Gir

Post

user.makalam· 1 / 2

well well well:) Pikir alyşmaga açyk post: Bilim- bir wakanyň prosesini düşündiryän şaha ( bilim, dãnãniň yarylyp uly agaç bolup bilmegini, ýyldyrym üçin + - zaryadlaryň yer we gök arasyndaky energiyasydygyny ädim-ädim aydyp biler..we ş.m.) Yöne bilim bilen Yeriň öz daşyndan nähili tizlikde aylanyandygyny, orbitasynyň yzarlap bilinmekligi, onuň arkasyndaky esasy sebäbi: haysy güyç ony şol tizlikde aylayar; ertir orbitasyndan çykmajagyjyny kim garantiya beryär... bulara jogap berip bilmeyär

Din hem düşündirip bilenok.

6 jogap

Ayatlaryň inen döwründe, çaganyň emele gelşi bu yzygiderlikde bilinenokdy. "Yaradan yaradanyny bilmezmi?" diyyär Kitapda... yene-de pikirleriňize açyk:)

Gurhandan öň hem Gurhanyň aýdan zatlaryna meňzeş, hatda ondan hem düýpli eserler ýazyldy. Mysal üçin Aristoteliň "Fizika", "Asman barada" kitaplary, "De Generatione et Corruptione" kitaby, Lukretiusyň älem baradaky kitaby, Senekanyň "Tebigat" kitaby we dürli-dürli fragmanlarda älem, madda, atomlar we ş.m ençe zat ýazypdyrlar.

Aydanlaryňyz döwrüniň alymlary. Mesele azajygam Muhammet(sav)-y tanamamakdan sebäplenyär. Kuran Onuň(sav) üsti bilen indirildi, okap-yazyp bilmeyan biri. Döwründe okap yazyp bilyãn adamlaryň sany azdy. Eger şeyle bolmadyk bolsa, ynanlaryň başynda döwrüniň biznesmeni, okap yazyp bilyan Ebubekir bolmazdy.

Ýene 1 jogap

Terjimeleri google-dan . Türkmen platformasy, türkçe paylaşmak islemedim.

Duýgy organlarynyň ösüşi: Sejde süresiniň 9-njy aýatynda we Ynsan süresiniň 2-nji aýatynda ilki eşitmek (gulak), soňra görmek (göz) duýgusy agzalýar. Ylmy taýdan hem enäniň göwresinde içki gulak we eşitme mehanizmi, gözlerden we görme merkezinden has öň ösüşini tamamlaýar.

Embriologiýada ilki kitirdewük we süňk esaslarynyň emele gelmegi, soňra myşsa dokumasynyň (etiň) bu skeletiň daşyny örtmegi, aýatdaky "süňkleri ýaratdyk, süňklere et geýdirdik" diýen yzygiderlilige doly gabat gelýär.Üç garaňkylyk zolagy: Zümer süresiniň 6-njy aýatyndaky "sizi eneleriňiziň garnynda üç garaňkylygyň içinde ýaradýar" diýen jümle, häzirki zaman lukmançylygynda çagany goraýan garyn diwary, ýatgy diwary we amniýon haltasy (perdesi) hökmünde düşündirilýär.

Kurandan 10larça şeyle ayatlaryň içinden biri: Müminun süresi, 12–14 Kasam bolsun, Biz ynsany palçykdan (süzülip alnan) bir öňünden/özünden ýaratdyk.Soňra ony berk bir mekanda (ýatgyda) bir nutfa (döl/zigot) halyna getirdik. @Soňra nutfany alaka (embriýa) etdik. Yzyndan alakany bir çeýnemlik et bölegine (mudga) öwürdik; bu bir çeýnemlik etden süňkleri (izam) ýaratdyk; bu süňklere-de et (lahm) geýdirdik. Soňra bolsa ony başga bir ýaradylyş bilen (ynsan keşbinde) emele getirdik..."

Din meselesinde, turkmen halkynyň agramly bölegi musulman hem bolsa, "meniň doglan milletimiň dini şul" diyip şoňa görä gitmek...manysyz gelyär maňa. Hristiyan milletde ortodoks hem bolup bilerdim... şu düşünje bilen 3 ýyl öň her dine bir girip çykdym we obyektif öwrenenlerimiň netijesinde hemmesi soňy yslama gelyär

Musulman maşgalada doglanym üçin däl, yslam dinini saýlanym üçin musulman men. Sebäbi Gurhandan öň birinji Injili okadym.

Ölümden soň dowamy bolmajak bolsa, şahsy pikirim... ruhy we maddy agyrylara çydajak bolmagyň manysy yok. Ya-da meniň maşgalamdan "garnyma 2 lokma kän girsin" diyip km-lerçe uzakda "okajak" diyip aylanyp ỳörmegimiňem. Öwrenmegiň, yaşamagyň, agyrylaryň bir manysy dowamy bolmaly... "Yaradyjy barmy" diyip, yüregiň açyk şekilde hemme dine meňzeş seredip gözlege başlansa.. aylanyp dolanyp yene yslama gelyär.

Dowamy haçana çenli? Ölenimizden soň, soňsuza çenli ýaşamalymy?

Ýene 2 jogap

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç