Kaka, telekeçi, marketolog
“Baha döwmek” hakynda
3 minut alar
Harydyň bahasyny düşürmek marketingde netijeli instrumentleriň biri. Ýöne onuň oňaýsyz taraplary hem bolup bilermi?
Harydyň bahasyny näme emele getirýär?
1. Harydyň özüne düşýän gymmaty. Ýagny, şol harydy öndürmek üçin edilen çykdajylaryň jemi. Iň bir ýönekeý mysal hökmünde şuny getirip bilerin: diýeli egin-eşik söwdasyny edýän telekeçi bar. Ol hem daşary ýurtdaky zawodda bahasy 200 manat bolan 100 sany krossowka zakaz etdi. Ýüki nesip edenden geldi. Indi telekeçi hasabyny çykarmaly. Ýüküň öz bahasy 20000 manat boldy. Ýoly, gümrük işleri, we beýleki çykdajylaryna diýeli 10000 manat çykdajy çykdy we jemi çykdajy 30000 manat boldy. Diýmek bir sany krossowkanyň özüne düşýän gymmaty 300 manat.
2. Üstüne goýlan peýda (nacenka). Telekeçimiz bir krossowkany dükanyň witrinasyna çykarmak üçin 300 manat çykdajy etdi. Indi üstüne peýda goýmaly. Ol hem her telekeçiniň öz ygtyýaryna galan zat. Biziň telekeçimiz 100 manat goýdy diýeliň. Şeýlelikde, krossowkanyň satlyk bahasy 400 manat boldy.
Gün geçip dur, aý aýlanyp dur. Arenda tölegi, işgärleriň aýlyk haklary we nirden peýda bolany bildirmeýän beýleki ownuk-uşak çykdajylar yzyny üzmän gelip dur. Bu hasaplary ýapmak üçin çykalga tapmaly. Telekeçimiz öz-özi bilen gürrüňdeşlige başlaýar:
Telekeçi: “Bir zat edip söwdany artdyrmaly”.
Öz-özi: “Dogry diýýäň, ýöne nädip?”
Telekeçi: “Müşderi köpeltmeli!”.
Öz-özi: “Dogry diýýäň, ýöne nädip??”.
Telekeçi: “Reklama etmeli!”
Öz-özi: “Dogry diýýäň, ýöne nirede reklama etmeli?”
Telekeçi: “Internetde, şu wagt her kim şoňa ýatdy.”
Öz-özi: “Dogry diýýäň, ýöne blogerler gymmat diýýä!”
Telekeçi: “Onda özüm bloger bolaýjak. Oňarmajak zadym däl!”
Şeýdip telekeçimiz reklamasyna başlaýar. Reklamasynda marketingiň iň netijeli usullarynyň birini ulanýar, ýagny bahany peseltmek. Krossowkanyň bahasyny 380 manatdan satyp başlaýar we degişli ýerlerde reklama edýär. Reklama işi netije berýär, müşderi öňküsinden köpelýär. Şeýdip telekeçimiz beýleki harytlary üçin hem reklama roliklerini düşürip internet üsti bilen reklama etmegini dowam edýär.
Hemme zat gowy gidip barýar, emma bahanyň arzanlandygyny müşderilerden başga-da, beýleki krossowka satýan telekeçiler hem görýär. Şeýdip, olar hem bahany düşürip başlaýarlar. Sebäbi Filip Kotleriň “Marketingiň esaslary” kitabynda bäsdeşlige ukyply bolmaly diýlip ýazylan ýeri olaryň ýatlaryna düşýär. Netijede krossowkanyň bahasy 360 manat boldy.
Biziň telekeçimiz harydy arzanlatmagyň netije berýändigini bilýär. Ondan başga-da, bäsdeşleriniň hem bahany düşürýändigini hem görüp başlaýar. Şeýdip geçenki ulanan “priýomyny” ýene gaýtalamak bilen bolýar. Internetde krossowka 340 manat boldy diýen reklama ýaýrap başlaýar.
Biziň telekeçimiziň edýän işinden göwni suw içmeýän bäsdeş telekeçiler öz aralarynda pikirlenişýärler. Bir tarapdan Filip Kotler gün berenok, beýleki tarapdan “näme etse bolar” diýen pikirler. Birnäçe günläp telekeçiler meseläniň üstünde kelle döwýärler. Ahyry biriniň kellesine “kelle döwenden bahany döweýin” diýen pikir gelýär. Şeýdip “baha döwmek” usuly peýda bolýar.
“Bahany düşürmek” azda-kände ýumşak usul bolsa, “baha döwmegi” söweş sungatynda ulanylýan “priýomlar” bilen deňeşdirip bileris. Ýöne bäsdeşlik bärde-de ýok bolup gidenok. Indiki “baha döwüji” ondan beter edip döwmeli bolýar bahany. Ondan soňky “kül edip döwmeli bolýar”. Şeýlelikde, görgüli bahada döwer ýaly abat ýeri galmaýar. Bular şeýdip, yzy üzülmeýän we git-gide daralyp barýan bäsdeşlik halkasynyň içine girýärler. Baha döwülýär, peýda azalyp barýar, aýlyk çykdajylar bolsa şol durşuna dur.
Görşümiz ýaly, başynda netijeli usul kän bir gowulyk bilen tamamlanmady. Endam-jany döwük-ýenjik bolup ysgyny giden “baha” durşuna gipsde ýatyr. Indi näme etmeli?
P.S. Ýürekgysgynç bolmasyn diýip, biraz degişme stilinde ýazdym. Pursatdan peýdalanyp, arman-ýadaman halkymyzy elýeter we ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmegiň ugrunda işleýän telekeçilerimize uly sagbolsun aýdýan. Olara hormatymyz uly. Işiňiz ileri bolsun, bereketiňiz artsyn!