Teswirler (11)

Ýüklenýär...
User Avatar

Taryhçy

Ynançlaryň dürli görnüşleri

7 minut alar

Dünýäde ynançlaryň dürli görnüşleri bar, bu makalamda olaryň käbiri barada gysgaça belläp geçmekçi. Elbetde bu barada gaty köp ýazmak hem mümkin. Dünýäde köp ynanç bolsada, köp kişi nämä ynanýandygyny doly bilenok. Özüni teistdir öýdüp ýören deist, ateistdir öýdüp ýören agnostik çykyp bilýär. Şol sebäpli bularyň nämedigini bilip galmak gerek. 

Häzirki zaman dinleriniň köpüsi üçin ýeke-täk bir iň ýokary, absolýut güýje – bir Hudaýa sygynmaklyk, ýagny monoteizm (bir hudaýlylyk) häsiýetli bolsa, gadym zamanlarda adamlar bir wagtyň özünde birnäçe hudaýyň barlygyna hem ynanypdyrlar. Köphudaýlylyga ylmy dilde, degişlilikde, politeizm diýilýär.

Teizm - Teizm ynsanlyk taryhy boýunça iň köp ýaýran ynanç görnüşidir. Teizm, dini we Taňrysy bolan ynançdyr. Ýagny Hristian, Yslam, Ýahudy dinleri teizme mysal görkezilip bilner. Teistler Taňrynyň barlygyna, onuň günä we sogap işlere, halal we harama seredýändigine, şoňa göräde adamlary jezalandyrýandygyna ýa-da jennet ýaly baýrak derejesinde ýere ugradýandygyna ynanýarlar. Teistlere görä hemme zady Taňry ýaratdy, ol hemme zady görýär, ol hemme zatdan güýçli, ol wagta garaşsyz, ol hemme zady bilýär, ol bir wagtyň özünde hemme ýerde bolup bilýändir. Ynsanlaryň edýän erbetlikleri, sogaplary, gowy işleri elbetde ýöne ýerde galýan däldir, bu zatlara synçy, olary derňeýän biri bolmalydyr, we bu elbetde Taňrydyr. Eger beýle Taňry bolmasa, onda dünýädäki erbetlikleri kim jezalandyrmaly? Teizme görä ynsan öleninden soň, onuň asyl özi (ruhy) synaglardan geçýändir, we ol synagyň netijesine görä jennete ýa-da dowzaha iberilýär. 

Şuwagt dünýäde iň uly ynanç ulgamy teizmdir. 

Ateizm - Ateizm, adyndan hem belli bolşy ýaly a-teizm, ýagny teizmiň göni tersidir. Ateizm teizmiň tersine, Taňrynyň düýbünden ýoklugyny kabul edýär. Ateizm, Taňry diýlen zadyň ynsanlaryň käbir zatlardan (ölüm gorkusy, ýitip ýok bolmak gorkusy, başga dünýäniň barlygyna bolan isleg) gorkmagyndan ýa-da çekinmeginden döredilen bir hyýaly barlykdygyny ykrar edýärler. Taryhyň başky döwürlerinde adamyň aň-düşünjesi, pikirleri şuwagtky döwre garanyňda pesdi, şol sebäpli adamlar (ölüm gorkusy bilen birlikde) Taňra ynanmagy kabul etdiler. Indi adamzat medeniýete, we öz-özüni dolandyrjak derejä ýetdi, şeýdibem köp zadyň üsti açyldy. Ateistler subutnamasy bolan zatlara ynanmagy kabul edýärler, emma olaryň hemme zada subutnama islemeýändigini bilmek gerek. Taňry diýlen düşünje gaty uly düşünje, gaty uly mesele, ol zat biziň durmuşymyzy öz täsirini ýetirýär, hatda bir adam Taňra gurban bermegi ýüregine düwüp, ony durmuşynyň merkezine hem alýar, elbetde şular ýaly zat barada subutnama gerek, bular ýaly uly zada subutnamasyz ynanmak bolmaz, aslynda hemme kişem ynanmanka subutnama gözlemeli. Subutnama hem, her ynsana görä tapawutly, käbirleri islegden, ýa-da islendik bir zat sebäpli ynanyp biler, bu adaty zat, emma bu subutnama bolmaz. Ateizm birnäçe toparlara bölünýär. Olar:

Negatiw (pes) ateizm - Pes ateistler Taňrynyň barlygyny inkär edýärler, emma subutnama tapylsa ynanyp bilerler. Ýagny pes ateist "Taňrylaryň barlygyna degişli subutnama ýok, emma bir gün bolup hem biler, şonda ynanmagyn ahmal, näme üçin ynanmaýyn" diýen kişilerdir. 

Pozitiw (güýçli) ateizm - Taňry 100% ýokdur. Taňra degişli hemme zat diňe mukaddes kitaplardan, Taňry bilen gürleşendigini yglan eden adamlardan gözbaş alýandyr, biz näme üçin bir adamyň müňlerçe ýyl diýen zadyna ynanmaly, şol sebäpli Taňry 100% ýokdur. 

Deizm - Iň uly pelsepewi idealaryň biri bolan deizm, Taňrynyň barlygyny kabul edip, dinleri inkär edýär. Ýagny deizm, dinsiz Taňryny kabul edýär. Deizme görä Taňry haýsy hem bolsa bir güýç, energiýa, ýa-da başlangyjy ýaradan bir ýaradyjy güýç bolup biler. We ol ýaradyjy güýç älemi ýaradandan soňra hiç bir zada goşulmady, ol diňe älemi ýaratdy we gitdi. Taňryly dinleriň köpüsinde Taňrylar, din ugradyp, kitap ugradyp, adamlaryň olara boýun bolmagyny, tabyn bolmagyny isleýär, eger tabyn bolmadyk ýagdaýlarynda olary o dünýäde jähennem azaby bilen jezalandyrýar. Bu Taňrylar gaharlanýar, tolgunýar, begenýär, gynanýar, ýagny bu Taňrylar bir tarapdan ynsana gaty meňzeşdirler. Emma dinli düşünjeleriň tersine, deizmiň Taňrysy adamlaryň näme edip näme etmändigine goşulmaýar, oňa ynsanyň häsiýetleri mahsus däl, onuň dünýädäki bolýan zatlar bilen işi ýok, hatda äleme hem seredenok, ol diňe ýaratdy, bary işi şol. Ol Taňry ynsany häsiýetlere eýe bolmaýan, akyla pikire sygmajak, adamlaryň pikir ediş ukyplarynyň çäginiň gaty daşynda, ullakan bir energiýa, bir güýç bolup biler. Ol Taňry özünden başga hiç zada üns bermeýän, özünden başga zady pikir etmeýän Taňrydyr. Sebäbi ol kemsizdir, kemsiz barlyk kemsiz zada üns berer. 

XVII-XVIII asyrlar deizmiň ösen döwrüdir. Deizm düşünjeleriniň ýüze çykmagynda Renessans döwrüniň täsirleri hem bolandyr. Eýnşteýn hem ynsany düşünjelere eýe bolan Taňra ynanmaýandygyny bildirendir. Deizmiň häzirki jemgyýetde köpçülikleýin kabul edilmeginiň esasy sebäbi, indi adamlaryň ynsany güýje eýe bolan Taňry düşünjesine eýerýän ynanjyň ýykylyp başlamagydyr. 

Agnostisizm - Agnostisizm köp ýagdaýda ateizm bilen deň tutulýar, emma ol düýbünden özbaşdak pikirdir. Agnostisizm, Taňrynyň barlygyny inkär etmeýär, emma ýoklugynam inkär etmeýär, ýagny oňa görä iki ynanjyň dogry çykaýmak ähtimallygy 100-de 50%-dir. Agnostisizm biziň asyl hakykaty bilip bilmeýändigimizi, Taňry ýaly barlyklaryň barlygyny ýa-da ýoklugyny hiç haçanam bilip bilmeýändigimizi kabul edýär. Bir agnostik ne Taňra ynanar, ne-de onuň ýoklugyna, ol göni ikisiniň ortasyndadyr. 2006-njy ýylda Amerikadaky uniwersitetleriň professorlarynyň dini ynançlarynyň üstünde geçirlen barlagyň esasynda, özlerini ateist diýip tanaýan professorlaryň derejesi 10%, özüni agnostik diýip tanaýan professorlaryňam derejesi 13% çykandyr. Agnostisizmiň kabul edilmeginiň esasy sebäpleriniň biri, köp zatlara biziň aklymyzyň ýetmeýänligidir. Meselem bir adam ýyldyrymyň çakýandygy ýa-da çakmaýandygy meselesinde agnostik bolmaz, sebäbi çakýandygy bellidir. Emma biz Taňry, o dünýä, geljek, ýaradylyş ýaly zatlara akyl ýetirip bilmeýäris. Sebäbi Taňry diýlen zada akyl ýetirmek mümkin däl, akyl ýetirilip bilinýän bolsa ol Taňry bolmazdy. Taňry şeýlebir uly, şeýlebir çylşyrymly, şeýlebir näbelli zat welin, ony bilýändigiňi, tanaýandygyňy, onuň özi bilen gürleşýändigiňi, ýa-da dertleriňe derman bolýandygyňy ykrar etmek gaty uly zat. Emma Taňrynyň ýoklugy hem belli däl, belki bardyr, bolup biler, şol sebäpli agnostisizm ony ykrar etmeýär, netijede onuň ýoklugyny hem subut edip bilmeýäris. 

Agnostisizm sözi, agnostos sözünden gelip çykyp, "bilmezlik", "bilinmeýän" ýaly manylary aňladýar. Agnostisizmiň hem dürli görnüşleri bardyr. Olar: 

Pes agnostisizm - Taňrynyň barlygy ýa-da ýoklugy meselesinde kararyny jemläp bilmedikleriň topary. Köp kişi pes agnostikdir. Ýagny pes agnostik "Taňrynyň barlygyna ýa-da ýoklugyna degişli güýçli subutnamalar bolup biler" ýaly düşünjelere eýedir. 

Güýçli agnostisizm - Taňrynyň barlygy ýa-da ýoklugy 100% deňdir we bu barada hiç haçanam subutnama tapyp bilmeýäris. Näçe gözlesegem, näçe agtarsagam bu meselede subutnama tapmaýarys. 

Panteizm - Bu ynanja görä Taňry aslynda hemme zat. Taňry tebigat, Taňry bu älem. Ýoldaky duran kiçijek daşdan başlap hemme daglar, älem, älemdäki hemme zat aslynda Taňry, olar Taňrynyň bir bölegi. Bu älem gaty geň we ajaýyp älem, bu zadyň özi şeýlebir çylşyrymly welin, bu bir gudrat bolmalydyr we hemme zat aslynda Taňrynyň özüdir. Älem bilen beýniň meňzeşligine seretsek, onuň meňzeşligi hakykatdanam bildirip dur, şol sebäpli "bu älem Taňrydyr", "bu älem janly bir organizmdir" ýaly pikir edenler hem bardyr, emma bu doly panteizm däldir. Elbetde her ynsan her hili ynanyp biler, emma Panteizm hemme zadyň Taňrydygyny kabul edýär.

Pananteizm - Biziň içimizde gaty köp öýjük, organlar bar bolsa, ýagny bir tertip-düzgün bar bolsa we bular işläp duran bolsa, pananteizm älemiň hem Taňrynyň içindäki bir organizmdigini, bir öýjükdigini kabul edýär. Taňry älemde däl, älem Taňrydadyr. Näçe älemler bolsa hem bolsun, tapawudy ýok, hemme zat Taňrynyň astyndaky, içindäki zatdyr. 

Apateizm - Köp kişi aslynda oňa ynanýar, emma kän bir bilinmeýän, tanalmaýan ynanç görnüşi hem apateizmdir. Apateizm Taňry barada sorag bermegi goýan, Taňry bilen meşgul bolmaýan, bolsada bolmasa-da onuň bilen işi bolmaýan, ýagny bu zatlar bilen gyzyklanmaýan bir düşünjäni goldaýar. Apateistler "Taňry bar bolsady adam ýaly 2-3 sany subutnama goýardy, näme bu gizlenpeçek oýnan ýaly diňe Taňryny gözlärismi, maňa näme" diýýän, ýagny bu mesele bilen işi bolmaýan kişilerdir. 

Elbetde bu ýerde Riçard Dawkinsiň hem ynançlary yzygiderli meşhur ýerleşdirmegini bilmek gowy bolar. Riçard ynançlary şeýle düzýär:

1. Goýy (berk) teist. 

Taňrynyň bar bolmak ähtimallygy ýüzde 100-dir. 

2. Aslynda teist. 

Gaty uly bir ähtimallyk ýöne göni ýüzde 100% däl. "Doly bilemok ýöne Hudaýa artygy bilen ynanýaryn we onuň şu ýerde bardygyny çaklap durmuşyma dowam edýärin". 

3. Teizme meýilli agnostik.

Ýüzde 50-den köp ýöne gaty bir köp däl. Sözde agnostik ýöne teizme meýilli. "Gaty kararsyzdyryn ýöne Hudaýa ynanmaga meýillidirin". 

4. Arassa agnostik. 

Göni 100-de 50%. Doly bitarap agnostik. "Hudaýyň barlygy ýa-da ýoklugy anyk deň derejededir". 

5. Ateizme meýilli agnostik. 

Ýüzde 50-den pes ýöne gaty bir pes däl. Sözde agnostik ýöne ateizme meýilli. "Hudaý barmy ýokmy bilemok ýöne ynançsyz bolmaga meýillidirin". 

6. Aslynda ateist. 

Gaty erbet pes ähtimallyk ýöne noldan uly. "Anyk bilip bilmerin ýöne Hudaýyň ep-esli bolup bilmejekdigini pikir edýärin we şu ýerde däldigini çaklap durmuşyma dowam edýärin". 

7. Goýy ateist. 

Hudaý 100% ýokdur. "Taňrynyň ýokdugyny bilýärin". 

 

Ulanylan çeşmeler. 

Web çeşmeler:

1. Panteizm Nedir - https://www.felsefe.gen.tr/panteizm-nedir/

2. Ateizm makalalary - https://evrimagaci.org/etiket/ateizm-24

Beýleki çeşmeler:

1. Filosofiýa - Ö.Muhammetberdiýew, Aşgabat “Ylym” neşirýaty 2011. 

2. Deizm-Bilim ilişkisi ve islam Düşüncesi - Mahsum AYTEPE. 

3. Agnostisizm - Ferit USLU. 

4. Neye inandiğinizi biliyor musunuz - Diamond Tema. 

5. Tanri Yanilgisi - Richard Dawkins, Kuzey Yayinlari. 

45 |