ADAM WE TEBIGAT: DURNUKLY GATNAŞYGYŇ ZERURLYGY
1 minut alar
Tebigat bilen adamyň arasyndaky gatnaşygyň durnukly bolmagy biziň dünýämiziň dowamly ösüşiniň esasydyr. Häzirki döwürde adamzadyň ösüşi bilen daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsirleri deňleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Ilatyň köpelmegi, şäherleriň giňelmegi we önümçiligiň ýokarlanmagy bilen daşky gurşaw barha köp zyýan çekýär.
Daşky gurşawy goramak diňe bir ekologlaryň işi bolman, ähli jemgyýetiň gatnaşmagyny talap edýän köpugurly mesele bolup durýar. Her bir pudagyň, şol sanda oba hojalygynyň, senagatyň we ulag ulgamynyň hem daşky gurşawa edýän täsirine jogapkärçilikli garalmaly. Mysal üçin, himiki serişdeleriň ýerliksiz ulanylmagy topragy zaýalaýar, suw serişdelerini hapalaýar we ösümlik dünýäsi üçin howply bolýar.
Ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek üçin täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy örän möhümdir. Awtomatlaşdyrylan suwaryş ulgamlary, energiýa tygşytlaýjy enjamlarynyň ulanylmagy, gaýtadan işlenilýän materiallardan peýdalanylmagy tebigata ýetirilýän zyýany azaltmaga kömek edýär.
Adam bilen tebigatyň arasynda deňagramlylygy saklamak – häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň biridir. Tebigaty goramak – ýagty geljegimiziň binýadydyr.
Atabek TULIÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.