«Kawwam» — hojaýyn däl, jogapkär diýmekdir. Nisa süresiniň 34-nji aýatyndaky «kawwamun» sözi arapçadan «ekläp-saklaýjy, goraýjy we jogapkär» diýip terjime edilýär, «hojaýyn» ýa-da «hyzmatkärini dolandyrýan» diýen manyny bermeýär. Buharide gelen hadysda hem aýala «öýüň hyzmatkäri» däl-de, «öýüň çopany (dolandyryjysy/jogapkäri)» diýilýär. Dolandyryjy bolmak bilen hyzmatkär bolmagyň arasynda uly tapawut bar.
Post
"Goraýjy, dolandyryjy, aýakda saklaýjy" diýip terjime edilýär (Diýanat I/M). Klassyky tefsirleriň we Gurhandaky tejrimeleriň ählisinde "hojaýyn" sözi geçýär, meselem türkmençe Gurhanda: "Erkekler aýallaryñ hojaýynydyr. (Munuň sebäbi) Allanyň (ynsanlaryň) käbirlerini beýlekilerinden artyk etmegi hem-de (erkekleriň) emläklerinden (galyň tölemek, eklemek ýaly) çykdajylary etmekleridir." Ylahyýatçy professor Ömer Çelige görä: "Erkekler kadınlar üzerinde yönetici ve koruyucudurlar".
Almaly Hamdy Ýazyr: "Erkekler, kadın üzerine idareci ve hakimdirler". Hasan Basry: "Erkekler kadınlar üzerine haakimdirler". Töwhid tefsiri: "Allah'ın kimini kimine üstün kılmasından ötürü ve erkeklerin, mallarından sarf etmelerinden dolayı er-kekler kadınlar üzerine kavvamdırlar." Bu ýerden hem belli bolşy ýaly, "kawwamlyk" ahyr söz däldir. Erkekler hen fiziki, hem-de başga aýratynlyklary sebäpli üstün bolandygy üçin kawwamdyr.
Bu zatlaryň ählisi, Yslamda deň hukuklylygy nygtamak üçin beýan edilýär. Ýöne Yslamda erkegiň dört aýal haky (Nisa 3), gyrnak (çäksiz) haky (Nisa 24-25), mirasda köp paý haky (Nisa 11), şaýatlyk (Bakara 282), aýala ilki duýdurmak soň (sähel) urmak haky (Nisa 34) bardyr. Şeýle-de "jähennemdäkileriň köpüsi aýallardyr" (Buhary).
Kitabyň ortasyndan random ayat alyp "şey diydi" diyip bileňzok. Şol wagtyň şertine görä, näme sebäpden nahili yagdayda geldi seretseňiz: 40 ayal alynyan wagty 4-e düşürilyär (1nji gelniniň rugsady bolmazdan 2njini alyp bilmeyär; rugsat berjek gelin bardyr öydemok) Miras meselesi, 2/3 erkek alyar sebäbi gazanjyny maşgalasyna siňdirmek erkekleriň boynuna; zenanlaryň alany özüniňki Urmak meselesi, aýata seretseňiz urmaga gelmänkä ilki gürleşiň, ara saklaň, yerleriňizi aýyryň... diyyär
Şu ayat yekeje yerde agzalyar, 25-30 toweregi yerde " Pygamber name diyse /etse şony ediň" diyilyär Pygamberimiziň(sav) durmuşyna seredilende urmak eken, sesini gataldan yeri yok. Soňky hutbesinde hem "Allahyň emanetine/gelinlerine/ eye çykyň" diyyär
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.