Zombiler Fantastik hekaýa 1 bölüm
4 minut alar
Zombiler - Fantastik hekaýa
2030 ýyl 19 njy iýul, Iş wagtym gutaryp öýe gaýtjak bolup taýýarlanyp durdum, Iş ýerim Daşoguz şäherinde bolan soň şäheriň içinde adamlaryň howsalaly gykylyklary sesleri eşidilip başlady, adamlar aglaşyp gygyryşyp kömek ediň kömek ediň diýen sesler eşidilýärdi, menem aý gulagyma eşidilýändir diýip iş ýerimden çykyp maşynymyň ýanyna bardym, adamlar kimsi binalaryň içinden çykyp gaçyp barýardylar kimsi maşynlaryna münüp gaçyp barýardylar kimsi ýerde gana bulaşyp ýerde ýatyrdy.
Binadan çykyp gelýän adamlary kowalap gelýän el aýaklary adamyňka meňzeşräk, bir jandar ýüzi juda gorkunç görünýärdi, agzyndan gan akýardy adamlara seredip durşuma doňup, düýş görýändirin öýdüp doňup galypdyryn, gapdal bina tarapdan bir jandar gelýärdi maňa tarap agzyny açyp xaa xaaa edip ses çykarýardy, görüp dursam ol zombi eken ädimi juda haýaldy bir aýagy döwülene meňzeýär, meniň ýanyma ýakynlandan men maşynyma mündümde gazy basyp sürüp gitdim, ýolda läş bolup ýatanlar juda köpdi zombiler hem olardan az däldi, diri galanlar azalyp barýardy, maşynlar awariýa bolan, maşyny sürüp gelýän ýolumda bir maşyn geçerlik ýol bardy üstesine-de ýoluň ortasynda zombiler durdy öňümden üç sany zombi durdy olary kakyp geçeýin diýip üstüne sürdüm iki sanysyny üstünden depeläp geçdim birisi maşynyň üstüne bökdi maşyny öňküsinden beter gazy güýçlendirdim ol zombi maşyndan berk ýapyşyp ýelimlenen ýalydy maşyny çepe saga oýnadyp sürdüm hiç aýrylar ýerde aýrylmady ýene aralygy şeýdip sürenimden soň gaçyp galdy şäheriň içinde zombiýe öwrülip adamlar juda köpdi şeýdip gidip barşyma birden maşynym öçüp işlemän galdy maşyny açyp seretsem düşünmän soň oňaryp bilmedim garaňkam aralap gelýärdi duran ýerimde 7 etažly ýaşaýyş jaýy bardy meniň girip bukulyp oturmakdan başga alajym ýokdy ýaşaýyş jaýa girdim ol ýerde hem zombiler bar eken birinji etajdaky komnatlary aýlanyp çykdym hemmesinde zombiler bardy ikinji etajyñ birinji komnatlaryna girjek boldum komnatyñ içinde iki sany zombi bir adamy çeýnäp durdy çykdymda ýokary üçünji etajyň iň soňky giren komnatymda bir zombi aýnaň ýanynda ýatyrdy aý hiç zat edesi ýok ýatyr barybir diýip içere girdim içerdäki ýatan zombi meniň girenimi duýup ýerinden turyp başlady men näme etjegimi bilmän galdym zombi men tarapa ýöräp ugrady, men bir zatlar gözleşdirýän ahyry demir turba bar eken stoluň gapdalynda ýatyrdy aldym kellesine batly edip urdum onuň ýüzünden ganlar ýüzüne üstüme diwarlara gany syçrap gitdi ýere ýykylyp ýatyrdy ol zombi bir emelläp göterip 3 nji etajyň aýnasyndan aşak taşlap goýberdim soň bolsa gapyny gulpladym gapydan hiç kim girmez ýaly gapyň öňüne şkaf stol partalary goýuşdyryp çykdym bir eýýäm garaňkam düşen eken daşarda zombileriň sesleri gelip durdy gije olar has güýjeýän eken olar has köpelip ugrady köçelerde diňe zombiler aýlanyşyp ýördüler ýadap ýatyp galypdyryn
Ertesi sekiz töweregi turdum daşarda ýene şol boluşdy zombiler gündizine azalýan gijesine köpelýän eken şeýdip iki günim şol ýerden çykman geçirdim ahyry üçünji günde diýende gündiz daşardan iýip içer ýaly bir zatlar gözläp gelmesem oňup boljak däldi açlyga çydap bolanokdy şeýdip stol şkaflary ses çykarman gapdala aýyryşdyryp elime taýýarlan demir turbadan bejeren guralym bilen gapydan çykdym biraz ýöredim hiç zat çykmady öňümden hiç zat çykmady diýip barýardym welin öňümden bir zombi lift tarap gidip barýardy meniň gelýänimi aýak sesinden duýdy-da yzyna öwrüldi maňa tarap ýöräp başlady gapdap-da ýatan ýene bir zombi ýerinden turup olam men tarap ýöräp başlady meniňem elimdäki täze guralymy barlap göreýin diýip menem oňa tarap ýöräp başladym ýanyna baranymdan elimdäki bilen bir urdum ol bir pyrlanyp ýere ýykylyp düşdi ikinjini hem şeýdip urdum bu gezek batlyrak urdum ol iki pyrlanyp ýere ýykylyp düşdi men bäh öz urgyma haýran galdym beýle-de bolýar ekenä diýdim-de ýolumy dowam etdim daşaryk çykdym daşarda zombiler meni görmänkä bir maşyn tapmaly diýip içimi gepledip durdum ýoluň aňyrsynda bir maşyn durdy zombilere görünmän ýoldan bir emelläp geçdim maşyna mündüm açary içinde ýok eken içindäki simleri bilen otlajak bolup durkam bir zombi meni görüp galdy maşynyň sesine duýan bolaýmasa beýleki zombiler hem men tarapa ýöräp başladylar men tiz tiz maşyny otlajak bolýan bolanok olar maşynyň ýanyna ýakynlaşdypdylar ahyry otlandy maşyny gaza basyp sürüp gaýtdym
Awtor: Arslan Alaýew
Dowamyny indi ýazmaly göwnüňize ýaradymy dowamy gelsinmi pikirleriňizi ýazyň.
Söz ýalňyşlyklar bar bolsa bagyşlarsyňyz.