ARASSA HOWA – ARASSA ÖMÜR
1 minut alar
Howa – adam üçin iň zerur baýlyk. Biz ony görmeýäris, satyn almaýarys, emma ol bolmasa, diňe birnäçe minutda ýaşaýşymyz gutarar. Şonuň üçin arassa howa ýaşaýşyň iň möhüm kepilidir.
Soňky ýyllarda şäherlerde howanyň hapalanma derejesi örän ýokarlandy. Awtoulaglaryň gaz zyňyndylary, senagat kärhanalarynyň çykarýan tüsse we gazlary, kömür ýakýan energiýa çeşmeleri howany hapalaýan esasy çeşmelerdir. Bu ýagdaý diňe bir daşky gurşawa däl, eýsem adam saglygyna hem uly zyýan ýetirýär. Demgysma, ýürek-damar keselleriniň we hatda düwnük keseliniň käbir görnüşleriniň döremegi hapalanan howa bilen berk baglanyşyklydyr.
Arassa howany saklamak üçin şäherlerde ýaşyl zolaklary köpeltmek, elektrik ulaglaryny ýaýbaňlandyrmak, zyňyndylary azaltmak boýunça kanunlary güýçlendirmek zerurdyr. Arassa howa diňe bir ekologiýa üçin däl, eýsem jemgyýetçilik saglygy üçin hem örän möhümdir.
Rüstem ÝAKUBOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.