Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Talyp 💼👨‍🎓

Türkmen nusgawy gitara sungatynda täzelik

4 minut alar

 


Ýaňy ýakynda, Türkmen döwlet neşirýat
gullugy tarapyndan  aýdym-saz we sungat
mekdepleri üçin  nusgawy gitara baradaky
ilkinji okuw kitaby Türkmenistanda ilkinji gezek neşir edildi. 

Okuw kitaby barada aýtsak, ol  9 bapdan we 200 sahypadan ybarat bolup, birnäçe
görnüşde ululy-kiçili sazlardan, esasan çagalar we ýörite  sazçylyk sungat  mekdeplerinde okaýan ýaşlar üçin niýetlenendir. Şeýle hem kitapda okuwçylaryň tehniki ukyplaryny ýokarlandyrmak üçin maşklar we gônükmeler bar.

Birnäçe ýyllaryň dowamynda uly zähmet siňdirilen bu okuw kitabynyň awtorlary barada aýtsak,olar Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy»
kafedrasynyň  uly  mugallymy, ussat gitaraçy Myrat Gurbanow we  onuň gyzy Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň  3-nji çagalar sazçylyk  we sungat mekdebiniň  ýaş mugallymy,
ýurdumyzyň ilkinji zenan gitaraçysy Leýli Nasyrowadyr. 

Myrat Gurbanow
Leýli Nasyrowa öz okuwçylar ansambly bilen konsertden pursat 

Kitap Giriş, nusgawy gitara sungatynyň ösüş ýoly, nusgawy gitaranyň ýerine ýetirijiligine degişli usuly görkezmeler, gitara üçin gönükmeler we gammalar, kiçi göwrümli saz eserleri, uly göwrümli saz eserleri, etýudlar, ansambl sazlary hemde türkmen sazlary
bölümlerinden ybarat bolup, her bölüme degişli birnäçe maglumatlar we saz eserleri görkezilýär. 

Okuw kitabynyň girişinde  nusgawy 
gitara döreýiş taryhy, onuň 
maşgalasy barada taryhy ýagny 
Merkezi Aziýada giňden ýaýran saz guraly ud we  lýutnýa, hem-de  Ispaniýanyň halk saz guraly teorba, ispan «weuella»- sy barada maglumatlar bilen başlaýar.
Bu bölümde başgada  XIX asyrda gitara sungatynyň ösmegine uly goşant goşan meşhur kompozitorlar, şol sanda ispan gitaristleri Andres Segowiýa (İspaniýa), Jon Williams we Julian Brimm (Beýik Britaniýa), Alizio Diaz (Wenesuela), Hoze Tomas (Ispaniýa) Kristofer Parkening (ABŞ) hakda gürrüň edilip birnäçe maglumatlar berilýär.  Olaryň däp-dessurlaryny dowam etdiriji hökmünde meşhur sazandalar Moreno Torroba, Pablo Kasals, Joakuin Turina, J. De Manen, A. Roussel, M. Kastelnuowo-Tedesko, Gaspar Kassado, Manuel Ponse, Eýtor Willa-Lobos, Gerardo Rodriguez we ş.m. atlary hem bellenilip geçilýär.

Leýli Nasyrowa öz okuwçylary bilen ansambl ýerine ýetirýär 

Ady agzalan bölümlerde birnäçe maglumatlar we saz eserleri ýönekeýden çylşyrymla, bir sesli böleklerden köp sesli  hem-de has çylşyrymly eserler sanaw hökmünde ýerleşdirildi.
Kitabyň beýleki bölümlerinde awtorlar
gitaradaky pozisiýalar we  diapazonlaryň
gurluşyny  özleşdirip,  gitarada garmoniki sazlaşykly heňiň  esaslaryny, depginleri, melizmleri we ýerine ýetiriş usullaryny dogry beýan edipdirler.
Bu kitapda diňe bir türkmen professional
kompozitorlaryň aýdym-saz eserlerinden bilen çäklenmän, Ýewropanyň birnäçe ýurtlary ispan, italýan, öňki sowet döwletleri bolan rus, özbek, azerbaýjan,eston, ukrain, gruzin, gazak halk we nusgawy kompozitorlaryň sazlary
hödürlenýär.

Şeýlede bu meşhur saz guraly üçin nusgawy konsert meýilnamasy  bilen ýaş
gitaraçylary  taýýarlamak  we  olaryň
döredijilik dünýägaraýşyny ösdürmäge bolan 
başarnyklaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilmek ýaly öňe goýan maksatlary bar. 

Leýli Nasyrowa öz okuwçylary bilen ansambl ýerine ýetirýär 

Şol bir wagtyň özünde, kitabyň
ahyrlarynda  XX asyryň ortalarynda
Türkmenistanda gitara sungatynyň döremegi we ösmegine uly ýardam eden we 
aýratyn  oruna eýe  meşhur 
türkmen sazandalary barada hem maglumatlar  berilipdir.  Muňa mysal edip, meşhur türkmen halypa sazanda Täçmämmet Suhangulyýewiň nesil daragtyndan gaýtýan ilkinji professional
gitaraçy  Gurbangeldi  Altylyýewler, hem-de onuň inisi  Türkmenistanyň milli Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň estrada orkestriniň sazandasy,  Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazdurdy Altylyýew Moskwa aýdym-saz mekdebinde truba hünäri boýunça okap, soňrs  bolsa Gnesinler adyndaky  rus sazçylyk mekdebiniň  meşhur mugallymlary
ussat gitaraçylar A. Iwanow-Kramskoý we A.Frauçi synpynda gitara hünäri boýunça
tälim alyp başarnygyny ýokarlandyran,.ilkinji türkmen professional nusgawy gitaraçysy Yslam Babaýew we ony tamamlan şägirtleri:  Gurtgeldi Orazgeldýew, Waleriý Prişepa,
Tirkiş Pälwanow, Wladimir Popow, Muhammet Çaryýew, Walentin Kurbanow, Çary Goturow we şuňa meňzeş birnäçe meşhur we ussat gitaraçylar barada hem maglumatlar berilen.

Myrat Gurbanow we Tirkiş Pälwanow

Türkmenistanda nusgawy  gitaranyň öwrenmek üçin ýöredilýän okuw çagalar sazçylyk mekdeplerinde,  bäş ýyl, ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde bolsa 4 ýyl  dowam edýär. Kitapda her bir okuwçy üçin öz ukybyna görä aýratyn meýilnama düzülýär. Okuwçylaryň we talyplaryň çykyşlary her çärýekligiň ahyrynda tehniki we akademiki synaglary geçirilýär, okuw ýylynyň ahyrynda bolsa ýörite hasabat konserti berilýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň hem «Estrada sungaty» kafedrasynyň çäklerinde hem bu ugur boýunça bäş  ýyl okadylýar.
 Bu ýokary okuw jaýynda  her okuw ýylynyň ahyrynda Yslam Babaýewiň hatyrasyna nusgawy  gitara festiwaly geçirilýär, bu ýerde ýurduň çar  künjünde okap bilim alýan  ýaş gitaraçy sazandalar bolup geçýän  konsertlerde çykyş edýärler.
Ýakyn wagtda bu kitap  ýokary okuwymyz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasy bilen bir hatarda ýörite sazçylyk mekdeplerinde, hem-de
birnäçe sazçylyk mekdepleriniň okuw gollanma bolup hyzmat eder. Başgada bu okuw
kitaby döwlet kitaphanalarynda hem bolmagyna garaşylýar.

 

Myrat Gurbanow öz okuwçylary bile

Kuwwat ÝOWBASAROW
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk»
hünäriniň V ýyl talyby, ýaş alym

 




 

Gitara okuw kitaby 

 

59 |