«Kawwam» — hojaýyn däl, jogapkär diýmekdir. Nisa süresiniň 34-nji aýatyndaky «kawwamun» sözi arapçadan «ekläp-saklaýjy, goraýjy we jogapkär» diýip terjime edilýär, «hojaýyn» ýa-da «hyzmatkärini dolandyrýan» diýen manyny bermeýär. Buharide gelen hadysda hem aýala «öýüň hyzmatkäri» däl-de, «öýüň çopany (dolandyryjysy/jogapkäri)» diýilýär. Dolandyryjy bolmak bilen hyzmatkär bolmagyň arasynda uly tapawut bar.
Post
"Goraýjy, dolandyryjy, aýakda saklaýjy" diýip terjime edilýär (Diýanat I/M). Klassyky tefsirleriň we Gurhandaky tejrimeleriň ählisinde "hojaýyn" sözi geçýär, meselem türkmençe Gurhanda: "Erkekler aýallaryñ hojaýynydyr. (Munuň sebäbi) Allanyň (ynsanlaryň) käbirlerini beýlekilerinden artyk etmegi hem-de (erkekleriň) emläklerinden (galyň tölemek, eklemek ýaly) çykdajylary etmekleridir." Ylahyýatçy professor Ömer Çelige görä: "Erkekler kadınlar üzerinde yönetici ve koruyucudurlar".
Almaly Hamdy Ýazyr: "Erkekler, kadın üzerine idareci ve hakimdirler". Hasan Basry: "Erkekler kadınlar üzerine haakimdirler". Töwhid tefsiri: "Allah'ın kimini kimine üstün kılmasından ötürü ve erkeklerin, mallarından sarf etmelerinden dolayı er-kekler kadınlar üzerine kavvamdırlar." Bu ýerden hem belli bolşy ýaly, "kawwamlyk" ahyr söz däldir. Erkekler hen fiziki, hem-de başga aýratynlyklary sebäpli üstün bolandygy üçin kawwamdyr.
Bu zatlaryň ählisi, Yslamda deň hukuklylygy nygtamak üçin beýan edilýär. Ýöne Yslamda erkegiň dört aýal haky (Nisa 3), gyrnak (çäksiz) haky (Nisa 24-25), mirasda köp paý haky (Nisa 11), şaýatlyk (Bakara 282), aýala ilki duýdurmak soň (sähel) urmak haky (Nisa 34) bardyr. Şeýle-de "jähennemdäkileriň köpüsi aýallardyr" (Buhary).
Yslamda aýallar din we akyl taýdan egsikdir, pesdir (Buhary Haýz 6), işini bir aýala tabşyran jemgyýetiň ýazgarylmagy (Buhary, Tirmizi) we aýallardan lider, halyf bolmaýandygy baradaky hökümler, aýal bilen erkegiň deň däldigini görkezýär.
Ýene-de bu zatlardan daşary, aýal "islemese" etmez, ýöne başga wezipeleri ýerine ýetirmeli bolar. Bulam Yslamyň, erkegi ekläp-saklaýjy görmegine (erkegiň käbir aýratynlyklary sebäpli) ters düşer. Eger islemeseň başda-da aýdyşym ýaly eklemek, dolandyrmak, pul gazanmak işine girmeli we iş ýeriňe hyzmat etmeli bolýaň. "Hyzmat" sözüni nähili manyda ulanýan bolsaň netije üýtgeýär. "Islemese" öýde ýatmaly däl, däp-dessurlarda-da beýle zat ýok. "Edeňokmy, maşgala goşant goş".
2 jogap
Kitabyň ortasyndan random ayat alyp "şey diydi" diyip bileňzok. Şol wagtyň şertine görä, näme sebäpden nahili yagdayda geldi seretseňiz: 40 ayal alynyan wagty 4-e düşürilyär (1nji gelniniň rugsady bolmazdan 2njini alyp bilmeyär; rugsat berjek gelin bardyr öydemok) Miras meselesi, 2/3 erkek alyar sebäbi gazanjyny maşgalasyna siňdirmek erkekleriň boynuna; zenanlaryň alany özüniňki Urmak meselesi, aýata seretseňiz urmaga gelmänkä ilki gürleşiň, ara saklaň, yerleriňizi aýyryň... diyyär
Şu ayat yekeje yerde agzalyar, 25-30 toweregi yerde " Pygamber name diyse /etse şony ediň" diyilyär Pygamberimiziň(sav) durmuşyna seredilende urmak eken, sesini gataldan yeri yok. Soňky hutbesinde hem "Allahyň emanetine/gelinlerine/ eye çykyň" diyyär