Gir

Post

Makalany paýlaşanyňyz üçin minnetdar, paýlaşanyňyz gowy boldy. Bize-de çaga agtyk görmek, kaka bolmak, ata bolmak nesip etsin. Bu dünýä çyndanam geň, täsin, käwagt pikir edýär ynsan has erbetlikleri görüp, pajygaly hadysalary, adamyň içindäki gara tegmili, ömri köýen adamlary görüp, bu dünýäde şeýle adamlaram bar, onsaň soraglap, dogmalara ýüzlenip başlaýaň, meselem pikir edýän käwagt, men Afrikada doglup bilerdim, haýsam bolsa ylym-bilim almakdan mahrum, aç çaga bolup bilerdim, emma meni ýazgyt başga ýurtda, şu ynsan edip ýolumy çyzdy, meniň şu ýerde oturmagymyň sebäbi diňe ýazgyt, belki Afrikada, Indoneziýada, Braziliýada doglup bilerdim. Ýazgyt üçin (bar bolsa eger) erkin ygtybarymyz bolmaly däl.

· 1 / 2

Ýagny biz many, adam, dünýä, älem, akyl, aň barada gürleşýäris welin, durmuşymyz (haýsam bolsa bir mekanda) öňünden kesgitlenen, ýazylan bir sahna bolup biler, we hemmämizem ol sahnada çykyş edýäris, rolumyzdam soň gidýäris, we sahnadan soň çykybam "gördüňizmi, men bir zatlar başardym" diýýäris, "biz etdik" diýýäris. Bu belaly, pis düşünje äleminde gaýybam, üýtgemeýän bir hakykata (hakykatdanam) göz ýetirýäris, olam ýagşy adam bolmak, durmuşda gowy adam boljak bolmak, bir zatlar başarjak bolmak, öňümizdäki nesil üçin bir zatlary miras goýmak, bu ýerde "gowy" sözüni jedelleşjek däl, umumy aýdýan, global kanunalaýyklyklara aýdýan.

8 jogap

Akyly başynda ýaşulylary görmegem hyýal bolup galdy, gaty az, käbiri 70 ýyl ýaşapdyr, emma boşuna ýaşapdyr, diýjek hiç zady ýok, öwretjek hiç zady ýok, şol sebäpli käwagt akyly başynda ýaşulylaryň ýanyna baryp gürleşýärin, edil pelsepe barada gep alşyp bolanok, "näme diýýäň ýegenim"-e öwrülýär, ýöne gyzykly bolýar, şular ýaly adamlaryň bardygyna begenýäň, guwanýaň.

Berdinazar Hudaýnazarowyň aýdyşy ýaly, "dünýä juda mätäç merde". Mert bolalyň, gowy bolalyň, medeniýetli bolalyň, ahlakly bolalyň, paýhasly bolalyň, ylymly bolalyň.

Mahmyt Zamahşaryň aýdyşy ýaly: Owalbaşda oýun-güýmenje, şatlyk, Boý alan daragt deý gülledi ýaşlyk. Ýaşlygyň hyjuwy gitse-de bilden, Kalpda dur, aýrylyp gitmeýär bizden. Dury bolmasa-da ýaşlyk çeşmesi, Ondan içmek lezzet, men oň teşnesi. Her günde men şat etmesem göwnümi, Hasaplaman ony ömrüň bir güni.

Ýetginjeklik, çagalyk döwri, ýaşlyk döwrüni adam küýseýär, adamyň durmuşyny Ilber Ortaýly 4-e bölýär, 12-25 ýaş arasy, 25-40 arasy, 40-55 arasy we 55-den aňarsy. 12-25 ýaş arasy ädim ätmek döwrüdir, durmuşymyzy şu döwürde gurýarys, hemme etjek zatlarymyzy (dil kemçiliklerimiz, sport, ylym-bilim, okuw, kär, gezelenç) etmeli, sebäbi beden saglygymyz we energiýamyz ýerindedir. 25-40 dikeltmek döwrüdir, etmedik zatlarymyzy gaýtalarys, söz sözläp başlarys, 40-55 arasy kämillikdir, hökmürowanlykdyr, 55-den aňarsy dynç almak döwrüdir. Şol sebäpli ynsan ilki bilen durmuşynyň haýsy döwründe näme etjegini gowy bilmelidir.

Çybynlar 15 gün ýaşaýandyr, olar üçin bu ýetik, hiç bir jandar ömrüm az diýip gozgalaň edenok, sebäbi tebigaty şeýle, ony üýtgedip bolanok, tebigat şol wagtyň oňa ýetjegini duýar ýaly edip ýaratdy. Emma bizde zehin bar, pikir bar, bize ýetýärmi ömrümiz? Tebigata görä adamam aslynda bir haýwan, ýagny "homo sapiýens", biz özümize ynsan diýýäris. Belki ömrümiz azdyr, ýetenokdyr, belki bizdenem üstün bir nesil, medeniýet, barlyk bardyr, oňa görä-de wagt tapawudyndan biz 1-2 aý ýaşaýan ýalydyrys, kim bilýär.

Şol sebäpli arasynda "übermensch" pelsepesine ýykgyn edýär adam, awtora has gowy düşünip ugraýarlar. Bu zatlardan ders almak möhüm. Gurbannazar Ezizowdan bir gürrüňi ýazypsyňyz, ýaşaýyş bagtyýar, manyly, peýdaly günlere görä kesgitlenýär, çyndanam şeýle, meselem biz ortaça 80 ýyl ýaşasak, onuň bir güninden nahar iýýän, ýolda bolýan, işde bolýan, hajathana, duş, 8 sagat ýatan wagtymyzy aýyrsak 4 sagat ýaşaýarys, munam ýyla köpeldeniň-de 13-15 ýyl bolýar, ýagny biz hakyky 13 ýyl ýaşaýarys, intek doglanyňdan soňky 4-5 ýyly we garran mahalymyz haýal geçen ýyllary goşanyňda. Munam gowy ulanyp bilmeli, gowy zatlar etjek bolmaly, her wagtymyz 13 ýyldan gidýär, tijenmeli. Emma köp kişi hiç özüni kämilleşdirmän, jahyl bolup ölüp gidýär, gynançly.

Käbir adamlar ýaşaýar, ýöne ýaşanok. Beýle adamlar aslynda boşuna ýaşaýarlar, bular adamlara hormat goýmaýarlar, sylamaýarlar, durmuşda diňe özleri akyllydyr öýdýärler, hiç zat okamaýarlar, dogmalary sebäpli ynsan kesjek (pis) ýürekleri, kirli aňlary bar, ol aňlary ýuwulmaýar, kiri çykmaýar, diňe kiri başga adamlarada ýokuşdurýarlar, çagalaryna, ýan ýoldaşyna, maşgalasyna mähir bermeýärler, urýarlar, horlaýarlar, öldürýärler, bu kişiler bar, çyndanam bar, hatda köp, emma (durmuşda hemme zatdan ders alnyşy ýaly) bulardanam ders alyp bilýäris, olam, şolaryň özlerine meňzemezlik, ybrat almaklyk. Bular gaty köplük, we güýçleri uly, Maksim Roweriň aýdyşy ýaly, akmaklar köplük bolany üçin gowlugy ýeňýärler, we bu taryhda-da esasan şeýle bolandyr.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç