Post
Çölde azaşan düýeli adamlar hakda Hydyr aga ýazypdy, atam diýip, gündelik ýazgylarynda.Düýeler çydamly we akylly jandar."Gorkak batyr" filmde Ata Durdyýew agtygyna diýýär:,,Gorkma oglum! Egnine suw çelek ýükläniňden soň bu janawer guýa gitmelidigine düşünýär, ol seni azaşdyrman äkider we getirer".
Düýeli azaşanlar hakyndaky wakany Hydyryňam ulanan bolmagy ahmal. Menem dört düýe bilen baglanşykly syýahatçylaryň rowaýaty bilen birlikde-de ulandym. Bärdäki görnüşi onuň iň gowusy hem ilki ýazylany bolmaly. Gorkak batyrda-da aýdýar düýäň guýa eltjegini.Türkmeniň düýesi hakynda ýene aýdyp bolsa aýtmaly. Gaýtalanyp gelse-de bir okan bar, bir okamadyk bar. Dünýä ertekilerinde-de bir ýol bilen gitseň gelersiň. Bir ýol bilen gitseň geljegiň gelmejegiň nägümana, bir ýol bilen gitseňem yzyňa gelmersiň diýen ýaly detal gaýtalanyp kän ulanylýar. Bärde durmuşyň erteki ýaly ynanyp bolmajak zatladan doludygyny aýtmak isledim. Ýerine düşüpmi, düşmänmi onam bilemok.
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.
