Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jurnalist

Bagyşla bizni!

1 minut alar

Bizi bagyşla Allahym! Seni bilip, tanabam, Seni tanamaklygyň ynsanyň egnine ýükleýän jogapkärçiligine çynlakaý çemeleşmek barada juda az pikir edýäris. Biz özümiziň esasy baryp ýerleşmeli hemişelik ýerimiziň ahyretdigini bilsegem özümizi bu dünýä baky gelen ýaly alyp barýarys. Soňundanam özümizi aklamak üçin: «Düýş görüp oturan adam özüniň düýşdedigini nä bilsin?! Ýa bolmasa gowakda diwarda şöhlelenýän sudurlardan başga zady görmänsoň, şolary özüniň hakyky dünýäsimikä öýdüp ýörenler daşarda hakyky «durmuşyň» joş urýandygyny nä bilsin?!» diýýäris. 

Eý, Allahym! «Pygamberlik» diýen hakykat äpet dag ýaly bolup biziň görüş çägimizi gurşap alyp durka biziň bahana tapmaga ökdeligimizi diýsene?! «Pygamberlik» hakykatynyň beýikligi, haýbaty bütin ägirtligi bilen biziň gözümiziň alnynda dur ahyry! Judabir gözüňi ýumaýmasaň, ýa-da dyrnak ýalyjak «zady» gözüň görejine has ýakynlaşdyryp görüş çägiňi perdeledäýmseň, bu hakykaty inkär etmek – öz tebigy ýasawyňa ters giden ýaly bir zat bolmaýarmy näme?! Dünýäde ynsandan başga hiç bir jandar, hiç bir barlyk özüniň tebigy ýasawunyň garşysyna gidenok. 

Bizi bagyşla Allahym! Sen bize özümiziň kimdigini tanamak üçin erk beripsiň. Emma biz şony hem öz nebsimiziň bähbidine ulanýarys. «Erk» diýlen zat nirä çenli erkiň barlygyny bilmek, muňa aň ýetirmek we paýhaslanmagyň esasynda hakyky Erkiň öňünde baş egmek üçin berlipdir. Hakyky Erkiň eýesini tapman kösenýändigimiz üçin ýasama erkleriň elinde oýunjaga öwrülýäris. 

Sen bizi bagyşla Allahym!

46 |