Post
Ýene-de oýlanma degişli bolmaýan, şahsyňyza degişli sowalym bar ("bu gyz-a ýüz berilse ikiýüz dilemäge tutdurdy" diýenmiş, muny okan awtor🌚) kitapcy.ru-da 2022-nji ýylda ýazan oýlanmaňyzda şeýle sözler bardy: "Kyrkdan soň aýyl bolsa adamzat" diýlişi ýaly, men hem elliniň onlugyny ýarpylaberen ýaşymda..." - Ýasawul, kalkulýatory huzuryma çagyr! -Derhal, patyşahym! -Emriňizi berjaý kyldym, soltanym: 2022-45=1977 ...Siz 1977-de doglanmy? Bilýän siz anonim bolmagy halaýan ýazyjy. Jogap bermek islemeseňiz hem düşünerin. Düşbüje okyjydyryn 🌚
Ýo-laý. Bukulansyran bolup ýöremok. "Düýä münüp hataba bukulma" diýýär-ä, Türkmen aga. Aýdylyşyna görä: "islendik ýazyjyň ähli ýazan zady oň hut özjan özjagaşy hakda bi ne ajaýyp dessan". Onsoň hemme ýazanlaňda özüňi mazamlamakdanam geçip, ýene gabat gelen ýeriňde "özjan özjagaşyňy" sereşlemäge çabalanyp, garaköseň bolup ýörseň, "biraççyk" gelşiksiz däm-aý?! :-)
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.