
Post

5 jogap
Romantikany halasamda, bu ýazanlaryny Myrada berseň, indi köp film sungatyna aralaşyp başlapdyr,belki bellige alar. Ondan beýlesem bilmedim-dä bu ýazanlaryň nä derejede hakykata laýyk gelýänini...Ýöne oýlanmaňyz hiç erbet däl,haladym)
Bu durmuşda ýalňyzlygy duýýanlar, ýa ýalňyzdyr ýa-da ejir çekýänler. Gözleseň taparsyň! Umytda boluber!
Gaýtalanýan pikirler, birmeňzeş ahwallar ýöne geň ýeri, taryplanyşy üýtgeşik. Meger, bizden öňkülerem biziň başdan geçirýän duýgularymyzy ýaşap geçen bolsalar gerek?.. Şu dünýädäki ähli umumy, meňzeş we özeni ýeke-täk bolan zatlary başga-da görýän barmyka?! We täsin, näme üçin bu pikirleri aýdanymy bilemok welin, asyl niýetim ýönekeýje jümle galdyrmakdy teswirlere... Olam şu: biriniň gelerine garaşsaň gelmän-jik geçer, gözleseň, tapman-jyk geçersiň. Halypa mugallymlarymdan biriniň aýdyşy ýaly, "Gözleme, tap!" We ýogsa-da, mail salgymy goýsam, ýazyp bilersiňizmi? Şu portalda geň-enaýy adamlar diýseň kän... Hemmesi çaý başynda ýürekden söhbet ederlik adamlar. Hakyky durmuşda-da görüşsek diýýän köplenç, iň bolmanda wirtual tanyşsak?..