Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Arthur Conan Doyle

8 minut alar

Artur Konan Doýluň “Alty sany Napaleon” atly hekaýasy barada

  (Detektiw žanrynyň käbir tilsimleri)

Detektiw (iňl. detective, latynçadan terjime edilende, detego – açýaryn, mälim edýärin, syryny paş edýärin), aňtawçy, sülçi, derňewçi diýen manylary berýär. Detektiw žanry edebiýatyň bir görnüşi bolup, ol adatça, logiki analiziň (mundan beýläk seljermäniň) kömegi bilen haýsydyr bir syrly jenaýaty açmaga bagyşlanan sýužet esasynda guralýar we ýazylýar. Dedektiw žanrynyň, esasan, iki sany sýužet tipi tapawutlandyrylýar:

1)  Intellektual, Edgar Allan Po-dan gaýdýar (esasy üns jenaýatyň açylyş prosesine gönükdirilen)

2)  Başdan geçirmeler U.Kollinzden gaýdýar (täze dartgynly epizodlaryň, köplenç täze jenaýatlaryň ýüze çykarylmagy esasynda düzülen)[1]

Şeýlelikde, detektiw žanrynda eser döretmek üçin ilki bilen nämeler gerek? Bu soragyň jogabyny şo žanryň sýužet maketyny, gurluş kompozisiýasyny döreden wagtymyzda tapmak mümkin. Detektiw žanrynda prozanyň beýleki žanrlaryndaky ýaly, giňişleýin beýan edilýän töwerek ýok-da, esasy wakanyň, ýagny haýsydyr bir jenaýatyň ýüze çykyş meýdançasynyň “gury” suratlandyrma görnüşi bar. Şol meýdançadaky ilkinji hereket – ilkinji waka haýsydyr bir gyzykly sözlemden başlanýar. Bu ýerde esasy üns berilmeli zat wakalaryň gyzykly häsiýetidir. Özem ol şeýle bir derejede gyzykly bolmaly welin, adaty okyjyny aýdylan pursatyndan yzyna düşürip bilmeli. Artur Konan Doýluň “Alty sany Napaleon” hekaýasy şeýle gyzykly sözlemdenem başlaýar. (Biz bu ýerde näme üçin obýektiň hut alty sandan ybaratdygyny, altylyk sanyň simwolizmdäki semantikasyny derňemekden saklanýarys) Hekaýada Lestreýd atly derňewçiniň Şerlok Holmsyň ýanyna hemişe maslahat sorap gelýändigi, ýöne şol gün örän aljyraňňy görnendigi barada habar berilýär. Ynha, biziň şertli ýagdaýda atlandyran, giňişleýin öwüşginli beýan etmelerden mahrum hasaplaýan meýdançamyzyň ilkinji gyzykly, özem primitiw gyzykly (sözlemleriň struktura öwüşginli gurluşy bize şeýle diýmäge esas berýär) sözlemi. Şerlok Holms derňewçi Lestreýdiň ähli häsiýetlerine belet adam bolansoň, onuň bu aljyraňňylygynyň aňyrsynda haýsydyr bir wakanyň, mälim edilmedik bir ýagdaýyň bardygyny oňat bilýär. Şeýle bolan halatynda Lestreýdiň bolşuny dürli – dürli gyzykly herketler bilen, geň dymmaklyk bilen bezemek ýazyja näme üçin gerek bolduka diýen sorag ýüze çykýar. Elbetde, okyjy üçin, okyjyny yzyna düşürmek üçin gerek bolandyr. Artur Konan Doýl ähli detektiw eserlerinde diýen ýaly şu primitiw gyzykly usuldan peýdalanypdyr, bu usulyň gurluşy şeýleräk:

1)  Haýsydyr bir gündelik zady (işi, hereketi) adaty däl ýagdaýda goýmaly

2)  Ony şo zada düýbünden mahsus bolmadyk ýagdaýlar bilen bezemeli (näçe geň boldugyça, şonça ekspressiw emosional öwüşgin alýar)

Bu usulyň öz gezeginde ýazyja örän uly üstünlik getirendigini aýtmak gerek. Ýazyjynyň bular ýaly üstünligini köp edebiýatçylar onuň döwri we detektiw žanrynyň kyn detuktiw akyl ýetiriş häsiýeti bilen ölçeýärler. Sebäbi bu žanrdaky wakalar logiki analizi talap edýär. Logiki analiz bolsa her bir okyjynyň başaryp biläýjek derňewi däldir. Şu hili primitiw gyzykly sözlem birden professinal gyzykly sözlem bilen öz ýerini çalyşýar. Biziň pikirimizçe, Artur Konan Doýluň esasy ussatlygy onuň iň ýönekeýje zatlardan başlap, daşyny dolap, birdenem okyjyny tutuşlygyna öz erkine alýanlygyndamyka diýýäris. Sözlemleriň şeýle ýerini çalyşmasy, ýagny ýönekeýden çylşyrymla geçmesi detektiw žanryna mahsus usullaryň biridir. Lestreýd kimdir biriniň akyl taýdan näsagdygyny, onuň dükanlardan Napaleonyň heýkeljiklerini ogurlap döwýändigini, şu ýagdaýdan çen tutup, şo näsag adamyň Napaleony halamaýandygy üçin şeýle hereketlere ýüz urýandygyny çaklaýar. Umuman, Lestreýdiň obrazy ikitaraply obrazdyr. Şo sebäpli bu obraza berilmeli soraglar kän. Ýazyjy bu derňewçini Şerlok Holmsdan tapawutlylykda, kä akylly, käte-de gülkünç keşpde janlandyrypdyr. Ol muny özüne bähbitli şekilde işläpdir. Şeýle bolansoň, Lestreýdiň umumy obrazy barada belli bir zady aýtmak edebiýatçylarda kynçylyk döredýär. Artur Konan Doýluň esasy ünsi Şerlok Holmsuň hiç bir zady gözden salmaýan ýiti derňewçidigini subut etmeklige gönükdirilen. Ýokarky sahnada-da Lestreýdiň akyl derejesiniň uly däldigi, ýönekeýdigi bildirýär. Şu gapma – garşylyklar häzirki zaman okyjysynda eger Lestreýd Napeleonyň heýkeljiklerini döwýän adamy hakykatdanam näsag hasaplaýan bolsa, onda ol baradaky maglumatlary ýygnap ýörmeginiň sebäbi (hekaýany okanlar Lestreýdiň Şerlok Holmsa aýdan nutugynyň takyk maglumatlardan ýygylandygyny bilýändirler) gyzyklanma dörederdi. Ýene-de şu epizodyň üsti arkaly ýazyjynyň gyzykly wakanyň sýužetini döretjek bolup, şol wakada hereket etmeli gahrymanlary öz bähbidine laýyk guraýandygy aýdyň duýulýar. Şeýlelikde, biziň göz öňümizde şular ýaly obraz peýda bolýar:

a)  Lestreýd – derňewçi, ýöne onuň jenaýat hakynda maglumat toplamakdan başga düşünýän zady ýok; ol Napaleonyň heýkeljiklerini döwýän adamyň bu hereketini onuň Napaleony ýigrenýän bolmagynyň ahmaldygy bilen düşündirýär (islendik adamyň kellesine gelibiljek pikir); haçan-da Şerlok Holms ondan döwlen heýkeljikleriň sanyny we görnüşini soranda, ol döwlen üç sany heýkeljigiňem görnüş babatda biri-birine meňzeýändigini, ýagny bir nusgadadygyny aýdýar. Şu pikiriň özi eýýäm islendik derňewçini oýlandyrardy, ýöne ýazyjy akyl taýdan ýalpyldamak (tapawutlanmak) gezegini diňe Şerlok Holmsa bagyşlapdyr.

b)  Lestreýd derňewçä mahsus bolan logiki analiz etmek ukybyndan binesip – ol Napaleonyň heýkeljiklerini döwýän adamyň Londonda birgiden Napaleonyň heýkelleriniň bardygyna seretmezden, näme üçin hut şo jelegaýlardaky heýkeljikleri döwýändigini onuň şo töwereklerde ýaşap, başga ýere gitmeýändigi bilen düşündirýär (ýene-de islendik adamyň kellesine gelibiljek pikir) Görşümiz ýaly, Lestreýd nämäniň – nämedigine düşünenok. Ol, hatda, Şerlok Holmsuň heýkeljikleri döwýän adamyň näsag däldigi, näsag diýmek üçin alamatlaryň azdygy, onuň niredendir bir ýerden şo heýkeljikler baradaky maglumaty toplap, olary gözleýändigi, megerem, jenaýatçynyň nämedir bir zady agtarýan bolaýmagynyň mümkindigi baradaky çaklamalaryna-da ähmiýet bermeýär. Onsoň okyjyda bu syrly wakanyň çözgüdini kimden gözlemeli bolsa-da, Lestreýdden gözlemeli däldigi baradaky pikir peýda bolýar. Onuň geljekde-de ýöne bir gyzykly wakalary döretmek üçin hereket edip, Şerlok Holmsuň ajaýyp ukybyny hasam göze ilginç ýagdaýda görkezýän figura (gahryman) hökmünde çykyş etjekdigine şübhelenme galmaýar. Ýazyjy wakalary primitiw gyzykly usulda guransoň, ( bu usuly diňe detektiw žanrynda şeýle üstünlikli ulanmak mümkin) onuň käbir ýerlerde aç-açan gülýändigi, wakalaryň ýazyja şeýle ýeňil, şeýle aňsat düşýändigi bildirýär. Ine, ol Şerlok Holmsuň jenaýat bolan ýeri tapyşyny şeýleräk sözlem bilen beripdir: “Içigaragalmyş, şu ýerde iň azyndan adamyň janyna kast edilen bolmaly. Mundan beter ähmiýetsiz iş londonly hat gatnadýan oglanjygy öz ýolundan alyp galyp bilmez”[2] Örän ýiti ironiýa, şeýle dälmi?! Wakalary primitiw gyzykly guraýan ýazyjy üçin diňe bularam ýeterlik däl. Ol okyjyny nädip özüne ýesir etmelidigni oňat bilýär. Onuň üçin ýazyjy aýratyn kynçylygam çekip duranok. “Hemmeler hiç zada düşünenok, diňe Şerlok Holms ähli zada düşünýär” Ynha, ýazyjynyň wakalary gurandan soň, gahrymanlarynyň hereketlerini diagramma boýunça kesgitlemeli bolsa, onda olar esasy gahrymana -  Şerlok Holmsa ýol görkezijiler, çawuş çakyjylar, ümleýjiler (podskazka) hökmünde çykyş ederdiler. Bu diagrammanyň shemasy  Şerlok Holmsdan başlap, her nokatda özüniň kulminasiýasyna ýakynlaşardy. Heýkeljikleriň döwlen ýerindäki ähli adamlar olaryň örän arzan bahadadygyny, kimiň haýsy sebäbe görä bular ýaly biderek güýmenje bilen meşgullanýandygyny aňlamaýarlar. Eger kimdir biri şeýle sabyrsyzlyk bilen heýkeljikleri döwýän bolsa, oňa şol heýkeljiklerden nämedir bir zadyň gerekdigi kellesine-de gelmeýär. Bu absurd ýagdaý heýkeljigiň dördünji gezek döwlen ýerinde özüniň iň ýokary derejesine ýetýär. Heýkeljigiň eýesi jenap Hores Harker bu wakanyň sebäbini kimdir biriniň Napaleony ýigrenýänliginde görýär. Ony, hatda, şol Napaleony ýigrenýän adamyň heýkeljigi döwmek üçin  bu gezek kimdir biriniň janyna kast edendigem oýlandyranok. Şerlok Holms analiz etmekligiň öňe hem yza, yza hem öňe usulyndan peýdalanýar. Ol wakalary kem – kemden bir sapaga düzleýär-de, jenaýat edilen ýerleriň meýdanyny, jenaýaty kimiň amala aşyrandygyny, jenaýat meýdançasynda haýsy tapyndylaryň bardygyny wagt boýunça tertipleşdirip goýýar. Şu seljermäniň dowamynda ol: a) wakanyň başlanan ýa-da islendik başga bir ýerine dolanmaga; b) iň esasysy wakanyň sebäbine – motiwine düşünmäge çalyşýar. Hut jenaýatyň sebäbine – motiwine düşünmezlik onuň jenaýatçyny tutmak işinde bökdençlik döredýär. Ýöne dördünji heýkeljigiň döwülmegi, şol heýkeljigi döwmek üçin jenaýatçynyň adam janyna kast etmegi Şerlok Holmsuň ähli şübhelenmelerini el bilen aýrylan ýaly edýär. Şo pursatdan başlap, ol jenaýatçynyň nämedir bir zady gözleýändigine anyk düşünýär. Şo pursatdan başlap, ähli syrlaryň üsti açylyp ugraýar.

Şerlok Holms ýokarky metod boýunça ähli wakalary dikeltmäge başlaýar, ol heýkeljikleriň nirede öndürilendigini, olary kimiň ýasandygyny we sanyny anyklaýar. Şeýtmek bilen Şerlok Holms jenaýatkäriň şahsyýeti baradaky maglumatlary alyp başlaýar. Üstesine, Lestreýdem jenaýatkäriň şahsyýetini anyklaýjak maglumatlary (bu gezek örän anyk tertipde. Seret, şol kitapda, sah.168) Şerlok Holmsa habar berýär. Hekaýadaky galan wakalar, wakalaryň içindäki gahrymanlar eýýäm bize belli shema boýunça hereket edýärler. Olar iň soňkusyna çenli hiç zada düşünmeýän adamlar hökmünde gepläp, esere diňe emosional – ekspressiw tagam goşýarlar. Meselem, Lestreýd jenaýatkäri tutanlaryndan soň, onuň şahsyýeti barada gürrüň berýärkä, jenaýatçynyň öň skulptor bolup işländigini kän bir ähmiýet bermezden aýdyp geçýär. Şunça wakalardan soňam  onuň bu ahwalata ähmiýet bermeýändigi sypaýy sözler bilen aýdanyňda haýranlar galdyrýar. Şeýle halatda detektiw žanrynyň atasy hasaplanýan beýleki bir genial ýazyjy Edgar Allan Po – nuň: “Biziň akylymyzyň analitik ukyplarynyň özi analiz üçin kän bir güýçýeterli däl”[3] diýen wagtynda nähili adalatly baha berendigine düşünip galýarsyň. Mümkin, eserdäki heýkeljikleriň iň soňky – altynjy eýesiniň Şerlok Holmsdan şol heýkeli 10 funta satmak baradaky teklibini kanagatlandyryp, bagtyýar görnüşde çykyp gitmegine okyjynyň ýylgyryp oňaýmagynyň sebäbi şonuň üçindir. Bolmasa, asyl bahasy on – on bäş şilliňden[4] aňry geçmeýän heýkeli haýsydyr bir adamyň däl-de, Londona belli derňewçi Şerlok Holmsuň 10 funta satyn alasy gelýändigi islendik adamda sorag döretmeli ahyryn. Ine, şular ýaly üsti bir zat, asty bir zat hadysalaryň jemindenem primitiw gyzykly hekaýa emele gelipdir. Hekaýada käbir professional detallar üns berilmäge mynasyp. Şerlok Holmsuň jenaýatçynyň heýkeljikleri diňe çyranyň bolan ýerlerinde döwýändigi sebäpli, men onuň nämedir bir zady gözleýändigini aňdym diýen sözleri şeýle professional detallar ulgamyna degişlidir. Ýöne eserde bularyň azdygyna seretmezden, näme üçin jenaýatça Napaleonyň heýkeljiklerini satyn alybiljek halyna olary ogurlap, döwmek gerek bolduka (hatda, bir gezek adam janyna-da kast edýär) diýen soragyň ýadyna-da düşmeýändigi, ýazyjynyň okyjyny öz islän ýolundan ýöredip bilýändigi, elbetde, onuň ussatlygyndan habar berýär. Umuman, detektiw žanry ýylyň – ýylyna kämilleşýän žanrlaryň hataryna girýär. Soňky döwürlerde bu žanryň  “intuitiw (duýgulaýyn) detektiw” diýen görnüşi hem ýüze çykdy. Köki bolmasa, şahalaryň bolmaýşy ýaly, islendik žanrda onuň esasyny goýujylar ýatlanylmalydyr. Artur Konan Doýl detektiw žanryny dünýä edebiýatyna getirip bilen ýazyjydyr. Onuň ölmez – ýitmez derňewçi Şerlok Holmsy häzirki günlerde-de okyjylaryň söýgüli gahrymany bolmagynda galýar.

 

  Bägül ATAÝEWA


 


[1] “Большая Советская энциклопедия”. – Москва., Сов.энцикл. 1972., стр 416

[2] Артур Конан Дойл. Собрание сочинений. Том III – Москва., изд-во Огиз, 1993., стр 160

[3]  Artur Konan Doýl. Sobranie soçhineniý. Tom1 Moskwa, Ogiz. 1993, sah. 20

[4] Pul birligi (bellik awtoryňky)

3 |