Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jurnalist

Ak kebelekler

2 minut alar

Meniň ýaşaýan şäherime ak kebelek ýagdy. Bir sebäp bilen hökümet edaralarynyň birinde işleýän tanyşymyň ýanyna barmaly bolanymda, onuň iş stolunyň üstünde: «Gijelerine çyranyň ýagtysyna üýşýän ak kebelekleriň pagtanyň ösüşine zeper ýetirmeýändigi anyklanyldy» diýlip ýazylan habarnama gözüm düşdi. Halkyň dilinde «möjek» diýlip atlandyrylýan şol jandaryň sypaýy dildäki atlandyrylyşy «ak kebelek» bolýar. Ýöne bary-bir halkyň aýdýany dogrymyka öýdýärin. Sebäbi bir şähere däl, tutuş welaýata ýagan şol jandara «kebelek» diýesiň gelenok. Gündiz däl-de, gijelerine hem demligiňi daraldyp barýan petiş howanyň üstesine adamlary halys elewredýän bu möjejigiň nireden, näme sebäpli dörändigini hiç kim bilenok. Hiç kimiň bu barada pikir etmäge eli baranok. Hökümet-ä bilse-de, aýdanok. Gije-gündiz hars urup ýören halkyň esasy köplük bölegi bolsa, beýle zatlara geldi-geçer garaýar, «gelen bolsa, gelşi ýaly hem gider» diýýär.

Dogry, islendik gelen zat geçmeli. Yzynda bir topar pidalar goýup gidýär diýmeseň, hatda iň howply ýokanç keseller hem geçip gitmeli. Geçýänine bil baglasaň, dünýede geçmeýän zat ýok. Diýmek, geçýän zatlaryň iň kiçisinden başlap, iň ulusyna çenli – ählisi bize geçmeýän ýeke-täk bir zadyň bardygyny ýatladýar. Şol zadyň nämedini tapmasak, onuň ebedilik sakasyna barmasak, onda biz ýaňky möjejiklerçe-de bolup bilmeýäris. Ynsan üçin özüniň beýleki jandarlardan tapawutlanýandygyny bilmek ýaly jebirli zat ýokdur. Bu jebire döz gelmek, megerem, ynsanyň iň uly meselesi bolsa gerek.

 

62 |