Hemmelere salam :). Bu ýer has hem kämilleşipdir, görüp begendim). Gurujysyna berekella, işleriňizde üstünlikler!
Garlawaç
@asteroid_b612
Duýguçyl, ýöne doňýürek :)
Duýguçyllyk pent berip gördümi saňa? Özüňe ynanyşyň dek ynanyp gördüňmi birine? Ýa-da özüne bildirmäni ýagşylyk edip görüpmidiň ýa:t adama? Awtobusdaky daýzanyň ýüküni düşürşip gördüňmi heý? Toplumyň içinde ýekesiremek duýgusy nä, şo tanyşmy saňa? We iň soňky soragym, biriniň göwnüne degipmidiň bilgeşleýin?
Nätänyş şäher. Nätanyş köçe. Nätanyş adamlar. Nätanyş duralga. Nätanyş ulaglardan seredýän nätanyş gözler. Nätanyş itiň üýrüşi... We nätanyş galmagalyň içinde duran tanyş ümsümlik. Nätanyş köplügiň içindäki tanyş ýalňyzlyk!.. 21:49. 20.09.2023.

