Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Barada (Bärde)

1 minut alar

Salam hormatly şu ýazgyny okaýan adamlar!. Bärik näme üçin gelenimi, nireden gelenimi aýdyp oturjak däl. Ýazgylarymy yzygider okajaklar bar bolsa diñe şolara ýazjak ýazgylarymyñ „nä tüýsli?“ „neneñsi?” diýen soraglara jogap bolup biljek „pikir ýöretmeler“ imi aýdyp bermekçi. Beýleki ýazgylar ýaly çeper dilde, edebi dilde bolmaz, ullakan alyp barýan maglumatlar hem bolmaz. Arada bir paýhasly söz çykyp biler garşyñyza, galany özümçe ýazjak zatlarym bolar. Okamagyñyzy haýyş edemok!. Okamasañyza hasam gowsy. :) Ýazgylardan ýazuw ýalñyşy gözleýänler bar bolup, bu ýazgydanam eýýäm ençeme (nijeme) ýalñyş tapanlar bar bolsa indiki ýazgylarymy hem uly üns bilen okarlar diýip umyt edýärin. Sebäbi olarda hem ýalñyşlar olara garaşar. Elbetde ýalñyşsyz ýazjak bolaryn menem. Oýun edýändirin how, menem sizden. :P

Ana onda, Allajan abraý bersin.! :)

70 |
|