...

Azat Myrat

@Watan
Jurnalist

Dünya edebiyatyna degişli eserleri halayaryn.

Erk we kemlilik

Adamyň hemme zada güýji ýetenok. Bu temany çintgäp otursaň, adamyň hiç zada güýji ýetmeýändigini boýun almaly bolýar. Ynsana erk-eradanyň berlenligi şeksiz hem bolsa, onuň her bir hereketinde, hatda oý-hyýallarynda hem ylahy erk-eradanyň yzlaryny görmek bolýar. Muny inkär etmek mümkin däl. Çäklije erk bilen çäksiz erki utgaşdyryp bilmek. Ine bar mesele şondan ybarat. Bu ýerde özüňi bütinleý inkär etmegiňem, ýa bolmasa özüňi aşa hudaýlaşdyrmagyň hem hiç hili geregi ýok. Ynsanyň özümiňki diýýän gaty köp zadyna erki…

Erk we kemlilik

Penjire

Daňdanyň ümüş-tamşynda gapymyz kakylýar. Aýalym: «Gapy kakylýar» diýip meni turuzýar. Gapyny açsam, eli radsiýaly «işgärleriň» biri. Maňa: «Aýnaňyzyň biri çalaja açyk galypdyr, ýapaýyň» diýýär. Näme üçin ýapmalydygyny sorap oturmagyň hajatynyň ýoklugyny, soraýanyňda-da esasy maglumatyň gizlenip diňeje «Çäre bar» diýlip oňulýandygyny bilenim üçin, «Bolýar» diýip göwünli-göwünsiz gapyny ýapýaryn. Uly ýoluň ugrundaky penjireleri birlaý gözden geçirýärin. Göräýmäge, bary ýapyk ýalydy. Ýöne, dogrudanam, ýaňky peläketiň aýdyşy ýaly, bir penjirämiz doly ýapylman sähelçe açyk galypdyr. Öz-özüm geň galýaryn. Penjirämiň…

Penjire

İnjimi, ünjümi?

Biz ölüp gitmeli. Ölüm gutulgysyz. Bizden öňküleriň gidişi ýaly, bizem gidiji, bizden soňkularam. Gitmän bolanok. Inimiň oglunyň bize gezmäge gelende öýümiziň oýunjaklaryny görüp «galjak» diýip aglaýşy ýaly nadaralyk edeniň peýdasy ýok. Inimiň ogly myhmançylyga baran ýeriň oýunjagyny öýüňe alyp gaýdyp bolmaýandygyna düşünerden entek kiçiräk. Biraz ulalsa, onuň hem şoňa aňy ýetäýmeli. Aň ýetmeli, aň ýetmese, çaga ýaly aň-düşünjesiz hereketler şol gaýtalanyp durmaly. Sen bary-bir gitmeli. Şonuň üçin iru-giç gitjekdigiňi bilip, şoňa görä taýýarlykly bolmak gerek.…

Nobat

Ýurdumyzyň ady belli bankynda nobata durun. Bar zatdan öňürti men özümiň paýtagtly däldigimi size ýatladasym gelýär. Sebäbi indiki gürrüň bermekçi bolýan zatlarymy okaýan mahalyňyz siz meniň paýtagtly bolup dogulmazlyk bagtsyzlygyndan (belkem bagtlylygyndan) ullakan paýyny alan ýazgyda eýedigimi hergiz ýatdan çykarmaly dälsiňiz. Ine, şol faktory göz öňünde tutsaňyz, onda meniň indiki sözlerim siziň üçin hiç hili geň bolmadyk ýagdaýa öwrülmegi hem ahmal. Mahlasy, bankda durun. Ýurdumyzyň ady belli, hatda ýurdumyzyň adyny göterýän bankynyň kassasynda çagamyň okuw…

Pataçylyk

Käbir adamlaryň aradan çykmagyna asman barlyklary hem gynanarmyş. Käbir adamlaryň dünýeden sogrulyp gitmegine asman-zemin gözýaş edermiş. Bu aýdýanym aýat bolmagy hem gaty ahmal. Şäher ýerinde ýaşasaň adamlar ölmeýän ýaly bolup dur. Negada bir bolaýmasa, pata-beýlekä-de gözüň düşenok. Bu ýagdaýy görüp, ölümiň edrenç ýüzüni görkezmezlik maksady bilen pata-sadakalary hem gizläýýälermikä, jynazalary hem restoranda-beýlekide okadaýýamykalar diýesiň gelip dur. Obada welin, sosial dagynyklyk entek doly agalyk etmänsoň, öldi-ýitdi habarlary derrew her kimiň gulagyna degýär. Käbir ýurtlarda, belkem, dünýäde…

Gün

Gün entek ýaňy bir erňegini görkezip ugran uçurlary men ýola düşdim. Üstesine, ýüzüm gündogara sarydy. Ulagymyz öňe dyzadygy saýyn Gün hem kem-kemden tegelenip ýokary galýardy. Öz ýurdumyň asmanynyň astynda Günüň dogar ýerine tarap birinji gezek ugraýan ýaly bolup durun. Belki, birinji gezekdirem. Ulagda gidip barýarkam bir mahallar okalyp, ady-sory ýatdan çykyşan kitaplardan hakydamda galan şu setirler dilime gelýär: « Ýüzüň Güne tarap bolsa, saýaň arkaňa düşer, Günüň tersine ýöresiň welin, saýaň öňüňe düşer ». Bu…

Dost

Dostumy küýseýärin. Dost küýseýärin. Aýtmaklaryna görä, kalbynda hakyky imany göterýän adam üçin älemdäki islendik zat dost bolmaly. Men bu söz bilen doly ylalaşýaryn. Mysal üçin, weli ynsanlar çöl-beýewanlarda ýeke özleri aýlanyp ýören bolsalar hem, olaryň hiç hili içi gysmaýar. Sebäbi ähli zadyň ýaradyjysy bir bolansoň, şol ýaradyjynyň üsti bilen ähli zadyň arasyndaky dostluk köprüsini gurmak olara başardýar. Weliler tutuş barlyk bilen hemdem bolup bilýärler. Elbetde, hemme kişi hem weli bolup bilenok. Hakyky iman diýip kalbymda…

Ýük ýolda galmalymy?!

Konstitusiýamyzyň maddalary döwletimiziň hukuk esaslarynyň iň bir gysby ýagdaýa getirilen görnüşi bolansoň, olar başdan-aýak halkyň esasy köpçüligine ýat bolan hukuk terminlerinden ybarat ýaly bolup dur. Elbetde, bolmalysam şeýledir. Muňa biziň hiç hili dawamyz ýok. Şeýle-de bolsa, olary halkyň düşünäýjek dilinde teswirlemek hem zerurmyka öýdýärin. Sebäbi iň bärkisi Haktagalanyň özi hem ynsanlar bilen gatnaşyga geçende olaryň düşünäýjek dilinde sözläpdir. Ol özüniň beýikligine mahsus dil bilen gürlän bolanlygynda muňa ynsanyň tap getirip bilmejegi, elbetde, körä mälim. Şonuň…

Owaz

Nireden bir ýerden dutaryň owazy eşidilýär. Aşakgy ýa-da ýokarky goňşulardan gelýän bolmaly. Geň galaýmaly, olaryň ikisinde-de dutar diňlejek ýaşda adam ýok. Gulagym meni aldamaýan bolmasa, ol, hakykatdanam, dutaryň owazy bolmaly. Özem hamana uzak-uzak geçmişden ýaňlanýan ýaly şeýle çalajan eşidilýär. Dutaryň sazyna düşünişim ýabygorly hem bolsa, men ony hiç haçan özüme keseki zat ýaly duýmadym. Gaýtam, şu ömrüme ony mydama meniň barlygyma dahylly bir zat ýaly duýup gezdim. Munuň şeýle bolmagynyň sebäbini, megerem, ýene çagalygymdan gözlemelidirin.…

Oýunjak

Telewizoryň kanallaryny geçirip otyrkam çagalygymda köp görlen kinokomediýalaryň biri öňümden çykdy. Men bu komediýanyň sýužetini giňişleýin gürrüň berip oturjak däl. Adyny aýtsam, onuň näme baradadygyny siz bada-bat bilersiňiz: «Oýunjak». Kinonyň baş gahrymany Pýer Rişar. Men çagalygymda bolşy ýaly ýene gülüp hezil etmek üçinmi, ýa-da çagalyk dünýämiň ýatlamalaryna ymsynýandygym üçinmi, bilmedim, ýöne bu kinony başdan-aýak görmäge durdum. Emma näme üçindir komediýa bu gezek meni şatlandyrmady. Kinoda ikiýüzli millioner jenap Koşeniň roly hasam şowly çykypdyr. (Ikiýüzli diýýänimiň…