8 minut alar
Kagyz Şäherjigi
Sen aýdymçy bolaýma? – diýip, daýzalaryň biri närazy sorady. Özüň-ä şolara meňzeýärsiň – diýende, hemmeler ony igenýändir öýtdi. Näme üçin seni, ala – böle seni gözýaşly edip çekdikä? – diýip, maňlaýy giň şekiljik giň ädimläp, şekiljikleriň märekesinden saýlandy. Ol gyz bilen deňleşdi-de, märekä tarap ýüzüni öwürdi. Ellerinem arkasynda gizläp, märekä hekgerilip seretdi. Bu onuň örän çynlakaý söze başalajak bolanda edýän hereketleridi. Ol: – Diýmek, bu ýerde, hormatly suratdaşlar, bir zad-a bar. Bir emmajygy bar bolmaly…