Gir

Post

Çölde azaşan düýeli adamlar hakda Hydyr aga ýazypdy, atam diýip, gündelik ýazgylarynda.Düýeler çydamly we akylly jandar."Gorkak batyr" filmde Ata Durdyýew agtygyna diýýär:,,Gorkma oglum! Egnine suw çelek ýükläniňden soň bu janawer guýa gitmelidigine düşünýär, ol seni azaşdyrman äkider we getirer".

4 jogap

Hydyryňkyda garawul ýerden bir kesegi aljak bolýar welin kesek eline böküp özi gelýär. Garawulam mundan gorkup kesegi çagalara tarap zyňman yzyna oklaýar. Soň öýüne gelende şol çagalardan biriniň jan berip bilmän ýatandygyny aýdýarlar. Garawulam gidip şol kesegi alyp gelýär-de oglanjygyň maňlaýyna degirýär weli onuň demi sogrulýar. Bu hakykatdan bolan waka. Men ony soň bir derwiş bilen baglanyşdyryp rowaýat edenlerini okadym. Emma Hydyryň ýazany hakyky bolan waka. Ejemiz gürrüň beripdi.

Obanyň ýaşulusy wakany detallary bilen sorapdyr we dawa eden ýigde ,,Git-de şol daşy tapyp getir" diýipdir.Daşy tapyp elinde goýupdyrlar we sagalypdyr.Mugallymym gürrüňini dowam etdi:,,Oglanlar araňyzda kakyş-kukuş edeniňiz bilen hiç bir zat bolmaz öýtmäň.Görýäňizmi daşjagaz hem ajal sebäpkäri hökmünde rol alyp bilýän eken".Başga-da örän täsirli nesihatlar aýdypdy.Ynha şunuň özi hem bir hekaýalyk waka.Dünýäde gudrat köp...

Ýerine düşüpdir.Hydyr aganyň ýene bir durmuşdan alnan hekaýasy bolmaly.Bir ýaşuly üzümçiligine birugsat gelip üzüm iýýän oglanlara gaharlanýar we eline bir daşjagaz (ýa-da kesek) alyp zyňmak isleýär, emma gaharyna erk edip saklanýar.Birnäçe günden şol da:ş çenelen oglanjyk ysgynsyz ýatypdyr we şol daşjagazy eline berseler sagalypdyr.Hut şuňa çalymdaş da:şly wakany bize mugallymymyz hem gürrüň beripdi: mugallymym dostlary bilen daga gezelenje gidipdirler.Arak içişlikden soň başga iki dostunyň sözi azaşyp, dawalaşmaga başlapdyrlar.Biri beýlekisine ,,Häzir şu daş bilen maňlaýyňy ýararyn" diýip çemlenipdir.Gahardan akyl üstün çykyp daşy ýere taşlapdyr.Da:ş çenelen şol kişi birnäçe günden soň duýdansyz mejalsyz ýorgana düşüpdir.Obanyň ýaşulusy

Düýeli azaşanlar hakyndaky wakany Hydyryňam ulanan bolmagy ahmal. Menem dört düýe bilen baglanşykly syýahatçylaryň rowaýaty bilen birlikde-de ulandym. Bärdäki görnüşi onuň iň gowusy hem ilki ýazylany bolmaly. Gorkak batyrda-da aýdýar düýäň guýa eltjegini.Türkmeniň düýesi hakynda ýene aýdyp bolsa aýtmaly. Gaýtalanyp gelse-de bir okan bar, bir okamadyk bar. Dünýä ertekilerinde-de bir ýol bilen gitseň gelersiň. Bir ýol bilen gitseň geljegiň gelmejegiň nägümana, bir ýol bilen gitseňem yzyňa gelmersiň diýen ýaly detal gaýtalanyp kän ulanylýar. Bärde durmuşyň erteki ýaly ynanyp bolmajak zatladan doludygyny aýtmak isledim. Ýerine düşüpmi, düşmänmi onam bilemok.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç