Post
Ilýas aga, çap eden kitaplaryňyzdan maşgalany eklär ýaly gazanç edip bolýarmyka! Siz indi tüweleme köpe mysal bolup biljek derejä ýetdiňiz. Umuman, bu ýola ýany rowana bolanlar üçin bir gazanç çeşmesini nähili döredip bolar! Kitap ýazyp soňam çap edip satmak mümkinçliginiň derejesi, barada bir iki agyza aýtsaňyz!
2 jogap
Düşnükli Ylýsas aga, jogbyňyz meni diýseň kanagatlandyrdy. Adamyny tapyp bilsek,bazarynam tapyp bolar. Beren maslahatlaryňyz gaty ýerlikli, biz onda bilýänje kärimize dowam edibereli. Galanam nesibe, belki bir gün bizem birzatlar çap ederis. Köp sag boluň! Üstünlik hemraňyz bolsun!
Bu barada ikimiz maslahatlaşaly. Mende goşgularam, hekaýalaram, oýlanmalaram, powest-romanam bar. Bulardan maňa girdeji barmy?Hersiniň çap bolaýandaky ujypsyzja gonorary boldy. Romanymyň türkçesi üçin türklerden az-owlak gonorar aldym hem türkmençesini çap etdirdim. Türkmençesini bärde satyp biraz pul aldym. Ähli gazananym maşynyň özüne däl dört tekerini çalyşmaga-da ýetmez. Häzir bu baýlygy işe girizeli diýen tapsam, ýagny eserleriňi satyp bereýin diýen tapsam çap etdirip biljek. Şeýle teklibi entek hiç kime edip göremok, özüme-de şeýle teklip bilen ýüzlenen ýok.
