
Jemgyýetçilik işgäri
"Aglamaňy bir goý..."
3 minut alar

XV asyryň ahyrynda musulmanlaryň Ispaniýada 780 ýyla çeken agalygy soňa gelipdi. Bu ýerde olaryň elinde saklanyp galan ýeke-täk Granada emirligi hem ispanlaryň güýjüni ykrar edip, şolara paç töläp otyrdy.
Granadanyň soňky hökümdary Muhammet XII Аbu Аbdulla ederini bilmez, nalajedeýin ýigitdi. Ispanlara garşy eden ýörişinde olara ýesir düşüp, üç ýyl zyndanda oturansoň, olaryň diýeninden çykmajakdyna söz berip azat bolupdy we täzeden tagtyna geçipdi. Soňra, dogrudanam, ispanlar onuň döwletine ýöriş edip, şäherlerini yzly-yzyna alyp gelýärkälerem, ol muňa päsgel bermedi. Osmanly soltanyna, Marokko patyşasyna hat ýazyp kömek soraýardy.
Muhammet XII, ýa-da ispança Boabdil her işde ejesi Aýşa al-Horra hem garaşlydy. Boabdiliň kakasy emir Abul Hasan Alynyň tagty öň hristian ikinji aýalyndan bolan ogluna tabşyrany üçin ony tagtdan agdaryp, ýerine öz ogluny getiren hem Aýşady.
1491-nji ýylda ispanlar paýtagt Granada şäherini almakçy bolanlarynda ilat berk gaýtawul görkezdi. Ispaniýanyň hökümdarlary Izabella Kastiliýaly we Ferdinand Aragonly emir Boabdile hat ýazyp, şäheriň açaryny tabşyrmagyny talap etdiler.
1492-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Izabella we Ferdinand toý lybasynda, wezir-wekilleri bilen Granadanyň etegine geldiler. Gepleşige görä Boabdil olara açary gowşuranda ellerini hem öpmelidi. Her niçigem bolsa onuň ejesi oglunyň beýle kemsidilmeginiň öňüne geçip, oňa ellerini öpdürmekden saklanmaklaryny ispan hökümdar ýanýoldaşlaryň öňden boýnuna goýdy. Şondan soň Boabdil ilen-çalanlaryny alyp, uzak bir welaýatda berlen mülkde ýaşamaga gitmelidi.
Araplaryň Ýewropadaky soňky şäheri Granadanyň synmagy uly taryhy waka bolup, bu indiden bu ýana ispan döwletiniň geografiki açyşlar bilen meşgullanmagyna ýol açdy. Ispan gullugynda ýören italýan deňizçisi Hristofer Kolumb hem şol açar gowşurma dabarasynda hökümdarlary ýeňiş bilen gutlady. Ýüzüş üçin olardan kän garaşdyran serişdeleri alyp, syýahatyny amala aşyran Kolumb şol ýyl täze materigi – Amerikany açdy.
Dört aýlyk gabawdan soň derwezesi açylan Granada şaheriniň 30 müňe golaý ýaşaýjysy ispanlar tarapyndan öldürildi, maýyp edildi ýa-da ýesir edilip äkidildi.

Taryhyň şaýatlyk etmegine görä, bu ýerden gidip barýan Boabdil bir beýik dag geçelgesinde atyny saklap, yzyna seredipdir. Indi üstünde duşman baýdagy parlaýan özüniň deňsiz-taýsyz Alhambra köşgüni, gylyçdan geçirilýän, ogul olja, gyz ýesir edilýän halkyny ol ýerden eliniň aýasynda ýaly görüp duransoň, gözýaşlaryny saklap bilmändir. Şonda onuň ejesi lellim ogluny şeýle sözler bilen dalapdyr:
– Ýör, oglum, tizräk gideli-le! Erkek ýaly gorap bilmedik zatlaryň üçin heleý ýaly aglap durmasana...

Her niçigem bolsa ispanlaryň saýasynda ýaşamak islemedik Muhammet XII bir ýyldan soň Orta Ýer deňziniň kenaryndan gämä münüp, Marokkodaky Fesiň hökümdaryna sygnypdyr. Ogullary Ýusupdyr Ahmet, ejesi, ilen-çalandyr hyzmatkärleri bilen özüne berlen bir köşkde ýaşapdyr.
1618-nji ýylda Fes şäherine aýlanan taryhçy al-Makkary bu ýerde Muhammet XII-niň neberelerini görüp gürleşendigini, olaryň döwlet tarapyndan zekatdan berilýän sadakanyň hasabyna ýaşaýan gedaýlardygyny ýazýar.
Her ýylyň 2-nji ýanwary Granadada baýram edilýär. Şäheriň günortasynda
860 metr beýiklikdäki şol Boabdiliň aglan geçelgesi bolsa Suspiro del Moro (ýagny “Arabyň armany, arman çeken ýeri”) diýen at bilen meşhurdyr.
