Gir

Post

@b.jorayev-e jogap

Makalada ýazan zatlaryň bilen ylalaşamog-a diýemok. Emma, ol adamlara baglylykda formuladaky üýtgeýänleriň sany artyp ýa kemelip biler. Bagt - meniň pikirimçe durmuşyňdan, amala aşyrýan işleriňden we ş.m lezzet almak hem-de ruhubelent bolmak. Bu ýagdaýa ýetmek üçin bolsa adama baglylykda dürliçe hereketleri, amallary ýerine ýetirmeli bolar. Meselem, diýeli, niýeti erbet adam bagtly bolup bilmez öýdýän bolsaňyz bu düýbünden ýalňyşlyk. Bular ýaly adam şol niýetindäki maksadyna ýetse wagtlaýyn (ýa mydama) bolsa-da özini bagtly saýar, eden işinden lezzet alar. Bu ýönekeýje mysal formulanyň üýtgäp biljekdigini görkezýär. Ol adamyň gurşawyna baglylykda wagtyň geçmegi bilen üýtgeýär. Emma bagta ýetmek üçin gerekli esasy üýtgewsiz zat: SAGLYK!

Näsäg adamlaram bagtly ýaşap, özünden göwni hoş, ygtybarly, özüne ynamly, öz durmuşyndan razy we şadyýan bolup biler, lezzetem alyp biler, ruhubelentem bolar, meniň pikirimçe. YouTube-da näsag (maýyp) adamlaryň çykarýan wideolary, berýän maslahatlary bar, şolaram adamlary güldürip, olara bir zatlar goşmagy başarýarlar, eýsem bu kişi öz durmuşyndan närazy bolup, şadyýan bolmazmy, meniň pikirimçe bolýandyrlar. Ýene-de näsag bolup, örän köp işler başaran adamlar bar, şuwagt ýüzleý ýazaýýaryn.

0 jogap

Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç