Post
Sizi şu hekaýaňyz bilen tanadym. Esger gazetinde çap edilipdi, takmynan 2020-ler töweregi :)
3 jogap
Ony çalt pozular ýaly oýman ýazýardyk. Men hatyň awtoryny derrew tanadym. Şol gezek synpyň deňinden geçip giden Serdaryň meni diňländigini şol ýerde bilip galdym. “Asyl ol meni diňläpdir-ä” Birdenem, meniň ýadyma Mähriniň aýdan sözleri, Serdaryň ýanyp giden gözleri düşdi. Ýanyp giden gözleri... Men näme üçin dyňzap duran gözýaşlarymyň sesli agy bilen atylyp çykanyna, şondan soň kalbymyň biraz rahatlyk tapanyna henizem düşünemok, ýöne durmuşyň islendik kyn pursatynda özümi gören gözlerimi, onuň parta ýazyp giden sözlerini ýatlap, ähli kynçylykdan üstün gelip biljekdigime welin düşünýärin, sebäbi ol ýerde” Ýatla meni” diýip ýazylgydy ahyryn.
Göwnüme, ol meniň bilenem hoşlaşmalydy. Hiç haçan iki minutdan aňry gürleşmedik, ol gürrüňleriň mazmunam diňe okuw we bäsleşikler bolan wagtam ol näme üçindir meniň bilen aýratyn hoşlaşmaga geläýmelidi, meniň bilen aýratyn oturyp gürleşäýmelidi. Beýle zad-a bolmady. Menem çişip duran kellämi bahanalap, agyryp duran ýüregimem elime alyp, bir pursatlyk ýatlamalar üçin mugallymdan rugsat soradym-da, şol parta ýazylan hatlaryň ýerine seretmäge geldim. Men ol ýere-de wagty bilen seredip bilmedim. Diňe gözýaşlarym kiparlap, ümezläp duran gözlerim parta ýazylan haty saýgarýança şeýdip oturypdyryn. Kiçiräk harplar bilen oýulyp ýazylansoň,awtoryň bar güýji bilen galamy basandygy bildirip durdy. Adatça, biz hatlary basyp ýazmaýardyk.
hawa ilkinji gezek Garagum zurnalda 2012 noyabr cap edildi, son 2020 Esger gazetinde cap boldy ikinji gezek. Osman Odayev bu hekayany okap hayran galdym diyipdi. Sen yazyp bilyan diyip baha berdi shonda.