Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Älem modelleri #1

3 minut alar

Adamzat taryhynda älem-jahan we onuň işleýşi hakynda orta atylan dürli teoriýalar we modeller.

Men bu makalada adamzat taryhynda Älemimiz we onuň işleýşi hakynda orta atylan dürli teoriýalary we modelleriň birnäçesini (hemmesi däl) jemledim.

1. Häzirkizaman tekiz ýer teoriýasy (modeli)

Tekiz Ýer modeli


Bu modele görä Ýer ýüzi tekiz disk şekilindedir. Merkezi demirgazyk polýusydyr we daş töweregini Antarktida buzluklary orap durandyr. Asman gümmez şeklindedir... Bu model baradaky ähli dogry maglumatlary tekiz ýerçileriň resmi web saýty https://theflatearthsociety.org/home/ saýtyndan tapyp okaşdyryp bilersiñiz.

2. @adalat19-yň ýumurtga älem modeli

Ýumurtga Älem


Bu model Tekiz ýer teoriýasynyň giňeldilen görnüşidir. Bu model ilkinji gezek talyplar.com web saýtynda @adalat19 agza tarapyndan tanadyldy. Bu modele görä Älemimiz ýumurtga şekilinde bolup, birnäçe tekiz ýer disklerini saklap duran Meru atly dagy şol ýumurtgaň içinde. Bu barada aşakdaky linkden okap bilersiňiz:
http://kitapcy.ru/news/biz_hakykatdan_nirede_yasayarys/2021-07-06-16470

3. Hinduizmiň Kosmiki Ýumurtga modeli

Kosmiki Ýumurtga


Dünýäniň iň gadymy medeniýetlerinden biri bolan Hindistanda älem ýumurtga şeklinde düşünilýär. Kosmiki ýumurtga. Rigwedada ýagny sanskritçe ýazylan Wedalaryň birinji bölümi, aýlawly yrgyldyly älemi beýan edilýär. Şoňa görä-de, ýumurtganyň ak we sarysy bolşy ýaly, älemde gün, aý, ýer, we ýadro bar. Älem Bindu diýilýän ýeke nokatdan emele gelýär we wagtyň geçmegi bilen ýykylýar we ýene şol nokada öwrülýär. Bu aýlaw yzygiderli dowam edýär. Aslynda, köp mifologiki jikme-jikliklerden arassalasaň, bu häzirki zaman älem teoriýalaryna gaty ýakyn görnüş hasap edilýär.

3. Krater ýer teoriyasy

Krater Ýer


Bu teoriýa tekiz ýer teoriýasynyň giňeldilen görnüşidir. Bu teoriýa görä biziň bilýän Ýerimiz ullakan bir planetanyň bir kraterinde ýerleşýär. Bu teoriýa "https://youtube.com/@godgevlamste" You Tube kanalynda orta atyldy.
 

4. Oýuk ýer teoriýasy

Oýuk Ýer


Bu teoriýa görä ýer togalak şekildedir emma onuň içi boşdyr. Bu barada giňişleýin aşakdaky linkden okap bilersiňiz:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Hollow_Earth

5. Gosentrizm (Ýermerkezçilik)

Ýermerkezçilik


Bu modele görä Älemiň merkezi ýer togalagydyr. Ýer togalak şekildedir. Ähli asman jisimleri ýeriñ daşyndan aýlanýar. Bu barada aşakdaky linkden okap bilersiňiz:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Geocentric_model#:~:text=In%20astronomy%2C%20the%20geocentric%20model,and%20planets%20all%20orbit%20Earth.

6. Pifagoryň älem modeli

Pifagoryň ynanan modeli


Bu älem modelini orta atan kişi meşhur Pifagordyr. Bu modele görä Älemiň merkezinde bir o:t (alaw) bar ähli asman jisimleri şol oduň daşyndan aýlanyar.
Bu barada:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Pythagorean_astronomical_system

7. Nikolaý Kopernigiň Geliosentrizmi (Günmerkezçilik)

Günmerkezçilik


Bu model Ýermerkezçiligiň garşysyna oýalanyp tapylandyr. Bu modele görä älemiň merkezi Gün we ähli asman jisimleri onuň daşyndan aýlanýar. Bu barada: https://en.m.wikipedia.org/wiki/Copernican_heliocentrism

8. Geliosentrizm
Bu edil Nikolaý Kopernigiň modeli bilen birdir. Bu pikiri ilkinji orta atan Samosly Aristarh hasap edilýär. Bu barada:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Heliocentrism

9. Kepleriň Geliosentrizmi

Kepleriň modeli


Bu model Kopernigiň modeliniň has giňeldilen görnüşidir. Bu modeliň Kopernikden tapawudy planetalaryň orbitalarnyň elliptik şekilde bolmagy.

10. Tomas Wraýtyň älem modeli

Tomas Wraýtyň älem modeli


Tomas Wraýtyň “Akmaýanyň ýoly” modeli, ýyldyzlar disk görnüşindäki giňişlikde birmeňzeş paýlanýar. Raýt Akmaýanyň ýolunda 3,888,000-den gowrak ýyldyzyň we Ýere meňzeş 60,000,000 planetanyň bardygyny çaklady.
Bu barada: https://publicdomainreview.org/collection/an-original-theory-or-new-hypothesis-of-the-universe

11. Kantyň älem modeli
 

Kantyň älem modeli


Nemes filosofy Immanuel Kantyň pikiriçe, Wraýtyň modelinde ýyldyz halkalarynyň töwereginde aýlanýan ýyldyz disk bardy, bu diskiň merkezinde aýlanmagy netijesinde emele gelen merkezden gaçyryş güýji bilen içerki agyrlyk güýjüni deňleşdirýärdi. Agyrlyk güýji bolmasa ýyldyz diski dargap, aýlanmazdan ähli ýyldyzlar içerde çökerdi. Kant, astronomlaryň teleskoplary bilen gören ähli dumanlyklaryň ýyldyzlaryň aýlanýan diskleridigini öňe sürdi.
Kantyň älem modeliniň iň üýtgeşik tarapy, onuň ewolýusiýon bolmagydy. Ýagny ýyldyzlar gelip gidip barýarka wagtyň geçmegi bilen üýtgän kosmos. Kantyň pikiriçe, älemiň çäksiz giň bolany üçin onuň merkezi ýokdy.

12. Laplasyň älem modeli

Laplasyň taglymaty


Pier Simon Laplas, Kantyň 1755-nji ýylda çykaran "Asmanlaryň nazaryýeti" kitabyndaky Gün ulgamynyň gazyň we tozanyň bulutdan ybaratdygyny beýan eden Kantyň ssenarisini dowam etdirdi. Laplasyň pikiriçe, Gün ulgamynyň döremegini, merkezi günüň daşyndan aýlanýan materiýanyň birleşýän we aýlanýan bulutlaryndan planetalaryň ýygnanmagy bilen düşündirip bolar.

13. Bigbang teoriýasy

Bigbang teoriýasy


Bu teoriýa häzirki wagtda resmi ylmy jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýar. Bu älem modeline görä mundan milliardlarça ýyl ozal kiçijik bir nokatdan äpet partlamanyň netijesinde biziň älem emele gelipdir.
Bu barada: https://tr.m.wikipedia.org/wiki/The_Big_Bang_Theory

14. Plazma älem modeli

Plazma Älem


Bu älem modeli Bigbang teoriýasyna garşy çykýar. Bu teoriýany Hannes Alfwen orta atypdyr
Bu barada:
https://tr.m.wikipedia.org/wiki/Plazma_evren

15. Golografik älem modeli

Golografik älem


Bu älem modeline görä aslynda älemimiz gologrammadyr. 
Bu barada:
https://evrimagaci.org/holografik-evren-nedir-hologram-evren-modelinde-bilgi-korunabilir-mi-870

16. Simulýasiýon älem teoriyasy

Simulýasiýa teoriýasy üçin illustrasiýa


Bu älem modeline görä älemimiz bir kompýuter simulýasiyasydyr. 
Bu barada:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Simulation_hypothesis
 

151 |
|