Terjimeçi
Wah / hekaýa
6 minut alar
WAH
–Sizi dogumly, gaýratly ýazyjy diýýärler... şol çynmy?
– Has dogrusy, şonuň ýaly bolmak isleýärin.
–Kimdir birini söýdüňizmi, ondan aýryldyňyzmy... Ýandyňyzmy?
–Hawa...
–On sekiz ýaşanlara bir nesihat berseňiz...
"Sagadatyň" redaksiýasynda bolan gürrüň.
***
Gapy açylyp, ýüzi soluk zenan baş sokdy:
–Mümkinmi?
–Giriň!– diýdim.
Otaga göz gezdirip, diwanyň ýanyndaky kürsä oturdy. Kosmetika ulanmagy başarmaýandygy bildirip durdy.
– Bagyşlarsyňyz, wagtyňyzy alaryn. Seýit Ahmediň ýanyna gelipdim, ýok ekeni...
–Sizi diňleýärin– diýdim.
–Şükür aga, meň başyma bir kynçylyk düşdi. Oňa siz – ýazyjylar düşünmeseňiz, başga hiç kim düşünmeýär. Özgelere aýtmarynam.
... Dükanda işleýärdim. Bir ýigit "wolgada" gelýärdi, ýüz som berip, bir guty "TU" satyn alýardy. Gaýtargysyny sormaýardam. Şol wagtlar bir guty çilim kyrk somdy. Menem oňa "gaýtargyňyzy alyň" diýmeýärdim.
Ol her gezek geleninde aljyraýardym. Görmegeý ýigitdi. Az sözli. Diňe salam berýärdi-de, çilimini alansoň bir sapar "Wah" diýip uludan dem alýardy.
Bir gün ýanýodadan ýöräp barýarkam, ulagynda yzymdan gelip durdy, gapyny açyp:
–Mün, öýüňe äkideýin– diýdi.
Ulaga nädip münenimi özümem bilmeýärin. Ugradyk.
Ol:
–Ýa gezelenç etdireýinmi? Derýany tomaşa edersiňmi?–diýdi.
–Bolýar– diýdim.
Ondan aýrylmak islemeýärdim, akyl-huşym ýerinde däldi.
Bir toraňňynyň aşagyna baryp durdyk.
Ulagyň bagažynda iki sany kiçi oturgyç bilen kiçi stol bar eken, çykardy. Azsalymda stoluň üstüni her dürli zatlar bilen doldurdy, gowrulan et, konýak, limon, çörek, adyny tutan zadyň bardy.
–Taýýarlykly çykan ekeniňiz–diýdim.
Ol:
–Hawa–diýdi.
–Meň gelmezligim mümkindä?.
–Gelerdiň.
–Näme üçin?
–Men ynanýardym.
–Siz dogry aýdýarsyňyz–Näme üçin beýle bolduka?
–Bilemok.
Içdik.
Öňler içen bolsam, diňe piwo içendirin. Kelläm aýlanyp, aglap başladym.
–Men sizi halaýan.
Ol:
–Bilýän–diýdi.
–Siz nä?
–Näme üçin wah diýeýin, eýsem?
Men onuň boýnundan asylanymy duýman galdym.
Ol meni gujaklady.
Men özüme erk edip bilmedim…
… Şondan soňra bu toraňňynyň asty biziň duşuşýan, dynç alýan ýerimize öwrüldi.
Ol öýlenen, iki çagasy bar eken– gizlemän aýtdy.
–Ýöne seni söýýän –diýdi.
Men näme diýeýin? Ýene-de agladym.
– Seň bilen duşuşmak, seni görmek, meň üçin bagt–diýdi– Men diňe şonuň üçin seniň dükanyňa barýardym.
–Men duýýardym–diýdim.
–Senden aýrylmak meň üçin pajyga.
– Meň üçinem.
Men oňa baglandym. Ejemi, agamy aldamakdan lezzet alýardym. Gijelerine "Çaltyrak daň atsa, çaltyrak dükana barsam" diýýärdim.
Şeýdip bir ýyl geçdi.
Öýümize sawçylar gelip başlady. Öňem sawçy gelýärdi welin, ýöne indi sawçylar has köpeldi, sebäbi on sekiz ýaşapdym.
Siz şu wagt meniň ýüz-keşbime seredip, nebsiňiz agyrýandyr.
Şol wagtlar agym-aga, gyzylym gyzyla öwrülip, peri-peýkere çalym edýärdim. Aýna seredip bilýärdim.
Indi oýlanyp görsem, şol wagtky duşuşyklaryň berýän lezzeti…
…zenanyň görk-görmegini açýan eken.
Her gün täze eşik geýmäge synanyşýardym, uýamdan galan köýnek barmy, ejemiň şarfy barmy…
Ýöne biziň maşgalamyz ortagurpdy. Kakam suwçylykda rawmatizma ýolugyp, şol sebäpli aradan çykypdy, uýam serroz…
Gysgasy, sawçylaryň birine agam razylyk beripdir.
Men agladym.
–Pul jemläýin, okajak. Teatr institutyna girjek–diýdim.
Agam:
– Gerek bolsa äriň okadar– diýdi.
Ýigit bilen görüşdim.
Ol:
– Nädeli– olar dogry aýdýar–diýdi.
–Men sizi söýýän, ahyryn.
–Menem… Ýöne isleseň soňra hem duşuşyp durarys.
–Ýok, ýok! Agam biläýse öldürer–diýdim
– Şonsuzam agaň duýaýypdyr öýdýän.
– Waý Allajan.
Ol wah diýdi-de:
–Maňa rehimiň gelsin, çagalaryma hem –diýdi– Olary ýetim galdyr, diýseň, şu wagtyň özünde aýalym bilen aýrylyşaryn.
–Ýok–diýdim.
–Meňem aglasym gelýär.
Men ony gujakladym. Iki bagtsyz şeýdip oturyp, aýryldyk.
… Ärim bilen alty aýa golaý ýaşadym.
Bagtyma ýuwaş adam bolup çykdy. Ol hatda, bagyşlarsyňyz, meň öň... başga bir erkek bilen bolanymam duýmady öýdýän.
Ýöne ýüregim bary-bir ony küýseýärdi.
Bu wagtda dükany taşlap golaýymyzdaky klubda höwesjeňleriň toparynda işleýärdim, gyzjagazlara tans öwredýärdim.
Bir gün sahnada tans öwredýärkäm, zalda tanyş biri göründi. Biz sapak geçenimizde, garawuldyr kitaphana gelenler hem zala girip oturýardy.
Üns bilen seretsem, şol.
Çyralary ýakdym.
Şondan soňra näme iş edenimi özümem bilmeýärin, ansambla aýdyp dilhiražy çaldyrdymmy, tanawarymy ýadymda ýok. Şeýle bir oýnapdyryn welin şägirtlerim öwrenmegiň ýerine tomaşa edipdirler.
Zaldakylar çapak çaldy.
Bu tansda, küýseg, ökünç, gam, hasrat… hemme zat bardy.
Sapak gutardy.
Daşaryk çykdym, ol wolgasynda oturan eken, gapysy açyk.
Ýalan gürleýän bolsam, ýokarda Hudaý bar! Hiç zady görmän, oýlaman, baryp ulaga mündüm.
Ugradyk.
– Geljekdigimi bilýärdiňmi?
Ol:
–Hawa– diýdi.
– Men juda kösendim.
–Menem
–Çagalaryň gowumy?
Ol:
– Wah, şolary ýatlatma– diýdi.
Men onuň egnine söýendim.
Ol parasatlydy, uly gurluşyk şereketiniň başlygydy. Emma ol hem meniň ýagdaýymdady.
Şeýdip syrymyz äşgär boldy. Ärim öýi terk etdi. Menem öýüme dolandym. Ejem kän aglady, agam içkili gelip, ähli gap-gaçlary döwdi.
Indi kluba hem barmaýardym.
Gysgasy, howa menziline bardym. ”Nirä bolsa hem giderin– diýdim– Daşkente barsam teatr institutyny tapsam, tämizlik ederin…".
Ynanýarsyňyzmy, uçarlaryň gatnaw tertibi ýazylan tablisa seredip duran mahalym biri elimden tutdy, seretsem şol. Tasdanam ýykylypdym. Ol:
– Ýol bolsun– diýdi.
Egnimi gysdym.
– Gezelenç etdireýinmi? Daşkenti tomaşa edersiňmi?
–Hawa…
Daşkente geldik.
Howa menziline düşenimizden derrew ol meni söwda merkezine äkitdi. Ädik, plaş alyp berdi.
–Ol otaga girip geýinip çyk–diýdi
Geýinip juda owadan bolup çykdym.
–Bu uly şäher. Adamlar bize sereder, meň tanyşlarym kän…
–Saňa mynasyp bolup gezmäge hereket ederin–diýdim.
"Uzbekistan" myhmanhanasyna geldik. Oho, bu kaşaňlyk, bu daşary ýurtlylar, bezemen geýinen aýallar we erkekler…
Men başga bir dünýä düşen ýalydym.
…Gysgasy nomere çykdyk. Üç otagly eken. Şeýlebir owadan, oňaýly mebeller bilen bezelipdir, seredip doýup bolanok.
Hatda aýak ýuwulýan ýörite legeni hem bar eken.
Ol kimdir birine jaň edip, rusça gürleşdi.
Kän wagt geçmänkä garson arabaly geldi, onda hemme zat bardy.
Bir demde ertekilerdäki "açyl saçak" açylan ýaly boldy.
Ol:
–Söýgimiz üçin – diýdi.
–Hawa–diýdim, içdik.
Bir mahal, jaň geldi, jaňy alyp diňledi. Soňra "Я ижду…" diýdi.
–Kim ol?– diýip soradym–Geleniňi nädip bildiler?.
–Bilýärler.
Soňra ol konýagy çalt-çalt guýup başlady. Menem suwsan düýe deýin içiberipdirin.
Bir mahal gözümi açsam başga otagda ýatyryn. Penjireden şäheriň çyralary görünýär.
Gapdalky otagda– zalda bolsa– aýdym, oýun gülki.
Hemmesi rusça.
"Näme etsemkam–diýip ikirjiňlendim–aňryk çyksam… tanyşlary görse… uýat bolar".
Ýatdym.
Bir wagt özi gapyny açyp girdi, daşymdan gulplanyny şonda bildim.
–Wah, men seni şeýlebir söýýän – diýdi.
– Menem– diýdim.
–Isleseň, olaryň ýanyna çykararyn, ýöne meň at-abraýyma gowy gep gelmez...
–Elbetde– diýdim.
Ýene-de ukladym.
Oýansam daň atypdyr. Penjiräň aňyrsy ýagty, trolleýbuslar gatnaýar.
Bu otagdan banýa çykyp bolýan eken, girip ýuwundym.
Zalyň gapysy çalaja açyk eken, seretsem…
…Ol diwanda ýatyr, ýanynda aýal.
Tasdanam bar sesim bilen gygyrypdym. Emma özümi sakladym, "Näme hakym bar? Öz aýaly bilenem ýatyp-turýara" diýip oýlandym-da öz otagyma geçip oturdym.
Otyryn. Ajykdym.
Bir mahal oýandylar. Gülüşip-degişip ýuwundylar. Içdiler. Soňra aýal gitdi öýdýan, ol gapyny açyp girdi.
–Bagyşlarsyň– diýdi– Ajygan bolsaň gerek, gel.
Çyksam stoluň üsti wes-weýran… çilimiň galyndylary, gap-gaçlaryň döwükleri…
–Sen meni unutdyň– diýdim.
Ol:
–Ýok– diýdi–Elmydama hyýalym sende boldy. Emma…
–Onuň gujagyndan çykyp bilmediň.
–Görüpsiň-da?
– Ýuwunýarkam gözüm kaklyşdy.
–Hä.
– Maňada azrak guý indi– diýdim.
– Janym bilen – soňra bulgury alyp–Seň üçin – diýdi.
– Seň üçin– diýdim.
Soňra agladym. Ol meni köşeşdirdi, erkeledi.
– Nädeýin indi, şeýle boldy… oň kömegi degýär… – soňra ýalbaryp başlady– Bagyşla… Beýle bolmagyny islemändim.
Men oňa ynandym welin, ýöne indi bu otagdanam çykyp nirä hem bolsa gitmek isledim.
Ol çilim almak üçin restorana gideninde, menem özümiň öňki eşiklerimi geýip, koridora çykdym.
Basgançaklardan düşdim.
Daşary gar…
* * *
Gyz:
– Bar gürrüň şu– diýdi– Indi men näme edeýin? Ondan aýrylmagym çetin.
–Şeýdip geziberiň.
–Aklyňyz ýerindemi?
– Başga näme diýeýin?
– Siz ýazyjy ahyryn?
– Onsoň?
– Ýazyjy hökmünde bize nähili baha berýärsiňiz?
– Ýazyjy baha bermeýär.
– Bolýar, adam hökmünde baha berip bilersiňiz?
– Hawa– diýdim– Siz barada aýtmaýyn. Emma ol, baryp ýatan nejis ekeni.
– Näme?
– Iblis eken.
Gyz ýerinden syçyrap turdy.
– Özüň nejis, özüň iblis– diýdi-de, gapyny ýapyp, çykyp gitdi.
Şükür HALMIRZAÝEW
Terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI