Gir

Post

user.makalam· 1 / 2

well well well:) Pikir alyşmaga açyk post: Bilim- bir wakanyň prosesini düşündiryän şaha ( bilim, dãnãniň yarylyp uly agaç bolup bilmegini, ýyldyrym üçin + - zaryadlaryň yer we gök arasyndaky energiyasydygyny ädim-ädim aydyp biler..we ş.m.) Yöne bilim bilen Yeriň öz daşyndan nähili tizlikde aylanyandygyny, orbitasynyň yzarlap bilinmekligi, onuň arkasyndaky esasy sebäbi: haysy güyç ony şol tizlikde aylayar; ertir orbitasyndan çykmajagyjyny kim garantiya beryär... bulara jogap berip bilmeyär

@muawiye-e jogap

Ayatlaryň inen döwründe, çaganyň emele gelşi bu yzygiderlikde bilinenokdy. "Yaradan yaradanyny bilmezmi?" diyyär Kitapda... yene-de pikirleriňize açyk:)

@user.makalam-a jogap

Gurhandan öň hem Gurhanyň aýdan zatlaryna meňzeş, hatda ondan hem düýpli eserler ýazyldy. Mysal üçin Aristoteliň "Fizika", "Asman barada" kitaplary, "De Generatione et Corruptione" kitaby, Lukretiusyň älem baradaky kitaby, Senekanyň "Tebigat" kitaby we dürli-dürli fragmanlarda älem, madda, atomlar we ş.m ençe zat ýazypdyrlar.

user.makalamAwtor
@muawiye-e jogap

Ỳagny agzan alymlaryňyz bolmagy, Kuranyň içindäkileriň dogrulygyna täsir etmeyar. Az tersinden pikirlensek, eger yokarda agzalan we şoňa meňzeş maglumatlar pygamber(sav) döwründe bilinyän bolsady " asylam bilyän zadymyz " diyip hiç kim hijret, boylot yaly agyrylara çydajak bolmazdy

@user.makalam-a jogap

Täsir edýär. Gurhandaky zatlar öň başga ýerlerde agzalan bolsa, onda bu Gurhanyň ählumumy nazaryýetine çapraz düşýär.

@muawiye-e jogap

Zariýat süresiniň 47-nji aýatyndaky "Biz asmany öz gudratymyz bilen bina etdik we şübhesiz ony giňeldýäris" diýen jümle, Edwin Habblyň 1929-njy ýylda galaktikalaryň biri-birinden daşlaşýandygyny we älemiň giňelýändigini açmagy bilen baglanyşdyrylýar.

@user.makalam-a jogap

Ýalňyş. Bu aýatdaky "giňeltmek" sözi ilki başda "güýç", "rysk" manylarynda ulanylýardy. Ýöne ylmy taglymat döränden soň aýatdaky sözleri ylma tassyklatmak üçin söze başga many berdiler.

@muawiye-e jogap

Aytyan zatlaryňyzy tersinden pikirlenip görseňizmi🙃 eger diyşiňiz yaly, "dogrulamak" üçin many girizen bolsadylar... diymezdilermi araplar " täze many girizildi " diyip(olaram arap bolany bilen hemmesi musulman däl:)) Döwründe-de "yalňyş" tapmak üçin pursat gözleyänler azdyr öydemok. Şeyle yagday bolan bolsa, bellige alnardymyka diyyän

@user.makalam-a jogap

Araplar we başga musulmanlar öz dinini tassyklatmak üçin elbetde soňky manyny kabul ederler. Biz bilim adamlarynyň, obýektiw nazaryýete eýerýän kişileriň garaýyşlaryny seljermeli. Olar hem Gurhanyň bütinleý ylmy kitap däldigini nygtaýarlar.

Diyyänleriňize jogap yokarda agzadym: arap , auto-muslim bolup gidenok, döwründe garşy çykylardy diyşiňiz yaly uytgedilen many goşulan bolsa. Maksat pikir alyşmak) Siziň yoluňyz size, meň yolum maňa:)

0 jogap

Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç