ulanyp ýören telefonlaryndan, içýän kolalaryna çenli şolaryň ýa-da şolar ýaly kişileriň döredendigini bilmezler, Taňryny subut etmek üçin ulanýan argumentleriniň, hristianlaryň Taňryny subut etmek üçin döreden argumentleridigini bilmezler. Iň gynandyrýan we iň ironiki ýerem, bu kişiler hiç zat bilmeseler hem özlerini hidaýata ýeten, ulama derejesinde hasaplarlar, ýazgararlar emma hiç zat bilmän ýazgararlar. Bu işiň has zyýanly tarapy bolsa, şu kişiler sebäpli (we diňe şu kişiler sebäpli) adamlar dinden sowap, ondan uzaklaşyp, jemgyýetde ondan aýrylmaga, sypmaga başlarlar. Dinsizleriň artmagynyň ýekeje sebäbi bardyr, olam bilmeýänleriň jahyllygy bilen ýüzleşmekdir. Umuman, zyýanlary örän uludyr. Ýene gynandyrýan tarapy bolsa, diňe musulmanlaryň diýip biljek däl, tutuş ynanýanlaryň aglaba bölegini (100-de 97%) dininden bihabar kişiler emele getirýär. Sebäbi din meselesi jahyllyk üçin iň uly mysaldyr. Heniz öz dinini hem bilmezler, emma şerigat islärler, hemme erbetligi ederler, emma aýallaryň namysly-ahlakly bolmagyny islärler, hiç ybadat etmezler, emma "ýüregim ak" diýerler, din barada (pygamberiň durmuş ýoly, musulmanyň borçlary) hiç zat bilmezler, emma Orazada agyz beklän bolarlar, şerigatyň höküm sürýän döwletinden gaçarlar, emma daşary ýurt (dünýewi) döwletlere gelip, ol ýerde erkinlik, söz haky, protest haky barlygy üçin şerigat islärler (her aý bolup duran zat), isleýän bolsaň döwletiňden näme üçin gaçdyň? Özlerini hidaýata ýeten hasaplarlar, emma möhüm bir waka bolanda (mysal Ysraýyl-Palestina söw.) başga esgerleriň, başga döwletleriň gidip uruşmagyny, ony ýok etmeklerini islärler, emma özleri gidip (arkaýyn şehit bolup, jennete gitjegi kepilkä) uruşmazlar, sebäbi dünýä durmuşy süýjüdir, jan süýjüdir, din (Taňry) söýgüsinden süýjüdir.
Emma bilýän kişiler bularyň hiç birini etmezler, sözi bilen hereketi (amaly) deňdir, adamlary dine medeni görnüşde çagyrmagy başararlar, dürli faktorlary ýoýmazlar, hakyky ahlaklydyr, ýazgarmazlar, alagoh bolmazlar, adamlara at dakyp, kiçeltmezler, we iň esasysam uruş, duşmançylyk, ýigrenç islemezler. Şol sebäpli diňe dini däl-de, diniň filosofiýasyny hem bilmek gaty möhümdir.
We ýene bir zad-a göz ýetirýäň, olam näçe köp zat bildigiňçe, näçe beýniň gazany maglumatlar bilen doldugyça öňküligiň galmaýar, meselem sen öň (hiç zat okamaýarkaň) nähilidiň? Sada, ýeňles, sähel zad-a gülüp ýören, özüni düşündirip bilmeýän, çekinjeň, üm bilmez adamlaryň biridiň. Emma köp halatda bir zat okap, ony dowam etdiren, bellibir gözýetim gazanan kişilerde bu häsiýetler kän bolmaýar, aýrylyp başlaýar. Agraslaşyp, bolar-bolgusyz hereketlerini goýup başlaýarlar, mahlasy, ýeňillikden ýaňa howada gaýyp ýören bolmaýaň. Sebäbi zehinli adamlar gamgyndyr. Iň azyndan okaýanlaryň köpüsi şeýledir. We kän bolup geçen zatlary ullakan zat hökmünde görmeýäň, kän geň galmaýaň, bolan zatlary bolşy ýaly kabul edýän ekeniň, sebäbi bellibir gözýetime, sowatlylyga ýetensiň, bellibir intellekte eýe bolansyň, we aňyň kämilleşendigi (ýa-da kämilleşmäge dowam edýändigi) üçin, töweregiňdäki zatlara, durmuşa gowy düşünip başlaýarsyň. Emma okamaýan (jahyl) adamlar beýle däldir, olar şadyýandyr, keýpleri kökdir, mydama özlerinden göwni hoşdur, sebäbi jahyllyk şatlykdyr.
Ýene öwrenen zatlarymyň biri, adamlaryň aglabasy sowatsyz. Bu hakykatdanam şeýle. Meniň bu aýdanyma hemme ugurdan kitap okap ýören, ýaşy ulyrak we Türkmenistanda ýaşap ýörenleriň hemmesi düşüner. Mysal üçin, sosial ulgamlara (link, imo we ş.m) girip, bir göz aýlap çyksaň nähili akmak adamlaryň bardygyna şaýat bolýaň. Adamlar (esasanam ýaşlar) aýylganç derejede düşünjesiz. Men sosial ulgamlarda köp wagt geçirýändirin, emma muňa garamazdan henize çenli 2005-2009 aralygyndaky ýaşlaryň arasyndan ýekejede bilimli, düşünjeli kişä duş gelmedim. Dostlarym, adam söýginiň (iň azyndan şol gatnaşygyň) nämedigine zoraýakdan 20 ýaşda diňe düşünip başlaýar. 25-30 ýaş aralygynda arassa we hakyky gatnaşyk gurulýar köp halatda. Emma ýaşlaryň (has dogrusy, çagalaryň) aglabasy diňe söýmek gyrada dursun, eýýäm söýüp (hem-de 3-4 gezek), aýrylşyp (3-4 gezek), ýanybam görüpdirler, we durmuşdanam doýupdyrlar. Sebäbi bular (sözde) durmuşda şeýlebir agyr, şeýlebir kynçylykly tejribeleri başdan geçiripdirler welin, olaryň derdi örän we örän agyr. Ol kynçylykly başdan geçirme näme? Maýyp bolmakmy, ýetim bolmakmy, ene-ataňy (Hudaý saklasyn) ýitirmekmi? Ýok, diňe aýrylyşmak. Elbetde gaýgyny deňeşdiremok, emma 2008-nji ýyl çaganyňam "söýgi ýalan, sebäbi men söýgüden ýandym" diýmegine-de kän pisint etmerin. Dürli sosial ulgamlarda birtopar "manyly" diýip hasaplaýan sözüni paýlaşýar, emma näme üçin manyly hasaplaýandygyny soraýan welin, üstünden gaýnag suw guýlan ýaly göni dymýar, ýa-da zordan bazzyk-buzzuk edip bir zatlar jogap bermäge synanyşýar. Mahlasy, paýlaşýan zatlary barada bir pikirleri ýok. Şol sebäpli arasynda düşündirmek islegi duýarsyň içiňde, düşündirjek bolarsyň, hiç hili diňlemezler, ýokarda-da aýdyşym ýaly, "akyl öwretme", "at dakma", "saňa näme?" ýaly sözleri diýip, diňe gödeklik bilen jogap bererler. Heniz uly adamlar şeýle, kiçilerden nämä garaşjak? Elbetde arasynda bardyr saýlanyp çykan kişiler, emma köp bölegi beýle däl, we (näçe garşylyk gelse-de aýtmaly bolýaryn) bu ýagdaýa esasy gyzlarda kän gabat geldim.
Köp meselede has radikaldyryn. Kada-kanunyň gaty ýiti, berk bolmalydygyny pikir edýärin. Elhenç jenaýatlar işlän kişileri halka garşy görkezip, ybrat bolsun diýip yryswa etmelidir. Hany köçelerde "drift" edýän, adamlaryň jan-saglygy piňine-de bolmaýan tentekler bardyr, bu kişilere hem örän agyr jezalar berilmelidir, gaýdyp etmesinler. Sebäbi bu kişiler özleriniň reklamasy üçin bir janyň ölümine sebäp bolýar. Göz öňüne getir, durmuşyň iň gözel pursadynda, birtopar maksat-hyýallaryň barka, ýoldaky tentegiň bir ýalňyşlygy sebäpli ýok ýere aradan çykýaň, indi sen ýok, gaýdyp bolmaýaň, nähili ajy? Şol sebäpli şu we ş.m kişilere hiç gynanmaly däldir, jezalar anyk bolmalydyr. Ýa-da bir kişi öz taryhyny bilmän, öz milletini, halkyny masgaralaýan, hatda dönüklik derejesinde sözler diýýän bolsa, ony köpçülige salman (sebäbi salynsa zäher syçradýar) 3 aýlap (hiç bozulman) taryh bilimi berilmelidir. Ýa-da mekdeplerde okanoklarmy, ýa-da temalary bilenoklarmy, doly bilip, temalary öwrenýänçälär mekdepde saklamaly, başlaryna-da bir gözegçi goýmaly. Ýokary okuwda egzamyndan geçenoklarmy, 3 aýlap olara hem şeýtmeli, ýa-da göni okuwdan çykarmaly, haýsam bolsa biri. Çagalara çagalykdan başlap, ak-garany öwredip, gowy bu babatda taýynlap başlamaly, edil Hytaýdaky ýaly. Mysal üçin, bir wideo görüpdim, Hytaýda bir çagalar bagynda, ýüzi ýapyk, eli haltaly bir kişi haltasyndan bir sowgatjyk çykaryp çagalara beren bolýar. Eger haýsam bolsa biri alsa, ony tutup göni alyp gaçýar. 2-3 sanagyny şeýdenden soň, hiç birem sowgady alanok. Bu ýerde öwrediljek bolan zat, nätanyş adamlardan zat almaly däldigi bilen baglanyşykly. Elbetde aglaýanlaram bar arasynda, emma şonda-da (meniň pikirimçe) muňa degjek zat, käwagt bir zady adamlaryň aňyna guýmak (salmak) üçin, ony ýiti görnüşde düşündirmelidir. Bolmasa şol çagalar heniz köp zad-a düşünenok, gürleşibem bilmersiň, emma möhüm bir zady öwrenip galdylar. Şuwagt ýüzleý we mysal bolsun diýip aýdýaryn, jikme-jik pikirler döredilip bilner. Bu meselede kän içgin gürläp durjak däl, düşündiňiz diýjek bolýan zadyma.
Bu zatlary aýdamda we adamlaryň sowatsyzdygyny aýdanym üçin, hamala özüm köp bilýän ýaly görünmesin. Aslynda bu mesele bilenem baglanyşykly öwren zadym bar. Hiç zat bilemok. Beýle ulaldar ýaly sowadym, ylymym bardyr öýdemok, emma maňa görä diýip aýdýaryn. Hany Sokrat "ýeke bilýän zadym, hiç zat bilmeýändigim" diýýär-ä, edil şeýle, köp kişi bu meselede Sokrada goşular. Näçe köp bildigiňçe, aslynda hiç zat bilmeýändigiňi bilýärsiň. We öwrenmeli zatlarym örän köp, we bu öwrenmeli zatlarym, maňa gaty uly bir höwes berýär, motiwasiýa berýär, yhlas berýär, "pekge, seniň öwrenmeli tonlarça zadyň bar, belaň sapyna otyrsyňmy?" diýýär, içimdäki ses has dogrusy.
01.01.2024.