Gir

Post

@bagabat-a jogap

"Awtora neşirýatdan mugt berilýäniň ýekeje ekzemplýardygam bir ketje". Deňeşdiriş: SSSR döwründe awtora neşirýatdan - öz kitabyndan köp sanlysy berlipdir. Awtor bolsa kitabyndan garyndaşlaryna, galamdaşlaryna, hatda uçarda tanşanlaryna az wagt bolan sözi alşan kişä sowgat beripdirler. Kitap bolçulygy... diňe sözde hem örän ýakymly eşidilýär.

bagabatAwtor

Edil beýle hezil "eňňereçilik" ýok (...dy diýýäler). Bäş-üç sanysyny tanyş üsti bilen "mugtjak" alan bolsalar, galanlaryny gonoraryň hasabyna beripdirler. Häzirem "galamhakynyň ujundan aljak" diýseň ýok diýesleri ýomuka diýýän :-). Ýöne tapawudy, o mahallar kitabyň bahasy "köpükde" ölçelýän bolsa, häzir "manatda". Onam puluňy sarp edip paýlasyň gelmiýä. Birinjiden: bolanja puluňy başga, has derwaýys zada sowsaň - hop ýagşy lazym; Ikinjiden: "özüňi" özüň öz puluňa satyn alyp, onam "mugtuna" paýlap ýÖ:seň, barybir okalmajagyňy bilip, özüňi reklama etmäge ölüp ýatan ýaly bolýaň. Umuman neme-dä...

0 jogap

Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.