«Kawwam» — hojaýyn däl, jogapkär diýmekdir. Nisa süresiniň 34-nji aýatyndaky «kawwamun» sözi arapçadan «ekläp-saklaýjy, goraýjy we jogapkär» diýip terjime edilýär, «hojaýyn» ýa-da «hyzmatkärini dolandyrýan» diýen manyny bermeýär. Buharide gelen hadysda hem aýala «öýüň hyzmatkäri» däl-de, «öýüň çopany (dolandyryjysy/jogapkäri)» diýilýär. Dolandyryjy bolmak bilen hyzmatkär bolmagyň arasynda uly tapawut bar.
Post
Söýgi bilen hyzmatyň tapawudy gatnaşykda. Elbetde, maşgalada wezipeler paýlaşylýar we öýe-çagalara seretmegem biri etmeli. Ýöne Yslam hukugynda (fykhda) aýalyň nahar bişirmegi ýa-da öý arassalamagy parz (hökmany borç) däl-de, onuň yhsany (ýagşylygy we söýgüsi) hasaplanýar. Şol sebäpli «sen oňa söýgi diý, men hyzmat diýeýin» diýmek dogry däl.
Aýalyñ her bir öý işi edenine ýoldaşynyñ üsti başyna naharyna oýe çagalaryna seretmegi aýal islese edip biler we oña goşmaça sogap ýazylýar. Şeýle hem ýoldaşy hem islese oñ kömek edip biler, Pygamberimiziñ hem öý işlerinde aýalyna kömek edişi ýaly.
2 jogap
"Goraýjy, dolandyryjy, aýakda saklaýjy" diýip terjime edilýär (Diýanat I/M). Klassyky tefsirleriň we Gurhandaky tejrimeleriň ählisinde "hojaýyn" sözi geçýär, meselem türkmençe Gurhanda: "Erkekler aýallaryñ hojaýynydyr. (Munuň sebäbi) Allanyň (ynsanlaryň) käbirlerini beýlekilerinden artyk etmegi hem-de (erkekleriň) emläklerinden (galyň tölemek, eklemek ýaly) çykdajylary etmekleridir." Ylahyýatçy professor Ömer Çelige görä: "Erkekler kadınlar üzerinde yönetici ve koruyucudurlar".
Almaly Hamdy Ýazyr: "Erkekler, kadın üzerine idareci ve hakimdirler". Hasan Basry: "Erkekler kadınlar üzerine haakimdirler". Töwhid tefsiri: "Allah'ın kimini kimine üstün kılmasından ötürü ve erkeklerin, mallarından sarf etmelerinden dolayı er-kekler kadınlar üzerine kavvamdırlar." Bu ýerden hem belli bolşy ýaly, "kawwamlyk" ahyr söz däldir. Erkekler hen fiziki, hem-de başga aýratynlyklary sebäpli üstün bolandygy üçin kawwamdyr.
Bu zatlaryň ählisi, Yslamda deň hukuklylygy nygtamak üçin beýan edilýär. Ýöne Yslamda erkegiň dört aýal haky (Nisa 3), gyrnak (çäksiz) haky (Nisa 24-25), mirasda köp paý haky (Nisa 11), şaýatlyk (Bakara 282), aýala ilki duýdurmak soň (sähel) urmak haky (Nisa 34) bardyr. Şeýle-de "jähennemdäkileriň köpüsi aýallardyr" (Buhary).
Yslamda aýallar din we akyl taýdan egsikdir, pesdir (Buhary Haýz 6), işini bir aýala tabşyran jemgyýetiň ýazgarylmagy (Buhary, Tirmizi) we aýallardan lider, halyf bolmaýandygy baradaky hökümler, aýal bilen erkegiň deň däldigini görkezýär.