Post
Gaýtalanýan pikirler, birmeňzeş ahwallar ýöne geň ýeri, taryplanyşy üýtgeşik. Meger, bizden öňkülerem biziň başdan geçirýän duýgularymyzy ýaşap geçen bolsalar gerek?.. Şu dünýädäki ähli umumy, meňzeş we özeni ýeke-täk bolan zatlary başga-da görýän barmyka?! We täsin, näme üçin bu pikirleri aýdanymy bilemok welin, asyl niýetim ýönekeýje jümle galdyrmakdy teswirlere... Olam şu: biriniň gelerine garaşsaň gelmän-jik geçer, gözleseň, tapman-jyk geçersiň. Halypa mugallymlarymdan biriniň aýdyşy ýaly, "Gözleme, tap!" We ýogsa-da, mail salgymy goýsam, ýazyp bilersiňizmi? Şu portalda geň-enaýy adamlar diýseň kän... Hemmesi çaý başynda ýürekden söhbet ederlik adamlar. Hakyky durmuşda-da görüşsek diýýän köplenç, iň bolmanda wirtual tanyşsak?..
Meniň bilen tanyşmak islegi ýokarky oýlanmamy okanňyzdan soň dörän däldir diýip umyt edýän!
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.
