
Post

3 jogap
Takmynan 6 aý töweregi mundan öň @edebiyatsoyer instagram sahypamda bu gündelik essäňiziň şu ýerini post edip paýlaşypdym: ,,Il derdini paýlaşmakdan geçen öz derdindenem saplanmaga gaýrat etmegiň ýerine gününi zeýrenje öwürýänler özlerine gynanylmakdan lezzet alýarlar. Gurbannazar şahyr olar barada “Gynanylýan adam hakyky däldir“ diýýär." Bu sözleriňiz maňa güýçli täsir etdi.Zeýrençlerime,özüme gaharym geldi,şol sanda-da utanypdym...
Gurbannazaryň "hakyky däldir" diýen adamlary meniň pikirimçe özleriniň dözedip biljekkynçylygyny düzetmegiň deregine ondan zeýrenýänlermikä diýýän. Ýogsa adama her derdini paýlaşana zeýrenýär, ol hakyky däldir diýsek ýalňyş bolarmyka diýýän. Zeýrenmek bilen derdiňi paýlaşmagyň arasynda inçejigem bolsa bölüji bir çyzyk geçýär. Zeýrenýän däl-de derdini paýlaşýan hakyky adamlara duşupdym. Mysal üçin, gaty gowy, ýürekdeş oglan emma birinji nikasy şowsuz bolupdyr. Ol nädip beýle ýagdaýa düşenini gürrüň berýär. Özünde günä ýogam bolsa, ýene özüni günäkärleýär. Ikinji nikasynyň şowly bolmagy üçin ol elinde baryny eder, emme ýazgydyndan çykyp bilmez. Ol zeýrenenok, durmuşyň gaty çylşyrymlydygyny aýdýar. Gaty inçe tema...
Makalany paýlaşanyňyz üçin minnetdar, paýlaşanyňyz gowy boldy. Bize-de çaga agtyk görmek, kaka bolmak, ata bolmak nesip etsin. Bu dünýä çyndanam geň, täsin, käwagt pikir edýär ynsan has erbetlikleri görüp, pajygaly hadysalary, adamyň içindäki gara tegmili, ömri köýen adamlary görüp, bu dünýäde şeýle adamlaram bar, onsaň soraglap, dogmalara ýüzlenip başlaýaň, meselem pikir edýän käwagt, men Afrikada doglup bilerdim, haýsam bolsa ylym-bilim almakdan mahrum, aç çaga bolup bilerdim, emma meni ýazgyt başga ýurtda, şu ynsan edip ýolumy çyzdy, meniň şu ýerde oturmagymyň sebäbi diňe ýazgyt, belki Afrikada, Indoneziýada, Braziliýada doglup bilerdim. Ýazgyt üçin (bar bolsa eger) erkin ygtybarymyz bolmaly däl.
Ýagny biz many, adam, dünýä, älem, akyl, aň barada gürleşýäris welin, durmuşymyz (haýsam bolsa bir mekanda) öňünden kesgitlenen, ýazylan bir sahna bolup biler, we hemmämizem ol sahnada çykyş edýäris, rolumyzdam soň gidýäris, we sahnadan soň çykybam "gördüňizmi, men bir zatlar başardym" diýýäris, "biz etdik" diýýäris. Bu belaly, pis düşünje äleminde gaýybam, üýtgemeýän bir hakykata (hakykatdanam) göz ýetirýäris, olam ýagşy adam bolmak, durmuşda gowy adam boljak bolmak, bir zatlar başarjak bolmak, öňümizdäki nesil üçin bir zatlary miras goýmak, bu ýerde "gowy" sözüni jedelleşjek däl, umumy aýdýan, global kanunalaýyklyklara aýdýan.
Makalanyň 2018-nji ýylda ýazylandygyny görüp oňa "könelendir" öýdäýmäň. Dogrusy, paýlaşmakçam däldim. Ýöne ömür hakynda, wagt hakynda ýazylan 2-3makalany okadym-da, garaýyşymy paýlaşaýyn diýdim. Men ömre häzirem şeýle garaýaryn.