Post
Ilýas aga, çap eden kitaplaryňyzdan maşgalany eklär ýaly gazanç edip bolýarmyka! Siz indi tüweleme köpe mysal bolup biljek derejä ýetdiňiz. Umuman, bu ýola ýany rowana bolanlar üçin bir gazanç çeşmesini nähili döredip bolar! Kitap ýazyp soňam çap edip satmak mümkinçliginiň derejesi, barada bir iki agyza aýtsaňyz!
Bu barada ikimiz maslahatlaşaly. Mende goşgularam, hekaýalaram, oýlanmalaram, powest-romanam bar. Bulardan maňa girdeji barmy?Hersiniň çap bolaýandaky ujypsyzja gonorary boldy. Romanymyň türkçesi üçin türklerden az-owlak gonorar aldym hem türkmençesini çap etdirdim. Türkmençesini bärde satyp biraz pul aldym. Ähli gazananym maşynyň özüne däl dört tekerini çalyşmaga-da ýetmez. Häzir bu baýlygy işe girizeli diýen tapsam, ýagny eserleriňi satyp bereýin diýen tapsam çap etdirip biljek. Şeýle teklibi entek hiç kime edip göremok, özüme-de şeýle teklip bilen ýüzlenen ýok.
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.
