Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

19mart

1 minut alar

*

Agaçlar gülläp başlady. Erte nowruz, onsaň ýaz çykýar. Her ýyl ýaza garaşmagyma ýekeje sebäp bar. Olam şu gün—19-njy mart. Enemiň doglan güni. 

*

Öňünden gün sanap garaşýan her ýyl. Bu ýylam şeýle boldy. Ýöne isleýşim ýaly bolmady. Diňe enem ikimizkäk aýdasym gelýän sözler, sorasym gelýän birgiden zatlar.... enemiň çalaja ýaňzydyp goýan zatlary.... barysy, sowuk uran agaç gülleri mysaly pytraşyp galdylar. “Ertir gelerin”—diýipdim eneme, iň soňky gezek. Men bardym, ýöne eýýäm ikimiziňem dünýämiz başga-başgady. Ýene ýazlar geler, agaçlar güllär, ýöne hiç bir 19-njy mart öňküler ýaly gelmez. enemsiz galan howly taşlanylyp gidilen ybadathana ýaly boş hem manysyz....

 

*** 

gumry ýaly uçup gitmegi dert ýok ýerden ýolukdyrlan derdiňi dymmagy täk özüň ýük baryny göterip ýük goýman gitmegi görkezip gitdi enem

54 |
|