tanalmadyk meşhur
Argument (delil) näme we näme üçin möhüm?
1 minut alar
Irden turanymdan soň, okalmaly kitaplaryň sanawyna we kitaplarymyň gözümiň öňünde hatara düzülenine seredenimde, dynç alýan ýaly bolup, okamagy gijikdirendigime düşündim. Soňra “dynç alyş şäherçesinde bolup bilersiň, ýöne dynç alyşda dälsiň” diýip özüme ýatlatmaly boldum.
Meniňki dolylygyna okamagy gijikdirmek bolmasa-da, ýerine podkast diňleýärin, dokumental filmlere tomaşa edýärin we ş.m. Görşüňiz ýaly, derrew eden bu hereketimi esaslandyrmaga synanyşýaryn. Hälem bu diýýänlerimiň beýniniň oýnydygyny bilýänligim. Habarly bolmak ýeterlikmi?! Ýok! Hereket ýok bolsa, gynansak-da ýeterlik däl. Soňra “Solving the Procrastination Puzzle: A Concise Guide to Strategies” — Timothy A. Pychyl (Gijikdirme kitaby) kitabynda okan reseptimi siz bilen paýlaşaýyn.
Edilmeli bir işiň meýletin ýa-da bilkastlaýyn, gereksiz gijikdirilmegi — özüňi äsgermezlik etmekdir. Öz islegsizligimizden başga, wagtynda hereket etmegimize päsgel berýän zat ýok. Näme üçin özümiziň maksatlarymyza ýetmek üçin edýän tagallalarymyzy ýene özümiz bozýarys? Bu ýagdaýda: Islegsizligiň we garşy çykmagymyzyň sebäbine düşünmelidiris. Muny ýeňip geçmek üçin strategiýalary we meýilnamalary tapmalydyrys.
Çikago uniwersitetinden Jozep Ferrari, ilatyň azyndan 20% -iniň hroniki taýdan ret etmek endiginiň bardygyny aýtýar. Hamala galan 80% -imiz adaty ýaly.