12 minut alar
Sekiz sany sazanda
Sekiz sany sazanda Hekaýa Titanik gämisinde heläk bolan sekiz sany sazandanyň obrazyndan täsirlenip ýazyldy we şo sazandalara bagyşlanýar (hekaýa) Gäminiň üstündäkiler üçin umman pikir ediş gerimiňe görä uzap gidýärdi. Bir göräýmäge, ony pursatsalymda ýüzüp geçäýjek ýalydyň, bir göräýmäge bolsa, ummany hiç haçanam ýüzüp gutaryp bolmaz diýen pikirlere berilýärdiň. Bu iki taraply duýgydy, şol sebäpdenem örän özüne çekijidi. Islendik ikitaraply zadyň gyzykly bolşy ýaly, bu duýgyny hem tanamaga, iň gowusy bolsa, başdan geçirmäge çalyşýardyň. Şol maksat…