Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Adatyň gadyr-gymmaty – özüňi tanamagyň beýany

2 minut alar

Türkmen gyzlarynyň arasynda milli däpleriň äsgerilmezligi baradaky jemgyýetçilik pikirleri baradaky pikirlenme.

"Bir halk özüňi inkär edip, başga bir halkyň kölegesinde ýaşamaga synanşan mahaly – ol halk ýok bolmaga ýakyndyr."

Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan baý medeniýeti, ruhy dünýäsi we jemgyýetçilik düşünjesi bar. Bu düşünjeleriň özeni bolsa – edep-terbiýe, ýol-ýörelge, ýagşylyk bilen ýaşaýyşdyr. Şol ýol-ýörelgeleriň biri hem türkmen gyzlarynyň geýim-köýnek medeniýetidir. Ýöne soňky ýyllarda, aýratyn hem ýaş gyzlaryň arasynda milli geýim görnüşlerine bolan garaýyşlarda üýtgeşmeler we hatda olaryň äsgerilmezligi ýaly negatiw tendensiýalar ýüze çykýar.

Gynansak-da, häzirki wagtda käbir ýaş gyzlaryň arasynda "giň köýnek geýýän bolsaň – obaly", "durmuşdan yza galan", "şähere laýyk däl" diýen ýaly pikirler ýaýrap, jemgyýetçilik düşünjede ýalňyş stereotipleriň döremegine sebäp bolýar. Emma şu ýagdaý: şol bir wagtyň özünde arap ýurtlarynyň giň we ýapyk eşiklerini "moda" diýip kabul edýärler, şeýle eşikleri "arabiskiý stil" hökmünde buýsanç bilen geýýärler. Bu ýagdaý diňe bir jemgyýetçilik äheňleriň tersligine däl, eýsem şahsy we milli özüňi tanamagyň-da pese gaçýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmeniň “Gülüň biten ýerinde gadyry bolmaz” diýen nakyly bu ýagdaý bilen ajaýyp utgaşýar. Halkyň öz baýlygyny, öz gözelligini, öz edebini bilmän, daşardan gelen täsirleri göwünläp, özüňden ýüz öwürmek – bu diňe bir bireýýäm ýaşlaryň däl, eýsem jemgyýetiň hem ruhy äheňiniň alamatydyr. Türkmenleriň giň köýnegi, guşakly geýimi diňe bir eşik däldir – bu mertebe, mähir, edep, zenanlygyň özboluşly beýanydyr. Ol geýim bilen diňe bir bedeni däl, eýsem ruhy arassalyk hem daş-töwerege beýan edilýär.

Her bir halkyň özüne mahsus medeniýeti bar. Ýöne kimdir bir halk başga bir halkyň däplerini mynasyp görüp, öz däplerine äsgermezlik bilen çemeleşýän bolsa, onda onuň ruhy sütünleri çynlakaý çat açylandyr. Türkmen gyzynyň görki diňe keşbinde däl – onuň geýiminde, ýörişinde, sözünde, mähirinde jemlenendir.

Hormatly türkmen gyzlary, ilki bilen siz özüňize sowal beriň: men näme üçin daşary ýurt medeniýetine buýsanýan? Näme üçin öz halkymyň mähirli, edep bilen bişen däplerini pes görýärin? Bir hakykaty kabul etmeli: türkmen geýimi diňe bir eşik däl – bu medeniýet. Özgäň eşigine buýsanmak bilen, özüňden gaçýarsyň.

Utanç nämä gerek? Gynanç nämä gerek? Türkmen gyzy öz halkynyň geljegidir. Geljek bolsa – öz köki bilen berkarar bolýar.

Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin, diňe tankyt däl – eýsem özüňi tanamak, milli gymmatlyklara seretmek, gözellik bilen baglanyşykly düşünjeleri täzeden kesgitlemek zerur. Türkmen köýnegi – obalylyk däl, ol asyllylykdyr. Ol köne däp däl, ol döwrebaplygyny ýitirmedik medeniýetdir. Ol moda däl, ol mähridir.

Bu makala diňe bir düşündiriş bermek däl, eýsem ýaş gyzlara özüňi tanamagy, milli baýlyklaryna buýsanyp ýaşamagy, daşarky täsirlere gözüňi ýumup boýun egmezligi öwüt berýär. 

 

15 |