Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

Programma Inženeri

Asman bilen has güýçli jemgyýet gurýarys

2 minut alar

Orta mekdebi gutaranymda, kompýuterler bilen baglanyşykly bir zatlar etmek isleýändigimi bilýärdim, ýöne takyk näme edip biljegimi bilemokdym. Daş-töweregimdäkilere-de diňe programmist bolmak isleýändigimi aýdýardym. Ýöne, haýsy ýoldan gitmelidigimi ýa-da bu ýollaryň meni nirä eltjegini bilemokdym. Daş-töweregimde ýagdaýy meniňki bilen meňzeş, üstünlikli mysallar ýokdy. Öz ýolumy özüm anyklamaly boldum. 

Ýyldyz Tehniki Uniwersitetini taşlap, Bilkent uniwersitetine geçenimde ýagdaý ýuwaşdan üýtgäp başlady. Bilkent uçurymlarynyň köpüsiniň Google, Facebook ýaly uly tehnologiýa kompaniýalarynda işleýändigini gördüm. Olaryň käbiri bilen tanyşmak mümkinçiligimem boldy. Hemmesi diýen ýaly örän hyjuwlydy we has uly zatlara ýetmegi özlerine maksat goýupdylar. Bu, meni-de öz pikir edişimden has ýokarlara maksat goýup biljekdigime ynandyrdy. Şondan soň uly tehnologiýa kompaniýalaryna goşulmak maňa keseki düşünje ýaly däl-de başaryp boljak birzat ýaly görünip başlady.

Men biziň jemgyýetimizde-de ýetmeýän iň uly zatlaryň biriniň şudygyna berk ynanýaryn. Ýaşlar özlerine meňzeş ýerde önüp-ösen, başarnykly adamlara mätäç. Başga ýurtlarda orta mekdepde bizden has gowy bilim alanlara göra biraz yzdan başlasagam, bu uly zatlara ýetip bolmajakdygyny aňladanok. 

Şol sebäpli, men we meniň bilen bir pikirde bolan käbir adamlar bilen bilelikde bu mesele üçin özümiz bir zatlar etmäge karar berdik we Türkmenistandan gelen ýaşlary tehnologiýa ugrunda ugrukdyrmagy maksat edinýän Asman atly mentorlyk programmamyzy başlatdyk.

Biziň maksadymyz, ýaşlara tehnologiýa ugrunda üstünlik gazanmak üçin zerur hünärleri we tejribeleri gazandyrmakdyr. Bu programmanyň kömegi bilen okuwçylarymyz eýýäm käbir üstünlikler gazandylar. Okuwçylarymyzdan azyndan dördüsi, uniwersiteti, hatda orta mekdebi gutarmanka hakyky işlerde tejribe gazanmaga mümkinçilik tapdy.

Asmanda biz diňe bir mentorlyk etmek bilen çäklenmän, indiki nesle ylham berjek we ýol görkezjek üstünlikli şahsyýetler ýetişdirmek isleýäris. Biziň bu ýylky maksadymyz bolsa işimizi dowam etdirmek, işimizdäki meseleleri kesgitlemek we has hem gowulaşdyrmak we Türkmenistanda has köp adama ýetmek bolar.

Asmanda, her kimiň beýik işlere ýetmek üçin mümkinçiliginiň bardygyna ynanýarys. Türkmen ýaşlaryna tejribeli hünärmenlerden tehnologiýa ugrunda üstünlik gazanmak üçin zerur hünärleri we tejribeleri öwrenmäge mümkinçilik bermek isleýäris. Ýaşlara öz maksatlaryna ýetmäge kömek edip, has güýçli we has üstünlikli jemgyýet gurup biljekdigimize ynanýarys.

Sizi hem bu missiýamyza goşulmaga çagyrýarys.

  • Eger tehnologiýa höwesi bolup, uly sepgitlere ýetmek isleýän bolsaňyz, sizi mentorlyk programmamyza goşulmaga çagyrýarys.
  • Eger tehnologiýa ýa-da şuňa meňzeş ugurda tejribeli hünärmen bolsaňyz, sizi mentor bolmaga we indiki nesle ýol görkezmäge kömek etmäge çagyrýarys.
  • Eger işimizi goldamak we has köp adama ýetmäge kömek etmek isleýän biri bolsaňyz, sizden Asman hakynda daş-töweregiňizi habarly etmäge çagyrýarys.

Geliň, türkmen ýaşlaryna üstünlik gazanmak we hemmämiz üçin has hem ýagty gelejek döretmek üçin mümkinçilik bereliň!

173 |